Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmuşda iň gymmat zat näme?
 Täzeje
 Relax [off]
 20.01.2024 / 14:29
  Akyl işledilýän ýere, güýç işletme

Her bir adama şeýle sorag berseň, jogaplar hökman dürli-dürli bolaýmaly. Aýal-gyzlar üçin, köplenç iň gymmat zat çaga we maşgala durmuşy. Erkekler üçin wezipe, pul, hökmürowanlyk we at-abraý bolup biler. Gymmatlyklar her bir adam üçin dürli-dürli bolýar, eýsem gymmatlyklaryň haýsy biri dogry? Mysal üçin, zenan üçin iň gymmat zat pul bolsa, şeýle adam pul gazanmak üçin, öz tenini satmakdan we başga beter zatlardan hem gaýdanok. Ondan beter näme bolup biler diýseňiz? Göwreli aýallaryň öz çagalaryny türkde doguryp, satyp gaýdýanlaryny köp eşdipdim. Puly iň wajyp zada öwüren adamlaryň hereketleri şeýle bolýar, emma gymmatlyklaryň ählisi, diňe bir maddy baýlyk bilen tamamlananok. Maddy däl gymmytlyklar hem az däl, aýdaly iň wajyp zat ylym we bilim diýip hasap edýän adamlar hem bar bolmaly? Dogrymy aýtsam, olaryň durmuşdan nähili awunýanlaryny men bilemok, ýöne ters gymmatlyklar basgançagy bolan islendik adam, hökman durmuşda awunýar. Awunmaz ýaly, durmuşda islendik adam üçin, iň birinji we gymmat zat Hudaý bolmaly. Bu meň sözlerim däl, bu Sergeý Lazerýewiň sapaklary we men şol adam bilen bütinleýin ylalaşýan. Hudaýy öz durmuşynda iň gymmat zat diýip hasap edýän adam üçin, bu durmuşyň hiç bir nogsanlyklary gorkuly däl. Mysal üçin aýdaly, käbir adam üçin iň wajyp zat oň aýaly bolsa, we aýaly oňa biwepalyk etse, ýa-da taşlap gitsen, ýa-da ýogalsa, şeýle adam öz durmuşynyň manysyny ýitirýär, durmuşy sönen ýaly bolýar, ýaşasy gelenok, ykbaldan we Hudaýdan nägile bolýar. Sebäbi durmuşynda iň wajyp zadyny ýitirdi. Eger adam üçin iň wajyp zat ilki bilen Hudaý bolsa, we başga (gymmatlyklar) zatlar 2-nji we 3-nji ýerde bolsa, şeýle adam durmuşda ähli zadyny ýitirsede, hiç haçan ruhdan düşenok. Iň esasy gymmatlyk ýerinde dur dämi? Galan zat Ondan wajyp bolup bilemez. Şu ýerde Beýik Ýaradyjyň hem, ýagdaýa görä bir gowy häsýeti bar. Haýsy adam öz gymmatlyklar basgançagynda, Hudaýdan ýokary başga bir zady goýsa, şol zady Hudaý ol adamdan alýar. Hudaýdan soň goýulan islendik zady, Hudaý şol adama berýär. Elbetde Hudaý bu zatlary gabanjaňlykdan edenok. Bu zatlary ajy bolsun, süýji bolsun, diňe kyýamat günu öz hasylny bermeli.
Adam nämäni durmuşda wajyp diýip hasap etse, şol zada adamyň ruhy ýelmeşýär, ýüregi ýelmeşýär, başgaça aýdaňda kalby ýelmeşýär. Mysal üçin dumuşda iň wajyp zat pul diýen pikir bilen, "ol dünýä" ugramakdan erbet zat ýok. Her bir adam, durmuşda iň wajyp zat Hudaý diýen pikir bilen iň soňky ýola düşmeli, Hudaýyň hem maksady şol. Şol sebäpden hem, entek şu dünýede, adamlaryň döwülen ruhlaryny Hudaý bejerýär we dogry gymmatlyklary ýüregine guýýar. Eger durmuşda iň wajyp zat, öz söýen gyzyň bilen durmuş gurmak bolsa, owadan gyzlara ýeňil aşyk bolýan bolsaň. Sen hökman bir jelep gyza öýlenýäň we durmuşyň soňuna çenli, gyz diýen zatdan çetde durar ýaly bolýaň. Bu çäreler seň ýüregiň gyz diýen zada ýapyşmaz ýaly amala aşyrylýar. Biziň maňlaýmyzda nämeleriň ýazylandygy belli däl, gelejek bizden ýapyk. Her bir adam öz durmuşyndaky islendik zady, häziriň özinde tabşyrmaga taýyn bolmaly. Ertir biz näme ýitirmeli boljagymyz belli däl, köpler pulyny ýitirýär, ene atasyny, wezipesini, jan saglygyny, öz çagalaryny ýitirinäýler hem bar. Hudaý bizden nämäni alsa, biziň içki dünýämizde hiç bir zat sarsmaly däl.
Ýokarda aýdylşy ýaly, baýlyklaryň ählisi maddy däl. Mysal üçin ýaňy ýakynda bir tanş aýal, öz janyna kast etdi we 4 çagany ýetim goýup gitdi. Wagtyň geçmegi bilen ol aýala, oň ýoldaşy azar berýändigini bilindi. Aýalyň ýoldaşy, ony urýan eken, aç saklaýan eken, garaz köseýän eken. Ýöne nähili agyr günde ýaşasada, ol aýal hiç kime öz derdini aýdyp bilmän, iň soňundan öz janyna kast etmeli bolýar. Eýsem bu ýagdaýa nähili düşünmeli? Edil şu wagt men öz aýalymy urup urmakam ejelerine gitjegini bilýän, sebäbi meň aýalym üçin iň wajyp zat oň ýanýoldaşy (men) däl. Öz janyna kast eden aýal üçin bolsa, iň wajyp zat maşgala durmuşy, öz ýoldaşy bolmaly? Özem wajyplyk boýunça Hudaýdan hem öňe geçen bolmaly.

Eger adam haýsy bir zady, öz durmuşynyň manysyna öwürse, şol zat (Hudaý tarapyn) adamyň göwnüne degip başlaýar, adam şol zatdan geçer ýaly derejede. Ýöne bejergi kömek etmese, şeýle adam janyny tabşyrmaly bolýar, sebäbi adamyň ruhy gün günden ters düşünje bilen hapalanýar. Uzak ýaşap hapa ýürek bilen Hudaýyň ýanyna baranyňdan, az ýaşap arassa ýürek bilek Hudaýyň ýanyna baranyň gowy.
Öz ene-atasy üçin durmuşyň manysyna öwrlen çaga, hökman doňuz bolup ýetişýär, ene ataň ýüregi ondan sowar ýaly. "Pristiž" diýen zady durmuşyň manysyna öwren adamlar, neşekeşe öwrülýärler, il içinde abraýdan düşer ýaly. Garaz ters gymmatlyklar basgançagy bilen bagly mysallar diýseň kän. Hudaýyň aýdyşy ýaly: Ol dünýäni soran adama, ol dünýänem bererin, şu dünýänem bererin. Diňe şu dünýäni soran adama, şu dünýänem bermerin, ol dünýänem bermerin.

Rahman Zulfikarow


155

17

4

3

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Dreamfull [off]
 20.01.2024 / 16:42

+0

Hudaýyň aýdyşy ýaly: Ol dünýäni soran adama, ol dünýänem bererin, şu dünýänem bererin. Diňe şu dünýäni soran adama, şu dünýänem bermerin, ol dünýänem bermerin.

Bu diyildigi hic hacan bu yalanca aldanma diydigi bolemika?


Premium
PeRMaN  (20.01.2024 / 21:58) 

Dreamfull, howwa, şol şo

 Betinden
 rexha [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 24.04.2024 / 13:05

+0

👍👍👍👍👍👍

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 24.04.2024 / 13:12

+0

Gymmatlyklar basgançagy bolmaly mowzugyň ady

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 01.05.2024 / 18:10

+0

Gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)

At yazmak


Emir ,Nesibe,Soltan,Rahman&Rahym,Seyran ,Mukam,Nâzli,Arzuw.....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Heartbeat (Şugün, 06:46)

At yazmak


😏 kim menin yuregimin eyesi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
MEGAFON (Şugün, 03:26)

At yazmak


Moral aymyrat sohbet gunca lacyn...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Domen (Şugün, 02:52)

Gideliň bäri


Ustinlik hemran bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gideliň bäri
@menin_dunyam (Düýn, 23:28)

At yazmak


Allanur Kalbynur...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
@menin_dunyam (Düýn, 23:26)

At yazmak


Ykbal, Ayna, Ay, Älem, Jahan Hemra, Yakup, Arslan we şm...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Diamante (Düýn, 23:13)

At yazmak


Alihan bn Mahrem...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Maxrim_mv (Düýn, 22:51)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика