Hytaýda 10 sany dünýä rekordyny täzelän deňiz gara ýoly açyldy
Premium BAYOGUL [on] 07.07.2024 / 21:49
Hytaýyň günorta-gündogarynda birbada on sany dünýä rekordyny täzelän ägirt uly awtoulag binasy açyldy. Ýedi ýyla çeken gurluşyk işlerinden soňra deňizara ugry boýunça ulag hereketi ýola goýuldy diýip, «Ren.tv» ýazýar.
Uzynlygy 24 kilometr bolan täze ýol iki şäheri birikdirip, iki sany köprüni, iki emeli adany we suwasty ötügi özüne jemleýän bitewi ulgamdyr.
Bu dünýäde ilkinji ýokary tizlikli awtoýoluň arasyndaky deňizasty zynjyrdyr. Ýol sekiz zolakdan durýar, olarda sagatda 100 kilometr tizlikde hereket etmek bolýar. Bu bolsa, ýoly geçmek üçin wagty azyndan bir ýarym sagat azaltmaga mümkinçilik berýär.