Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Her yalanın bir doğruluk payı var derler. Biliyorum, Biraz da olsa sevmiş olmalısın beni...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Söhbet Döwletow "Men ölsem..."
 Öwreniji
 Sohbet_Dowletow [off]
 14.07.2024 / 08:20
 .

Men ölsem, yzymda bagryny daglap,
Çyn aglajak ynsan - olam ejemdir.
Ömrüň haçan soňlanjagy belli däl,
Belki, şol ömrümiň ýarsy geçendir.

Men ölsem, gara ýer dolmazam welin,
Yzymda at goýsam ölenme deger.
Iň bolmanda bir zat başardygym bor,
Ýeke ýagşylykda ýatlansam eger.

Men ölsem, guramaz gyzyl bägüller,
Emma solar, göwnümdäki bir gülüm.
Gyzyl bägülleri guratmasa-da,
Iň esasy güli soldurýar, ölüm.

Söhbet DÖWLETOW.
10.07.2024ý.


210

21

5

5

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 14.07.2024 / 15:02

+0

berekella gowy ekeni.ölümden başga temadakylaryňada garaşyas

 Täzeje
 Agzamen [off]
 14.07.2024 / 15:11

+0

Söz bilen oýun etme. Ýeri geler nyşana dogry geler...

 Täzeje
 Boniya [off]
 14.07.2024 / 18:20

+0

Ölüm örän gorkunç söz meniň üçinä, ölen soň garaňkylyk baky garaňkylyk


Täzeje
 (14.07.2024 / 18:22) 

Boniya, baky garaňkylyk?


Täzeje
Boniya  (14.07.2024 / 18:24) 

Agzamen, hawa häzir ýaşaýarkaň dünýä reňkli , gözleriň ýumulan soň boldy garaňkylyk


Täzeje
 (14.07.2024 / 18:25) 

Boniya, näme aňra gidenler bilen ýa mazardakylar bilen gürleşip gördüňmi


Täzeje
Boniya  (14.07.2024 / 18:26) 

Agzamen, gürleşmeseňem gaýdyp gelmeýänlerinden bilibermeli, ýa bir zatlar bardyr öýdýäňmi?


Täzeje
 (14.07.2024 / 18:30) 

Boniya, sen atesitmiň


Täzeje
 (14.07.2024 / 18:30) 

Boniya, *ateistmiň


Täzeje
Boniya  (14.07.2024 / 18:31) 

Agzamen, toba diý men musluman


Täzeje
 (14.07.2024 / 18:32) 

Boniya, musulman bolup aňyrda hiç zat ýok gidenler yzyna gelenok diýýäň dogan. Musulman kişiniň aýtjak sözleri däl bular. Gowsy istigfar etde imanyňy täzele


Täzeje
Boniya  (14.07.2024 / 18:34) 

Agzamen, gidenler yzyna gelýärmi?


Täzeje
 (14.07.2024 / 18:37) 

Boniya, gidenleriň yzyna gelmejegi aýdylan we musulman bolsaň senem oňa iman etdiň (panydan bakyýete göç etmegiň hakdygyna we bu synag dünýäsinde synagyny tamamlanlaryň yzyna gelinmeýänligine).

Indi näme üçin gidenler yzyna gelenok ölümden soň hiç zat ýok garaňkylyk diýýäň?


Täzeje
Boniya  (14.07.2024 / 18:41) 

Agzamen, bu meniň kellämdäki pikirler , men aňyrky dünýäni göz öňüme getirip bilemok , jenneti ýada cehennemi okan kitaplarymdan fantaziýama getirýän , emma meniň üçin şuwagt ölümden soňky ýagdaý belirsizlik nämä garaşjakdygymy bilemok , şonuň üçin garaňkylyga meňzetdim


Täzeje
Boniya  (14.07.2024 / 18:42) 

Agzamen, men beýle pikir ediljegini düýbünden bilmändirin


Täzeje
 (14.07.2024 / 18:50) 

Boniya, nähili pikir?


Premium
PeRMaN  (19.07.2024 / 10:09) 

Boniya, Aňyrky dünýä gidip gelen bardyr...


Täzeje
Boniya  (19.07.2024 / 13:15) 

PeRMaN, gidensoň gelýän däldirler

 Täzeje
 Мерет [off]
 19.07.2024 / 00:24

+0

Gowy cykypdyr Galamyn yiti bolsyn!
Azajyk shadyyanrak, goryanmi yokarky teswirdaki jaloblary
Shadyyanrak shahyrlar shadyyanrak

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 19.07.2024 / 07:25

+0

Galamyn ujy yiti bolsun diyen bilup hoplap yazyanlaram kop ekeni?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Menem kem galmayyn


Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Gulmahrem (Şugün, 11:57)

Ajy ýylgyryş


mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Diamante (Şugün, 11:08)

Yone gyzyklanyan


yone oykelek dal şonyma gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:04)

Yone gyzyklanyan


yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:03)

Yone gyzyklanyan


Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Gunesh (Şugün, 10:49)

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика