Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Biwepa (hekaya)
Premium
 BAYOGUL [off]
 07.07.2024 / 21:22
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Ýüregim "bagyşla meni" diýip gygyrýär, ýöne meň dilim hiç zat gürläp bilenok. Daşarda ýagyş ýagýar, sen öz maşynyňy haýaljakdan sürýäň, ýol iki esse uzalan ýaly boldy. Men seň ýörüte gapdalyňa geçdim, birden seň gaharyň gelse, meni urup biler ýaly. Eger meni ursaň, belkide köşeşersiň? Eger maňa hiç zat diýmeseň, menden dynjak bolýandygyň alamaty. Barybir dynjak bolsaň, maňa öz gaharyňy we duýgularyňy harçlap durmarsyň-a? Bolan zatlarda seň hem günäň bar, sen maňa azajyk üns beren bolsadyň, belkem men gapdala seretmezdim? Meň bilen azajyk köpräk gürleşen bolsaň, maňa seň ýekeje pikiriň hem aýan däl. Ýöne indi kimde günä bardygnyň parhy näme diýsene? Men bar zady öz elim bilen ýykdym. Sen meň bilen indi näme edersiň, men bilesim gelýär? Meni alyp barýaň ýoluň biziň öýmüze barýar. Eger meni şu halda, atam-öýüme elten bolsaň, sen meni masgara ederdiň. Ýöne sen beýle edeňok, dogrymy aýtsam seň asla näme etjegiňi men bilemok, şondanam gorkýan. Seň dodaklaryňda doňyp galan ýylgyryş bar, has dogrusy ýylgyrşam däl, ýylgyrşyň bosagasy. Sen şeýle ýylgyryş bilen hem meni ol ýerden alyp gaýtdyň. Egni geýimli oglanlar höwes edip seň geleriňe garaşdylar, sen maňa bir zatlar edersiň öýütdiler, olara tomaşa gerekdi. Sen bolsa öýde gürleşeris diýdiň, meň pasportymy görkezdiň, we meni alyp çykdyň. Meň ýanymdaky oglana birjede seretmediň. Öz bäsdeşiň kimdigi bilen hem gyzyklanmadyň, belkide sen çynyň bilen maňa indi hiç hili duýgy harçlasyň gelýän däldir? Eger meni öldür ýaly uran bolsaň, men beýle kösenmezdim. Iň bärkisi seň kimdigiňi bilýän bolsam hem kösenmezdim. Seň bilen eýýäm 6 ýyl bäri ýaşaşýan, saňa başda duşamda diýsem begendim, sebäbi men ençeme ýyl ýalňyz gezipdim. Ýöne 6 ýylyň içinde men saňa birje ädim hem ýakynlaşmadym. Men seň ejeňi kakaňy tanamok, olar hamala ýok ýaly. Seň özüň hem olaryň ýanyna gideňok, meni äkideňok. Sende dogan garyndaş bar, jigi dogan bar, ýöne men olary göremok, seň özüň hem olary göreňok. Dogrymy aýtsam ilki başda seň şeýle häsýetiň bardygyny bilip men begendim, biziň maşgalamyza hiç kimiň täsiri degmez diýip begendim. Ýöne soň görüp otursam, öz ejesi kakasy bilen işi ýok adamyň, öz aýaly bilen hem işiniň bolmajagyna düşündim. Gygyrasym gelýä, sende iň bolmanda ýönekeý duýgulary oýarasym gelýär, meni hamala atuw jezasyna alyp barýan ýaly alyp gitmez ýaly. Belki ýekeje gezek öz nýetiňi aýdarsyň? Sözlerde bolmasa, hereketde öz gaharyňy görkezersiň?

—Men saňa öň hem biwepalyk etdim, —diýýän men, seň gaharyňy getirmek üçin.

Hawa, bu eýýäm üçin gezek, üçinji gezekde bar zadyň üsti açyldy. Boljak zatlaryň barsy bolanyndan soň, men saňa näçe gezek biwepalyk edenimiň parhy näme diýsene? Bagyşlamajak bolsaň birnem bagyşlamarsyň, bagyşlajak bolsaň meň eden etmişlerimiň barsyny hem bagyşlarsyň. Eger gitmeli bolsa, ähli zady aýan edip gideýin. Eger galmaly bolsa, goý soraglaryň barsy şu gün çözülsin, soň täzeden bir zatlar aýan bolup, ýene-de düşünşmeli bolmaz ýaly.

—Bilýän, —diýýäň sen, öz adaty we parahat sesiň bilen. Gözleriňi bolsa ýoldan aýraňok. Men bolsa eýýäm ýoly göremok, gözlerim ýaşdan gamaşdy. Näme üçindir seň eliňden tutjak bolýan, soň ukydan açylan ýaly öz pälimden dänýän. Ikimiz hem dymýas, hamala aýdar ýaly sözleriň barsy gutaran ýaly? Ýöne sözsiz hem ähli zat bir eýýäm düşnikli.

—Seň maňa öň iki gezek biwepaluk etdiň, —sen duýdansiz maňa ýüzlenýäň. Sen nireden bilýäň ony, kellede sorag ýaňlanýar. Men saňa öň biwepalyk edip ýetişmedim, men diňe oglan bilen öpüşdim we gujaklaşdym. Sen meni yzarlaýaňmy? —Men sorasym geldi, ýöne men seni edil şu wagt bir zatda aýyplap biljek däldim, şonuň üçin hem senden gönümel soramaly boldum:

—Sen bar zady bilýädiňmi? —Men soradym, öz sesime erk etjek boldum, ýöne başa barmady.

—Ýok, men hiç zat bilemok, —jogap berýäň sen, —şu güne çenli bilemokdym, diňe çaklaýardym. Seň bir ýylda iki gezek aýagyň döwüldi, mende şonda sen gezýän bolaýma diýip çakladym. Netijede çaklamalar dogry bolup çykdy.

Edil aýna ýaly dury ses bilen jogap berýäň. Hiç hili duýgusyz sesde. Seň sisiňde birjede gahar, ökünç ýa-da aýyplama ýok. Sen hamala maňa dälde, öz okuwçylaryňa ýüzlenýän ýaly gürleýäň?

Men aglamamy goýdum, meni eşden zadym haýran galdyrdy. Dogrudan hem men bir oglan bilen seýilgähde edil ýaş gyz ýaly bolup öpüşdim. Ol oglan biziň edaramyza täze işe gelipdi. Edil şol gün öýe gaýdyp gelýäkäm meň ýolda aýagym döwüldi. Ulagdan ters düşdüm, büdredim, ýykyldym, soň aýaga galyp bilmedim, aýagym iki ýerinden döwülipdi. Aýagym saralgy 3 aý öýde ýatmaly boldum. Aýagym bitinçä ol oglan eýýäm menden sowaşypdy, meň hem dogrymy aýtsam kelläm öz ýerine gelipdi. Yz ýany men ýene bir oglan bilen tanyş boldym, ol oglan meni bir ýerik çagyrdy, ol gezek hem biz diňe bir öpüşüpdik, ýöne şol gün hem meň aýagym döwülipdi. Ýene birinji gezek bolşy ýaly, meň aýagym 3 aý bitmeli boldy. Men ýene işe çykynçam, ol oglan bir ýerlere ýitrim bolupdy. Men bolan zatlara edil gözüm gapylan ýaly hiç hili üns bermedim. Indem welin meni üçinji gezek Hudaý tutdy. "Aýagyňy egri basdyňmy?" diýen sözleri, öň müň gezek eşden bolsam hem, diňe şu gün ol sözleriň manysyna düşündim. Men sesimi çykarmadym, epesli wagtlap sesimi çykarmadym. Ýene aglap başladym, ýene gözlerim gapyşdy. Daşarda bolsa dynman ýagyş ýagýardy, meň gapdalymda otyran oglanyň iň gowy görýän howasy, ony maňa öň özi aýdandyr öýdýäňizmi? Ýok, ol maňa hiç haçan hiç zat aýdanok, men oň ýüzündäki ýylgyrşyndan aňdym.

—Meni ejeň ýanyna alyp git, —diýdim men, göz ýaşlarym dymanyndan soň. —Meni ejeň bilen tanyş et, şu wagtyň özinde ejeňlere tarap öwürde meni ejeňe görkez. Sen hiç zat gürläňok, ýöne maşynyň ugryny hem üýtgedeňok.

14:54Biwepa

—Men seň ejeňi göresim gelýär, —men bir iki çatryk geçinçä garaşyp, soň gygyryp başladym. Ol çatryklaryň birinde ýoluny üýtgeder diýen umyt bardy, ýöne ýol üýtgänokdy. Dogrysy öz gaýnymlaryň nirede ýaşaýanyny men bilemokdym.

—Seni dünýä indiren aýaly göresim gelýär, meni göni şu wagt, şu durşuma ejeň ýanyna alyp git, eşidýäňmi? —Men ýene gygyrdym.

Sen eşidýäň, bar zady eşidýäň, seň hereketleriň ýaňky ýaly mylaýym däl. Sen tolgunýan bolmaly, eýýäm maşyny dolandyrşyň hem üýtgedi. Soňky 6 ýylyň içinde sen birinji gezek tolgunýaň. Men seni 6 ýyl bäri tanaýan, seň haçan ýatýanyňy we haçan turýanyňy bilýäň, seň bedeniň her bir santimetri maňa aýan, seň gowy görýän naharlaryňy men bilýän. Ýöne seň pikirleriň maňa düýbinden aýan däl. Sen bilen köçeden geçip barýan ýat adam, meň üçin des deň.

—Häziriň özünde maşyny saklada, meni ejeňlere alyp git, ýa-da meni düşür, —diýýän men iň soňky sözlerim bilen.

Sen maşyny saklaýaň, maňa seredeňok, seň gözleriň boşlygy synlaýar. Sen menden çala çyglap başlan gözleriňi gizleýäňmi, —men bilemok.

—Meň ejem ýok, ol ýogaldy, —diýýäň sen.

—Haçan ýogaldy?

—Üç ýyl bolup geçdi, —diýýärsiň sen.

Seň sesiň sandyraýar, men ellerim bilen agzymy ýumýan. —Toba, —diýýän men.

—Men seň bilen ýaşap ýören wagtym seň ejeň ýogaldymy? —Soraýan men. —Sen näme üçin maňa aýtmadyň? Bolýa, men hiç-le, ýöne seň özüň bir ejeňi jaýlama gitdiňmi? —Pikirlenýän men

Sen edil daş ýaly doňup dursyň, seň içiňde bir zatlar bolup geçýär, men seni ömrümde birinji gezek şeýle halda görýän. Duýgularyň seň daşyňa dyzaýar, ýöne sen olary gulplap saklaýaň. Seň boýnuňdan geçýän damarlar haýaljakdan titreýär. Seň durmuşyňda, seň ejeňe ýer ýok bolsa, onda men kim, seň üçin men kim? —Men sorasym gelýär. Seni gujaklasym gelýär, sebäbi seň öziň menden şony isleýäň, men duýýan. Ýöne saňa ýakynlaşmaga gorkýan. Sen nädip bu hala geldiň, näme üçin sen hiç kimi göresiň gelenok, näme üçin sende ýekejede dos-ýar ýok? Men seň bilen bile, bir ýerik aýlanmaga çykamda, hökman bir iki sany tanşyma gabat gelýän, ýöne seň ýekeje gezek birne gabat gelenim ýadymda ýok. Meni kakaň ýanyna alyp git diýjek bolýan men, ýöne ol adamdan ýaşynmalydygym ýadyma düşýär we barybir gürleşip bilmejegime gözüm ýetýär. Sen azajyk köşeşýäň we ýoly dowam edýäň.

—Sen indi meni näme edersiň, meni kowarsyňmy? —Men soraýan, özem gedemlik bilen soraýan. Özümiň bolsa kowulmajagyma gözüm ýetip dur. Beren soragmada jogap alaryn öýdemok. Men oň duýgularyny oýarasym gelýär, haýsam bolsa bir duýgularyny.

—Men hiç zat etmerin, men seni eýýäm bagyşladym. —Diýýärsiň sen we ýene seň dodaklaryňda çala göze ilýän ýylgyryş peýda bolýar.

—Bagyşladyň? —Men boşluga sorag berýän.

—Hawa, bagyşladym, ýöne meni diňle, indi seň bilen näme bolup geçsede, mende günä ýokdur. Maňa gargaýmagyn, —diýýärsiň sen.

Men welin oý pikire batýan, sen näme diýjek bolýaň? Näme bolsada mende günä ýokdur, maňa gargaýmagyn? Eýsem meň bilen näme bolmaly? Ýadyma düşýär, saňa baran ýylym öz häsýetimi görkezjek bolup seň bilen dawwalaşypdym. Şonda saňa 3 gün nahar bermändim, sen şonda meni birjede ýazgarmandyň, seň hatda keýpiň hem gaçmandy, sen şol günler edil şu wagtky ýaly ýagdaýyňdadyň, edil ýata suw ýaly parahatdyň we dodagyňda manysyz ýylgyryş bardy. Dördülenji gün bolsa meň çep gözüm kör bolupdy, men şonda aglap seň ýanyňa barypdym, biz şonda ýaraşypdyk. Gözüm öz özünden gapylypdy, we soň öz özinden açylypdy. Sen şonda hem maňa hiç zat diýmändiň, sen şu wagt hem maňa hiç zat diýeňok. Ertir irden bir gorkuly bir zat bolmalydy, meň ýüregim syzýardy. Ertir daňdan, gün dogmaka meň bilen gorkunç bir zatlar hökman bolmalydy. Her bir adam hökman birine öz arzyny aýtmaly, men öz arzymy ejeme aýdýan, aýal doganyma aýdýan. Sen-de bolsa arzyňy aýdara adam ýok, ýöne barybir biri seň arzyňy diňleýän bolmaly, men gijem bolsa diňe şu wagt bar zada düşünýän. Ýetimleriň arzyny kim diňleýär? Sen hem edil ýetim ýaly ýalňyz, ýöne sen meýletin ýetim, seň özüň ähli kişiden çetde durýaň, hiç kime özüňe golaýlaşdyrasyň gelenok. Senden çaga dogurmadygyma men şu wagt begenýän, ençeme ýyllar gynanýadym, ýöne edil şu pursat begenýän, gorkýan men saňa meňzejek çagadan. Iň ýaramaz ýeri bolsa, seň arzyňy diňleýän, meň gözümi gapmana ukyply, meň aýaklarymy döwmäge ukyply. Meň şu wagt eden işim üçin bolsa, oň näme etjegi belli däl, sen şony bilip çalaja ýylgyrýaň we maňa hiç zat diýeňok.

103

7

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 08.07.2024 / 09:43

+0

Men hiç zat etmerin, men seni eýýäm bagyşladym ola bolmady

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6

Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Şugün, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6

Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Şugün, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6

Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Şugün, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6

Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6

Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6

Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6

Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme

Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme

Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak

Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика