“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Ejemin "kellan nirde" diyen soragyna, jogabymsyn sen.. #Xuliganka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Iň agyr günä / esse
 Täzeje
 Relax [off]
 20.01.2024 / 14:26
  Akyl işledilýän ýere, güýç işletme

Iň agyr günä / esse

Eger googl-dan ýaltanman, musulman dininde iň agyr günä näme diýip sorasaňyz. Google size iň agyr günä "köphudaýylyk" diýip jogap berer. Hudaý bilen deň-hatarda başga hudaýlaryň bardygyna ynanmak. Eýsem şeýle günä näme üçin iň agyr hasap edilýär? Mysal üçin aýdaly Hudaýyň asla bardygyna ynanmazlyk, ýa-da çagany öldürmek, ýa-da beýik urşlary turuzmak, adam baryny gyrmak. Bularyň hiç biri agyr günä hasaplananok-da, gel gel köp-hudaýylyk agyr hasaplanylar. Käbir adamlaryň şu ýerde, kellesine ters pikirleriň gelmegi mümkin, hamala Hudaýy birine deňeseň, Ol gaharlanýan ýaly, emma bu diňe adamlaryň ýagdaýa baha berip bilşi. Hakykatda bolsa bar zat şeýleräk: Köp hudaýa ynanýan adam, ilki bilen özine zyýan ýetirýär we oň dünýägaraýşy, ony dowzahdan çykmaz ýaly edýär. Biziň ählimiz irde giçde öz Ýaradyjymyz bilen duşuşmaly, eger Hudaýa ynanmaýan adam (ateist), Hudaý bilen sataşsa, oň ýüreginde Hudaýa bolan ynam döremegi mümkin, sebäbi ol, öň beýle Beýik Güýç bilen sataşyp görmändi. Ýöne köp hudaýa ynanýan adam, Hudaý bilen sataşsa, oň kellesine geläýjek zat, musulmanlaryň hudaýy adamlary basyp aldy, çyzykdan çykdy we bikanun suda başlady. Ýöne, bir ýerlerde biziň hem hudaýymyz (şiwa, ýehuwa, Ysa pygamber, Aly şahymerda) bolmaly, we ol häzir biziň dadymyza hökman ýeter. Elbetde şeýle adam, musulmanlaryň Allah diýýän Hudaýyndan hiç zat (rehimdarlyk) sorap durmaz. Hristýanlar ahyrýetde tutuş adamzady Isa Pygamber sud eder diýip ynanýarlar. Şaý musulmanlar bolsa, ahyrýetde Hezreti Aly şahymerdan olaryň sudýasy bolar öýdýärler. Netijede şeýle dünýägaraýyşly ölen, we kyýamatda direlen adamlar, Hudaýdaý rehimdarlyk diläp bilenoklar, olar ýene köne endige görä, şol öňki hudaýlaryndan diläp başlaýarlar. Garaz köp-hudaýlyk, ýa-da Hudaýyň hökmürowanlygyny ýene birne ýazmak ýaly hereketler, adamyň özini gapana düşürýär, bu ýerde Hudaýyň edýän işi ýok. Adam öz ýoluny özi saýlady we hakykatdan hem iş çözýän Güýçden hiç zat dilemedi.

Biziň döwrümizde ýaşaýan adamlar üçin ýene bir gorkuly dünýägaraýyş bar we şol dünýägaraýyş diňe kyýamatda öz hasylny bermeli. Telewidenýede we başga mas-mediýada ýaýradylýan, başga planetadan gelen, basypaljylar baradaky dürli maglumatlar we ideýalar, ýöne ýere ulanylanok. Asmandan basyp aljylaryň irde giçde geljegine berk ynanýan adam, kyýamatda gözlerini açyp, asmandan Allahyň we Perişdeleriň inip gelýänini görse, oň iň birinji pikir etjek zady kosmosdan biri bizi basyp almaga geldi we Ol hökman bize duşman bolmaly? Şeýle pikirli adamlardan hiç biri, Hudaýdan öz günäleriniň geçilmegini soramazlar, asla Hudaýa Hudaýdyram öýtmezler. Köp-hudaýylygyň eltýän netijeleri şeýleräk, onsoňam Hudaý ýöne ýere "siziň öziňiz öz göwnüňize degdiňiz" diýenok.


P/S: Ömrüne Namaz okaýan adamlaryň kyýamat güni iň birinji edäýjek hereketleri, Hudaýy gören batlaryna ýere ýykylyp oňa tagzym edip başlamak, sebäbi entek dirilikde ençeme gezek gaýtalanan hereketler, adamyň ruhuna siňip gidýär, kyýamatda bolsa biziň ruhymyz çykyş etmeli bolýar.

Rahman Zulfikarow


114

11

5

1

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 20.01.2024 / 15:02

+0

şu mowzuga o saýtdada jogap beripdim günäň känliginde azlygynda däl mesele iň uly günä 5 wagt namaz okamazlyk

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 20.01.2024 / 15:04

+0

bir erkek adam mollaň ýanyna barypdyr, mollam men şeýle bir günä etdim nädip toba etsem bolar diýip. Mollada 5 wagt namazyňy okamadyňmy diýipdir? Onda ol adam zyna etdim ondanam çaga dogdy onam hiç kim bilmesin diýip etinden gutap bişirip adamlara paýladym diýse, molla men 5 wagt namazyňy okan dälsiň öýtdüm diýipdir.


Gerekli
Dreamfull  (20.01.2024 / 16:40) 

Arzuw, Gaty gen hic yerde okamandym beyle zady


Täzeje
 (20.01.2024 / 23:42) 

Arzuw, ýalňyşyrak bolaýmasynow şula... bir hili 5 wagt namaz okap her edeniň edibermeli diýen ýalyrak ündew berip duran ýaly


Özümiziňki
Arzuw  (21.01.2024 / 01:01) 

paradox, olar ýaly däl

 Özümiziňki
 Perman [off]
 21.01.2024 / 02:04

+0

BELLIK: Harp ýalñyşlyklaryñy düzet...(Asyl aýdylyşy şol bolsa onda bilmedim)
Netijede şeýle dünýägaraýyşly ölen, we kyýamatda direlen adamlar, Hudaýdaý rehimdarlyk diläp bilenoklar,
Hudaýdan

 Özümiziňki
 Perman [off]
 21.01.2024 / 02:06

+0

okap barýarkam ýene bir ýalñyşyñ bar ýalydy emma ikinji okanymda gözime ilmedi...

 Özümiziňki
 Perman [off]
 21.01.2024 / 02:07

+0

Ony belläp geçmegimiñ sebäbi bolsa, biziñkileriñ köpüsi makalalary kopialap başga ýerlerde (şo durşyna) paýlaşýan ekenler...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

ÖZIME NEKROLOG


Adamlaryň köpüsi ýaşaýşymyzyň many-mazmunyna nädogry düşünýär. Näme üçin ýaşaýarlar we näme gazanyp gitmeli, ömrüniň baş maksadynyň nämedigi hakd...dowamy...
Erkin mowzuklar | ÖZIME NEKROLOG
Kapiro (16.04.2026 / 23:07)

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


Başga ýurtlarda üýtgeýändir, ýöne bizde ilatyň 50-60 % di internediň nämedignem bilenok dogrusy, sebäbi internet gymmat we gowy işlänok. Şul aýda...dowamy...

ÖZIME NEKROLOG


Eger setirleriň arasyndan okamaly bolsa, saýty taşlap gitjek diýen many görünýär... Ýöne bu hakykata näçe % ýakyn? Aslynda syr alyp berişmeklik...dowamy...
Erkin mowzuklar | ÖZIME NEKROLOG
Fantom (16.04.2026 / 16:38)

Bilmezmiñ


Anyk Magtumgulyn gosgusymy su...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilmezmiñ
Vector_Pro (16.04.2026 / 11:13)

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


Fantom aga gelip "kiçijik burnuñy uly işlere sokýañ" diýip gaharlanmagam ahmal -_+...dowamy...

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


Bu ýazylanlaryñ esasy aýtjak bolýan zady dünýäde “erkin internet” döwrüniň ýuwaş, ýuwaş azalyp, gutarmagyny görkezýär. Köp ýerler internet giňi...dowamy...

Gadrymy bilmediň sen


Düzetmeli ýerleri bar)) Vector pro...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gadrymy bilmediň sen
Daniel (15.04.2026 / 10:28)

Yslamabatda ABŞ we Eýran gepleşikleri başlanýar. Näme mälim?


Bu taydada şu gürrüňmi .......dowamy...

Bilmezmiñ


birinjy gezek okap görýän şahyryň şu goşgysyny....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilmezmiñ
Fantom (14.04.2026 / 20:22)

Gadrymy bilmediň sen


Ozuniz duzdunizmi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gadrymy bilmediň sen
Princessa04 (12.04.2026 / 14:37)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->