Britaniýada pingwin toýda öýlenýän ýigidiň dosty boldy
Premium BAYOGUL [1s] 07.07.2024 / 21:57
Britaniýada täsin toý boldy, ýagny toýda öýlenýän ýigide pingwin mysaýyplyk etdi. Munuň sebäbi öýlenýän ýigit pingwinleri halaýan gelinligine garaşylmadyk sowgat etmek isledi. Bu barada CNN täzelikler saýtyna salgylanýan «vfokuse.mail.ru» habar berdi.
Gelinligi sowgat bilen begendirmek üçin ilki ýüzük dakyşlyk dabarasyna ýigidiň dostlarynyň biri geldi, ol «Ýüzügi unudypdyryn» diýip, alyp gelmek bahanasy bilen gitdi, emma onuň ýerine Wijit atly hakyky pingwin dolanyp geldi. Toý dabarasynda ünsüni sowmaz ýaly, Wijidiň ýanynda içi balykly bedre goýdular. Gelinlige täsin sowgat diýseň ýarady.
Wijidiň ýanynda ýene iki pingwin hem bardy, olar toýda hezil edinip naharlandylar, aýlandylar. Myhmanlar bilen ýadygärlik surata düşdüler. Ýigit pingiwinleri kärendesine almak üçin 2500 dollar sarp etdi.