Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Biwepa köp eken (4-nji bölüm)
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 23.07.2024 / 17:31
 Ýüregini ýazyp ýören ýazyjy

Biwepa köp eken (4-nji bölüm)

Söýgüşiler güni

Eliň gülli nirä barýaň?
Aljyraýaň hem tolgunýaň
Söýgüliler güni bu gün ,
Şony bilmän nirde bolýaň?

Wah ýadyma düşmämdir,
Söýgüliň jan garaşýandyr.
Ol seni küýseýär bu gün ,
Bar belki içiň gysýandyr.

Söýgüliler gününde,
Aýdym aýdalyň.
Şol ýara, aýdymmyzy,
Sowgat edeliň.

Şu aýdymy diňläp Meret şadyýanlyk bilen mekdebe barýardy. Ol bu gün adatdakylardan hem görmegeý görünmäge çalyşdy. Akja köýnegi bir kemsiz ütüklije , garaja kastýum balagy täze ýalydy. Saçyny ýörüte salona girip  daratmasada , özbaşdak saçyny owadan darajak bolup aýnaň öňünde esli wagt eglendi. Täze alan gymmatbaha atyryndan gysganman sepindi. Bu gün onuň üçin örän üýtgeşik günleriň biridi. Sebäbi bu gün söýgüliler günidi. Söýgülisi ýoklar üçin bu gün adaty bir gün bolmagy mümkin , ýöne onuň üçin beýle däldi . Çünki onuň söýgülisi bardy. Ol söýgülisiniň ýanyna barmana howlugyp , tolgunyp barýardy . Şol söýýän gyzy Mährime sowgadyny ýatdan çykarmady. Onuň sowgady 100 manat pul bilen , gyzylja bägüldi. Hatda ol öten agşam ýörüte Mährime bagyşlap goşgy hem düzüpdi. Ol goşgusyny hem sowgatlarynyň arasyna goşdy.Merediň pikiriçe dünýäde puldan gowy sowgat ýokdy. Sebäbi pul bilen köp zatlary satyn alyp bolýar. Ol puly Mährime uzadyp :
-Ine şuňa islän zadyňy al- diýmekçidi.Ine-de Meret mekdebe geldi. Mekdebe geleninde Merediň klasdaş oglanlary BAYOGULYŇ daşynda üýşüşip durdular. Meret hem olaryň ýanyna baryp seretse BAÝOGUL  halaýan gyzyna alan sowgadyny , soňky model , özi üçin köne beýlekiler üçin täze Iphone telefony hemmelere güjeňläp görkezip durdy. Ony görüp Merediň bada-bat sussy basyldy. Ol klasdaşlary bilen salamlaşyp bir çetde ýylgyrjyrap duruberdi. Howwa hakykatdanam ýüz manat şol telefonyň ýanynda juda az pul. Ýöne Meret şol puly gazanmak üçin 4-5 günläp günüň aşagynda pagta ýygyp zordan üýşürip ýüz manada ýetiripdi. Jaň kakylyp birinji sapaga girilende bolsa BAÝOGUL sowgadyny hemmelere göz edip Aýnabada gowşurdy. Muny görüp käbir oglanlar söýýän gyzyna şeýle sowgat alyp bilmeýänine , käbir gyzlar bolsa özlerine şeýle sowgat edilmeýänine kemsindiler. Käbirleri bolsa ony içinde saklap bilmän daşyna çykardy:
-Gyran degen , biz-ä şeýdip sowgat edýänem ýok
-Şony aýtsana
Bu ýerde esasanam Anamalianyň  içi ot bilen ýalyndy. Ol öz halaýan oglanynyň başga birine sowgat berýänine içi ýanýardy. Aslynda ol kim baý bolsa şony halaýardy. Emma etli ganly bolansoň klasynda " çişik " lakamyny alan Selbi 05 göwni giň , päli pesdi. Ol:
-Menä-rä şu wagt ýüreginden çykaryp ýandak sowgat etselerem begenerdim -diýdi. Ony eşidip göwni açyp Arabchik , Bireýsel mugallymyň partasyndaky güli aldy-da Selbi 05 uzatdyp:
-Ine saňa menden sowgat -diýdi .  Selbi 05 hakykatdanam muňa monça bolup :
-Sag bol - diýip aldy. Soň ýasama güli ýene-de  Bireýsel  mugallymyň partasynda goýmaly boldy. Meret bolsa öz sowgadyny Mährime gowşurmagyň aladysyny edýärdi. Ol söýgüliler gündi söýgülisi bilen gürleşesi , gülüşesi gelýärdi. Bu gün diňe oglanlar däl käbir gyzlar hem halaýan ýigitlerine sowgat taýýarlap goýupdylar. Dreamfull bilen Perki hemmeleri gizlinlikde söýgi söhbetlerini gurap sowgat alyp berişdiler . Dördünji sapak gutarandan soň Merede amatly pursat döredi.Arakesmede Jasmin jorasy bilen barýan Mährimiň ylgap yzynda ýetdi.
-Mährim garaşaýda
Mährim bu tanyş sese gaňrylyp yzyna öwrüldi. Meret bada-bat  sowgady Mährime uzadyp :
-Ine, saňa sowgat - diýip gyzylja bägül bilen bukja salynan goşgusyny we 4-5 günläp işläp gazanan ýüz manat puluny uzatdy. Mährim güli görüp ýylgyrdy-da:
-Wii-diýdi-Men-ä saňa sowgadam almandyryn Öňünden aýdan bolsaň bir zatlar taýýarlardyma . Meret :
-Zyýany ýok -diýip tüýs ýürekden ýylgyrdy . Mährimiň jorasy Jasmin :
- Ýigrimi üçinji fewral ýetip gelýär. Şonda sowgat edersiňdä-diýipdi.Meret  Mährimiň sowgady güler ýüz bilen kabul edenine juda begenip ýene-de Mährim bilen degişip-gülüşip söýgi söhbetlerine başlasy geldi.
-Sowgat hökman däl-ä Mährimiň özi meniň ömrüme sowgat
Mährim bu sözlere gyzaryp bir enaýy ýylgyrdy . Meret söhbetiniň yzyny dowam etdi.
-Düýn agşam söýgüliler günine bagyşlap goşgy ýazdym
Mährimiň jorasy Jasmin saklanyp bilmän:
-Düzen goşguňy okap berdä -diýip ýylgyrdy. Meret goşgusyny heniz doly ýat tutmanlygy üçin kisesinden telefony alyp , telefona belläp goýan goşgusyny okamana başlady.

SÖÝGÜLILER GÜNI

Dynman ýagýar akja gar , bu gün söýgüliler güni
Söýgüliler güniň bilen gutlaýaryn söýgülim
Görüp bilmedim seni , haýyş bagyşla meni
Söýgüliler güniň bilen gutlaýaryn söýgülim

Çagyrdyň ýöne seniň ýanňa baryp bilmedim
Şol garaja gözlerňi ýene görüp bilmedim
Kalbymdaky söýgümi  käşgä senem bilsediň
Şonda meniň halyma düşünerdiň söýgülim

Saňa sowgadym bolsun şu ýazylan setirlem
Bu jepaly yşgyň jebrin ýalňyz ýürek götermez
Meret aýdar aşyk bolan gol gowşuryp oturmaz
Agşam ýanyňa barjak garaş maňa söýgülim

-Gowy goşgy bolupdyr-diýip Jasmin tirsegi bilen çalaja Mährime degdi. Mährim:
-Aý boljak , erbet däl - diýip gülümsüredi
-Erbet däl diýen bolup göwnüň ýetmedik bolýarmy? Bizä şeýdip goşgy ýazýanam ýok, sowgat berýänem ýok...
Bular şeýdip degişip-gülüşipe dükana tarap ýöräberdiler...

(4-nji bölümiň soňy, dowamy bar )

© Gerçeknazar AMANNAZAROW


209

31

12

8

0

0

4
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 23.07.2024 / 18:00

+0

Iphone uçin sagbol BAYOGUL


Premium
BAYOGUL  (23.07.2024 / 18:08) 

Aynabat, Senem sagbol alanyn ucin sowgatyn:


Özümiziňki
Aynabat  (23.07.2024 / 18:14) 

BAYOGUL, Meret yaljak goşgam duzayerler


Özümiziňki
Jasmin  (23.07.2024 / 18:36) 

Aynabat, mana sowgat beryanem yok


Özümiziňki
Aynabat  (23.07.2024 / 18:38) 

Jasmin,


Özümiziňki
Jasmin  (23.07.2024 / 18:40) 

Aynabat, 😄😄😄😄 sps tz telefon gutlys belars


Özümiziňki
Aynabat  (23.07.2024 / 18:42) 

Jasmin, gel hokman jora


Özümiziňki
Jasmin  (23.07.2024 / 18:43) 

Aynabat, bolya


Premium
BAYOGUL  (23.07.2024 / 21:42) 

Aynabat,
Aynabadym aynabat
Aýa güne taý nabat
Günler yuzun solmasyn
Meniň bagtym bol nabat


Täzeje
 (23.07.2024 / 23:33) 

Jasmin, Bay ogul Aynabada Eserde Telefon sowgat edyan bolsa Men sana Realda alyp berayerin bolöazmy

 Täzeje
 Kadir [off]
  Geyani jinsi belli dal jynsy
 23.07.2024 / 18:06

+0

Bah Dj Began soyguliler guni aydymy nirden yadyna dusdi agam. Isinde ustunlik agam


Özümiziňki
Gerceknazar  (23.07.2024 / 18:11) 

Kadir, ol aýdym ýadymdan çykanoga. Juda ýerine düşen aýdym. Size-de işiňizde we durmuşyňyzda üstünlikler ýar bolsun .


Täzeje
Kadir  (23.07.2024 / 18:28) 

Gerceknazar, gowy aydym sol.

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 23.07.2024 / 18:08

+0

Sagbol gowy çykypdyr ellerne saglyk

 Täzeje
 Wrestling [off]
  Peýdaňa ýok, azaryň bir degmesin)
 23.07.2024 / 18:36

+0

Tüweleme, gowy bolupdyr, bu esere içigara, durmuş ýykýan, görüp biri hem gerek eken, Wrestling ýaly


Özümiziňki
Jasmin  (23.07.2024 / 18:46) 

Wrestling, 😂😂😂😂😂 senem gosar gynanma


Täzeje
Kadir  (23.07.2024 / 19:21) 

Jasmin, ozini bilyaninem gowy erbet digini


Özümiziňki
Jasmin  (23.07.2024 / 19:22) 

Kadir, Erbet Drla sen


Täzeje
Kadir  (23.07.2024 / 19:23) 

Jasmin, sana diymedim sana gitdi yone wretlinge diydim


Özümiziňki
Jasmin  (23.07.2024 / 19:24) 

Kadir, ok

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  "Sen benim yoldaşım, mutluluğum, huzurumsun..."
 23.07.2024 / 18:46

+0

dowamyna garaşýas))

 Premium
 Anomalia [off]
  Hemme zady soňa goýmak ömrüň manysyny gaçyrýar.
 23.07.2024 / 19:44

+0

Bu ýerde esasanam Anamalianyň içi ot bilen ýalyndy. Ol öz halaýan oglanynyň başga birine sowgat berýänine içi ýanýardy. Aslynda ol kim baý bolsa şony halaýardy.

Aý saw agamjan şu Bayogul-y yrmalymy mañada iPhone soñky modelini alyp berer ýaly
Elleriňize saglik


Premium
BAYOGUL  (23.07.2024 / 21:40) 

Anomalia, heheb aynabat barka men yrlamok:

 Täzeje
 Maxrim_mv [off]
  Iki gozum yolda (Elvinim'm💂‍♂️💋)
 23.07.2024 / 20:40

+0

gaty gou meret sps sovgadyn un


Täzeje
 (24.07.2024 / 18:21) 

Maxrim_mv, Сенем Улумсы болуп гечдинай бара хондан барси болуп.. айтхоу башгада говнун бар болса

 Premium
 Belki [1m]
  Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
 23.07.2024 / 21:24

+0

Ay edil 100 manat bilen sowjak owlon-a dal bolmaly bu Meretjik


Täzeje
 (23.07.2024 / 23:23) 

Belki, Bah tanayanlaryn Gurleyşem uytgeşik indiki eserde Hokman Sana aşyk bolaryn..


Premium
Belki  (24.07.2024 / 00:37) 

Мерет, sen asyk bolup bilmeyan-a dine guymenip bilyan


Täzeje
 (24.07.2024 / 00:39) 

Belki, Men oykani ac diymedim.. Eser barada aytdym


Täzeje
 (24.07.2024 / 00:43) 

Belki, Senem Edebiyat agshamy barada pikirni yaz wajyp pikirin..!


Premium
Belki  (24.07.2024 / 00:45) 

Мерет, menem eser barada aýdýan-da. Kine hökmünde däl-de analiz hökmünde kabul et.


Täzeje
 (24.07.2024 / 00:46) 

Belki, analizin bar bolsun Senin


Premium
Belki  (24.07.2024 / 00:48) 

Мерет, göni on ikiden urýa gerem


Täzeje
 (24.07.2024 / 00:49) 

Belki, yok pikiri bozyar

 Täzeje
 BiReYsEl [off]
  Only forward to my dreams
 23.07.2024 / 22:20

+0

-Menä-rä şu wagt ýüreginden çykaryp ýandak sowgat etselerem begenerdim -diýdi. Ony eşidip göwni açyp Arabchik , Bireýsel mugallymyň partasyndaky güli aldy-da Selbi 05 uzatdyp:
-Ine saňa menden sowgat -diýdi . Selbi 05 hakykatdanam muňa monça bolup :
-Sag bol - diýip aldy. Soň ýasama güli ýene-de Bireýsel mugallymyň partasynda goýmaly boldy.

Şutaýynda menem bar ekenim sagbol goşanyn un .
Hekaýa soz ýok malades ýene şeýle dowam et"

 Täzeje
 Мерет [off]
 23.07.2024 / 23:32

+0

Awtor.. Galanyn ujy kutelmesin gardaş Gowy eser çykypdyr..
wi yene bir zad Shol sowgat 100 manady onden barisaklap yoren etsek naderka ?
Mesel Fewral Pagta yygymdan azyndan 3-4 aydan son gelyan bayramçylykdy shondan diydim (kiçijik düzedişim ün ötünç sorayan)
Eser gownumden turdy.. Gaty gowy şeyle dowam edin hacan yzy çykarka dp garaş yoren etjek bu dowamynam mümkin boldygyça irrakden yerirewerin

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 24.07.2024 / 00:55

+0

Dowamyna garaşýan...

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 24.07.2024 / 16:52

+0

Dowamyna garasyan😄😄

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Şugün, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)

At yazmak


Emir ,Nesibe,Soltan,Rahman&Rahym,Seyran ,Mukam,Nâzli,Arzuw.....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Heartbeat (Şugün, 06:46)

At yazmak


😏 kim menin yuregimin eyesi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
MEGAFON (Şugün, 03:26)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика