Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Penjireden giren aýal, (ene hakda)
Premium
 BAYOGUL [off]
 07.07.2024 / 21:40
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

—Men hoşlaşmaga geldim, —diýdi aýal.

Has dogrysy aýal däl, aýala meňzeş ýarym kölege. Ol kölegäň içinden penjireden düşýän aýyň şöhleleri parran geçip durdy. Şu gije näme üçindir penjire açyk galypdy. Arassa tötänlikmi, ýa-da kimdir birniň islegi? Ýöne penjire açyk galmadyk bolsa, ol ýerden hiç kim öýe girip bilmezdi.
Aýal edil asmandaky aý ýaly owadandy, hasratly ýaşalan durmuşyň hiç bir alamatlary oň ýüzünde ýokdy.

—Biz seň geljegiňi bilýärdik, —oglanjyk ol aýala jogap berdi.

Ol oglanjyk baky 13 ýaşynda-dy we edil aýal ýaly ýarym kölege ýagdaýda-dy. Oglanjyk krowatda ýatan adamyň döşüniň üstinde otyrdy we edil ýelek ýaly ýeňildi. Sebäbi ol adam her gezek dem alanda oglanjyk haýaljakdan ýokaryk göterilýärdi we dem daşyna çykanda aşaklaýardy. Oglanjyk şol ýatan adamy goraýardy.

—Men ony seň ýanyňa göýbermedim, —oglanjyk gürledi. —Onda günä ýok.

Oglanjygyň yzy bilen bolsa erkek adam şol sözleri samrady. Oglanjyk bilen ýatan adamyň sesleri tapawutlanýardy, ýöne barybir olaryň bir akymdandygyny duýsa bolýardy. Penjiräň öňünde duran aýal, gözlerini oglanjykdan ýatan adama geçirdi. Ýatan adam bilen aýalyň arasynda bir meňzeşlik bardy.

—Ol agladymy, —aýal sorady we krowada ýakynlaşjak boldy, ýöne bir ädim ädip saklandy. —Oň gözleri çiş, —diýdi aýal.

—Hawa, ol aglady, ýöne men däl. Oň ejizleýän wagtyny men ýigrenýän. Seň agyr ýatanyňy görüp ejizlemesin diýip men ony seň ýanyňa göýbermedim.

Oglanjyk jogap berdi. Oň jogabynda bir tüýsly gahar gazap eşdilýärdi.

—Sen näme üçin öziňi oň bilen aýratyn adam ýaly alyp barýaň, —aýal ýatan adama barmagyny bilen görkezip sorady. —Siziň ikiňiz şol bir zat bolmaly dälmi näme?

Oglanjyk aýalyň sözlerine syrtaryldy, oň ýylgyrşy möjek çagasynyň hyrlaşyny ýatlatdy.

—Bar zada seň özüň günäkär, —oglanjyk jogap berdi. Biziň ikä bölünmegimize seň özüň günäkär. Ýadyňa düşenokmy?

Aýal näme jogap berjegini bilmeýän ýaly alňysady, ol bir bada yzyna bakdy we açyk duran penjirä seretdi. Aýalyň bu otagdan çykyp gidesi gelýän bolmagy ähtimaldy?

—Görýäňmi ýagdaý nähili? —Şeýle sözler bilen oglanjyk erkek adamyň döşünden düşdi we aýalyň ýeňsesine geçip penjiräni ýapdy.

Aýal hamala gapdalyndan ot geçen ýaly gapdala süýşdi.

—Sen her gezek bize öz awuly sözleriňi aýdaňda biz örän gaty görýärdik, saňa öz hyýalymyzda gaýtawul berýärdik, diňe hyýalymyzda, saňa çyndanam gaýtawul bermäge biz hiç haçan milt etmezdik. Şeýdip şeýdip men döredim. Has dogrysy ilki başda men ýokdym, diňe ol bardy, —oglanjyk otagyň garaňky burçunda durup, ýatan erkegi barmagy bilen görkezdi. —Ýöne görýäňmi durmuş nähili geň zat eken, eger adam isleýän zadyny diýip bilmese, oň hyýaly şol zatlary diýip bilýän birni döredýän eken. Netijede biz iki sany bolduk, birimiz seni söýýär, başga birimiz bolsa seni ýigrenýän


02:33Penjireden giren aýal, (ene hakda)
—Men hoşlaşmaga geldim, —diýdi aýal.

Has dogrysy aýal däl, aýala meňzeş ýarym kölege. Ol kölegäň içinden penjireden düşýän aýyň şöhleleri parran geçip durdy. Şu gije näme üçindir penjire açyk galypdy. Arassa tötänlikmi, ýa-da kimdir birniň islegi? Ýöne penjire açyk galmadyk bolsa, ol ýerden hiç kim öýe girip bilmezdi.
Aýal edil asmandaky aý ýaly owadandy, hasratly ýaşalan durmuşyň hiç bir alamatlary oň ýüzünde ýokdy.

—Biz seň geljegiňi bilýärdik, —oglanjyk ol aýala jogap berdi.

Ol oglanjyk baky 13 ýaşynda-dy we edil aýal ýaly ýarym kölege ýagdaýda-dy. Oglanjyk krowatda ýatan adamyň döşüniň üstinde otyrdy we edil ýelek ýaly ýeňildi. Sebäbi ol adam her gezek dem alanda oglanjyk haýaljakdan ýokaryk göterilýärdi we dem daşyna çykanda aşaklaýardy. Oglanjyk şol ýatan adamy goraýardy.

—Men ony seň ýanyňa göýbermedim, —oglanjyk gürledi. —Onda günä ýok.

Oglanjygyň yzy bilen bolsa erkek adam şol sözleri samrady. Oglanjyk bilen ýatan adamyň sesleri tapawutlanýardy, ýöne barybir olaryň bir akymdandygyny duýsa bolýardy. Penjiräň öňünde duran aýal, gözlerini oglanjykdan ýatan adama geçirdi. Ýatan adam bilen aýalyň arasynda bir meňzeşlik bardy.

—Ol agladymy, —aýal sorady we krowada ýakynlaşjak boldy, ýöne bir ädim ädip saklandy. —Oň gözleri çiş, —diýdi aýal.

—Hawa, ol aglady, ýöne men däl. Oň ejizleýän wagtyny men ýigrenýän. Seň agyr ýatanyňy görüp ejizlemesin diýip men ony seň ýanyňa göýbermedim.

Oglanjyk jogap berdi. Oň jogabynda bir tüýsly gahar gazap eşdilýärdi.

—Sen näme üçin öziňi oň bilen aýratyn adam ýaly alyp barýaň, —aýal ýatan adama barmagyny bilen görkezip sorady. —Siziň ikiňiz şol bir zat bolmaly dälmi näme?

Oglanjyk aýalyň sözlerine syrtaryldy, oň ýylgyrşy möjek çagasynyň hyrlaşyny ýatlatdy.

—Bar zada seň özüň günäkär, —oglanjyk jogap berdi. Biziň ikä bölünmegimize seň özüň günäkär. Ýadyňa düşenokmy?

Aýal näme jogap berjegini bilmeýän ýaly alňysady, ol bir bada yzyna bakdy we açyk duran penjirä seretdi. Aýalyň bu otagdan çykyp gidesi gelýän bolmagy ähtimaldy?

—Görýäňmi ýagdaý nähili? —Şeýle sözler bilen oglanjyk erkek adamyň döşünden düşdi we aýalyň ýeňsesine geçip penjiräni ýapdy.

Aýal hamala gapdalyndan ot geçen ýaly gapdala süýşdi.

—Sen her gezek bize öz awuly sözleriňi aýdaňda biz örän gaty görýärdik, saňa öz hyýalymyzda gaýtawul berýärdik, diňe hyýalymyzda, saňa çyndanam gaýtawul bermäge biz hiç haçan milt etmezdik. Şeýdip şeýdip men döredim. Has dogrysy ilki başda men ýokdym, diňe ol bardy, —oglanjyk otagyň garaňky burçunda durup, ýatan erkegi barmagy bilen görkezdi. —Ýöne görýäňmi durmuş nähili geň zat eken, eger adam isleýän zadyny diýip bilmese, oň hyýaly şol zatlary diýip bilýän birni döredýän eken. Netijede biz iki sany bolduk, birimiz seni söýýär, başga birimiz bolsa seni ýigrenýär.

—Eger ol meni ýigrenmesini goýsa sen ýitrim bolarmyň? —Aýal oglanjykdan sorady.

—Ýok, men ýitrim bolmaryn, biz bileleşeris, ol öz özi bilen dawwalaşmasyny goýar. Sen näme, biz seni bir gijede bagyşlarys öýdýäňmi? Ol bagyşlasada men seni bagyşlamaryn.

Oglanjyk jogap berdi, oglanjygyň yzy bilen bolsa, krowatda ýatan erkek ähli sözleri gaýtalady. Ýöne oglanjygyň sözleri has dogumly eşdilýärdi.

—Bagyşlamaly bolarsyň, sebäbi biz indi bu dünýede duşuşmarys. Meň durmuş ýolum tamam boldy. Ertir irden siziň ikiňizem meň sowap galan bedenimi görmeli bolarsyňyz. Men bolsa başga bir ýerlerde, başga bir bedende täzeden dünýä inerin.

Aýal bu sözleri krowatda ýatan adama ýüzlenip aýtdy. Krowatda ýatan adam näme üçindir ol aýaldan uly görünýärdi. Aýal bar aýtjak zadyny aýdyp bolan ýaly bolsada otagdan çykmaga howluganokdy, ýöne näçe eglensede güniň ilkinji şöhleleri bilen aýal hökman gidäýmelidi.

Otagyň içinde erkekden başga ýene bir adam ýatyrdy, ol hem aýaldy. Bu otag är aýalyň otagydy. Olaryň ikisi hem parahat ýatyrdy, has dogrysy diňe aýal parahat ýatyrdy, oň ýoldaşy bolsa otagda bolýan zatlary öz düýşinde görýärdi. Ýöne düýşlerde köplenç bolşy ýaly edýän zatlaryny ölçäp deňäp bilenokdy.

—Bilýäňmi men nämä düşündim? —Aýal köp wagt dymanyndan soň hamala öz özi bilen gürleşýän ýaly başlady. —Biz bir durmuş ýaşamzok. Biziň barymyz müň gezek dogulýas we müň gezek ölýäs, her gezek täze bedende we täze ykbalda. Eger ýalňyşmasam sen geçen durmuşlaryň birinde öz ejeň bilen kakaňy Hudaýdan beýikde goýan bolmaly? Beýle etmek bolsa bolanok. Her bir adam ilki başda Hudaýy söýmeli, soň bolsa öz ene atasyny. Sen şol kanuny, öňki durmuşlaryň birinde bozan bolmaly? Şonuň üçin Hudaý seň bilen meni duşurdy. Şu durmuşda seň göwnüň öz ejeň bilen kakaňdan geçmelidi. Bu seň düşünmeli hakykadyň.

—Öňki ýaşan durmuşlarym meň ýadyma düşenok, —Oglanjyk jogap berdi.

—Bedeniň diri wagty ýadyňa düşmez, ine meň halyma düşersiň welin şol bada ýadyňa düşer. —Aýal jogap berdi we ýenede dowam etdi: —Seň ýenede bir düşünmeli zadyň bar. Sen menden aýdan sözlerim üçin gaty görýäň, meni bagyşlap bileňok, ýöne sen aýt, sen näme üçin gapdalyňda ýatan aýalyň ajy sözlerini şol bada bagyşlaýaň. Meň ajy sözlerimi meň ölünimden soň hem bagyşlap bileňok?

Oglanjyk krowadyň aňarky burjynda ýatan aýaly hamala ömründe birinji gezek görýän ýaly synlady. Ol aýalyň aýdan ajy sözlerini ýekeme ýeke ýatlajak boldy, soň penjireden giren aýalyň aýdan ajy sözlerini ýekeme ýeke ýatlajak boldy. Iň soňynda ýatladam, we ýatlan sözlerini deňeşdirip gördi. Nähili geň bolsada iki sany aýalyň aýdan sözleri des deň bolup çykdy. Ol aýallaryň ikisiniň hem agzyndan çykýan sözler oglany kemsidýärdi. Ýöne birje tapawut bilen, ol sözler wagt boýunça eýläk beýläk çekilendi.

—Sen ony bagyşladyň, meni bolsa bagyşlap bileňok, —aýal hamala boşluga ýüzlenýän ýaly haýaljakdan gaýtalady. Aýalyň sözlerinde azajyk öýke-kine eşdilýärdi.

—Eger seň diýýäniň dogry bolsa, eger Hudaý men bilen seni tötänden eje ogul edip duşurmadyk bolsa, sen aýt näme üçin men ýaly adam saňa duşdy? Sen geçen durmuşlarda näme günä etdiň? Seni öz ogluň taşlap gider ýaly? —Oglanjyk hamala gepi gapdala sowjak bolýan ýaly sorady.

—Entek bilemok, ýöne gelejekde hökman bilerin, ýaşalýan durmuşlaryň hiç birinde bolýan zatlaryň hiç biri tötänlik däl. Hudaý adamlary birek biregi ýuwsyn diýip duşurýar. Men seň ruhyňy ýuwdym, sen hem meň ruhymy. Sen aýalyň ruhyny ýuwdyň, aýalyň hem seň ruhyňy? Sen geçen durmuşlaryň birinde öz ejeň bilen kakaňa berk ýapyşan bolmaly, bu durmuşda bolsa sen ýeke galdyň. Belkem geçen durmuşlaryň birinde men öz oglum bilen çenden aşa buýsanandyryn, bu durmuşda bolsa seni maňa duşurdylar. Men entek özim barada köp zat bilemok, men sen barada köp zat bilýän. Sen şu durmuşyňda öz ýakyn adamlaryňy bagyşlamagy öwrenmeli. Şonyň üçin Hudaý seň ýoluňda şeýle aýaly goýdy, —penjireden giren aýal, krowatda ýatan aýaly görkezdi. Sen oň bilen bir söwüşýäň bir ýaraşýaň, ony köplenç bagyşlaýaň. Eger sen meni öz wagtynda edil şu aýaly bagyşlaýşyň ýaly bagyşlap bilen bolsaň, Hudaý seň ýoluňda başga bir aýaly goýardy. Seň çyndanam söýýän aýalyňy. Saňa bagyşlamagy öwretmek eýýäm gerek bolmazdy. Edil şu wagt bolsa, saňa şu ýatan aýal edil howa ýaly derkar, diňe şu aýal bilen ykbalyň birleşip, sen öz ýakyn adamlaryňy bagyşlamaga öwrendiň.

—Kim ol aýal? —Oglanjyk sorady. —ol aýaly nen söýemok, ol aýaly şol ýatan söýýär. —Oglanjyk krowatda ýatan adamy görkezdi.

—Sen ol aýalyň kimdigini menden gowy bilýäň, emma seň ykbalyň başga tarapa öwrüldi. Ýöne entek ýollar hem uzak. Biziň ikimiz entek müňlerçe gezek duşuşarys, biziň entek birek birege arzymyz barka, biz kän duşuşarys. Bar zady Hudaý çözýär…

—Men Hudaýa ynanamok, —oglanjyk oň sözlerini böldi.

—Hudaýa ynanmak üçin hem ýene bir gezek dünýä gelmeli bolarsyň. Belki seni Hudaýa ynandyrjak aýala duşarsyň?

—Sen bu ýerden git, —oglanjyk diýdi we penjiräni täzeden açdy. Penjiräň aňary tarapynda bolsa awgust aýy höküm sürýärdi.

Aýal jedelleşip durmady, ol eýýäm aýtjak sözleriniň baryny aýdypdy.

—Birje sorag bersem bolýarmy? —oglanjyk penjireden çykyp barýan aýala ýüzlendi.

Aýal hiç zat jogap bermän oglanjygyň ýüzüne soragly bakdy.

—Seň şu wagtky sypatyň maňa örän tanyş, ýöne men ýatlap bilemok. Seň sypatyňda bir üýtgeşiklik bar. Maňa degişli bir üýtgeşiklik bar. —Oglanjyk bit tüýsli umytly sorady, şu gezek oň sözlerinde öýke kine we gahar gazap ýok ýalydy.

Aýal ýylgyrdy we jogap berdi, dogrysy aýal geleni bäri birinji gezek ýylgyrypdy.

—Seň Kakaň meni ilkinji gezek görende men edil şeýle sypatdadym. Şol wagt sen hem meni ilkinji gezek görüpdiň. Sen özüň meni ýagty jahana inmek üçin saýladyň. Seň menden dogulmak islegiň, seň islegiň kakaňa söýgi duýgysy ýaly bolup göründi.

—Hiç zat ýadymda ýok, —oglanjyk jogap berdi.

—Adam ýady geň zat, —diýdi aýal, —dünýä inip bar zady unydýaň ekeniň. Ýöne dünýeden gaýdanyňdan soň, bar zady ýene täzeden ýatlaýan ekeniň. Saňa öň düşünip bilmeýän zatlaryňy düşündirýän ekenler, ýöne ýuwaş ýuwaşdan. Mysal üçin seň ykbalyňy näme üçin şu ýatan gyzyň ykbaly bilen çatanlaryny men diňe dünýeden gaýdyp düşündim. Sen meni bagyşlamaga öwrener ýaly bu gyz seň günde günde göwnüňe degdi, ony taşlap gitjek bolup sen näçe gezek oýlandyň? Näçe gezek taşladyň we ýene yzyňa dolanyp geldiň. Soň şol gyzda aýallaryň baryny bagyşlamaga öwrendiň—Aýal ýylgyrdy we krowatda ýatan gyza seretdi.

—Gyzyň bize näme üçin duşanyna biz düşündik, sen eýýäm ony aýytdyk. Ýöne neme üçin biz oňa duşanmyza biz entek düşünemzok, —Oglanjyk sorady. —Seň ýaňja siz birek biregi ýuwýaňyz diýdiň.

—Örän dogry, —diýdi aýal. —Edil seni bu gyzyň ýuwşy ýaly, sen hem ony ýuwýaň. By gyz ýaş wagty öz kakasyna diýseň buýsanýardy. Kakasynyň abraýyna, jemgiýetdäki ornyna we pähim paýhasyna. Dünýede kakasyna taý geljek adam ýok diýip hasap edýärdi. Beýle etmek welin ýalňyş. Adamlaryň bary deň, olaryň gowsy erbedi ýok. Onsoň Hudaý bu gyzy düzetmek üçin seň bilen çatdy. Sen oň kakasynyň gapma-garşysy. Şeýdip Hudaý bu gyzdaky deň agramlygy saklaýar. Hemme erkekleriň deňdigini düşündirjek bolýar.

—Dünýede hiç kim birek birege tötänden duşanok diýsene? —Krowatdaky ýatan oglan gürledi ýa-da samrady.

Oň sözlerine gapdalynda ýatan aýal oýandy we öz ýoldaşynyň üstini ýapdy we täzeden uka gitdi. Penjireden giren aýal edil girşi ýaly çykyp ötä gitdi. Baky 13 ýaşly oglanjyk bolsa ýene täzeden öz eýesiniň döşüne mündi we ýywaşlykdan ýokaryk aşak hereket etmesini dowam etdi.

Soňy


85

7

2

3

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 07.07.2024 / 21:41

+0

Mlds

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 08.07.2024 / 09:37

+0

okap erbet bolup gitdim((

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Şugün, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Şugün, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Şugün, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика