Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Pully bolsaň, göterler asmana--- pulsuz bolsaň ýerem ýokdyr basmaga!!!!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Degişmeler älemi

Ýürekdeş aýdymçylar (satiriki hekaýa)
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 25.07.2024 / 18:24
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

Bu gün 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 25-i. Hemmämiziň bilmeýşimiz ýaly bu gün paýtagtymyz Aşgabadyň özä bir ýerinde Türkmenistanyň meşhur aýdymçylary Orazjan , BAYOGUL , B.A.S (Belki , Aýnabat , Sasiyona ) BAY-HAN hem-de belli ussat şahyrlarymyz Aman Sary, Remezan , Gerçeknazar , Jeksparro goşgy okamagynda gaty gyzykly , şüweleňli konsert geçirilýär. Konsertiň başyny ellerine bir bölek karopka alyp , ýurdumyzyň meşhur tamadalary Perhat_Sabirow bilen Diamente_08 hemmeleriň öňünde peýda boldy . Konsertiň başyny Perhat Sabirow başlady.
-Salam berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe , bagtyýar ýaşaýan , bagtyýar adamlar!
-Salamälik , asuda , baky Bitarap ýurdumyzyň asuda watandaşlary.
-Il-güni öz daýanjy saýýan, halkynyň halal zähmetine çäksiz hormat goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!
Şu sözleri diňläp-diňläp diňlemezi çykan Diamente_08 gapdaljygynda konsert görüp oturan Karol_08 ýüzlenip :
-Şu ýerini azajyk saratsana -diýdi. Karol_08 öýde däl, hut konsert zalyň içinde oturka kisesinden pult çykardy-da konserti azajyk öňe saratdy.
-Geliň indi bolsa zehinli aýdymçymyz, ýylyň parlak ýyldyzy BAYOGULYŇ ýerini ýetirmeginde ajaýyp aýdym diňläliň.
Hemmeler şowhunly el çarpyşdylar. El çarpyşyk gutarmanka BAÝOGUL peýda bolup, ýüreginden syzdyryp, aýdyma başlady .

Göýä guş deý gaýa ýörsüň,
Dünýä hezil puluň barka .
Ony bagtyň saýa ýör sen,
Dünýä hezil puluň barka .

Oýnaşlaryň alsa daşyň,
Emaý bilen sypap başyn,
Gör jennet nirede asyl,
Dünýä hezil puluň barka .

Dollar küýsäp günbe-günden ,
Ganmarsyň şykyrdysyndan,
Bagt sowa geçmez senden,
Dünýä hezil puluň barka .

Teňňejan,
Sen şeýle mähriban,
Sen şeýle bir eziz,
Dünýäň ýazy teňňejan .

BAYOGULYŇ aýsymyna hemmeler maýyl bolup onuň bilen bile hiňlendiler.

Teňňejan ,
Sen şeýle mähriban ,
Sen şeýle bir eziz,
Dünýäň ýazy teňňejan .

Saz başlandan Diamente_08 çilimini otlap, saz guratýança çekip gutardy.

Menzil aşa ýollar geçe,
Işlemäge barýan eje,
Aýlanaly maşynly gije,
Dünýä hezil puluň barka .

Ýaňagyň sypalar aýal,
Yrynmasyn pulum-saýam,
Ol şeýle bir eziz jana,
Dünýä hezil puluň barka

Dollar küýsäp günbe-günden ,
Ganmarsyň şykyrdysyndan,
Bagt sowa geçmez senden,
Dünýä hezil puluň barka .

Teňňejan,
Sen şeýle mähriban,
Sen şeýle bir eziz,
Dünýäň ýazy teňňejan .

Teňňejan ,
Sen şeýle mähriban ,
Sen şeýle bir eziz ,
Dünýäň ýazy teňňejan .

Aýdym gutaryp bizar wagt geçeninden soň , eline hasa alyp, saňňyl-saňňyl edip, Türkmenistanyň ussat şahyry Aman Sary çykdy. Ol tutuş elli ýylyň içinde döreden iň gowy goşgusyny aýdym berdi.

Sen sen diyip ahurup, gezsem jahany dilber,
Seň ugruňda maýyrdym mamaş-pahany dilber,
Birje köpük pulum ýok, aýtjak bahaňy dilber,
Galyň diýip terk etdim, dini-suwhany dilber,
Öz bahaňy özüň kesdiň, ýakdyň bu jany dilber.

Ejem pahyr seň ugruňda çigit satyp yglap ýör,
Kakam pahyr ýarmarkada alyp-satyp ýygnap ýör,
Öýlenmedik bäş inim bar, olar murtun ýaglap ýör,
Günde-günde unaş içip içegesin daglap ýör,
Çyra ýakman tygşyt kylýas, oturýas tümde dilber.

Spisogňy gören bada ejem pahyr çaşypdyr,
Öýdäki aç siňeklerem oň daşyna üýşüpdir,
Bolupdyr bir başagaýlyk, goňşy-golam süýşüpdir,
Ýakalarna tüýkürşip, “Toba-toba!” diýşipdir,
Näme kastyň barmydy señ ejem pahyrda dilber.

10-ja sany pombarhyt, 10 krimplin symlanan,
10-y “gyraw”, “gurultaý”, “samolýotdan sallanan”,
10 “trikotin”, balak ýüp, 10-ja tahýa güllenen,
“Äbermeseň barjak däl”, 10 “sandykda sygyran”,
Hersem 100-den aňyrda, kak že ýa kuplýu dilber?

Karz pul diýip çarh urýas, gezýäris oba-oba,
“Pombarhyt barmyş!” diýip turist gitda Lwowa,
Podmoskowýä, Odessa, Truskawese, Tambowa,
Leningrada, Riga, Krasnodara, Pskowa,
“Kulhuwallany” lenç edýäs, tutulman gelsin dilber!

Ýat boldy manty, palaw, iýýänmiz şurruk çorba,
Bir agzyma gara nan, ýene birine ýarma,
Indi halys ýetdirdik biz, herimizde bir torba,
Çakyr süňke öwrüldik biz, görenler kylýar toba,
Äpet göwräm kiçelip, boldum sklet dilber.

Kakam pahyr ölüp galdy, garry bili epildi,
Ejem eşitmesini goýdy, sag gulagy gapyldy,
Damakgandan ätlän ýaly kakyn-silkin tapyndy,
Menem özümi asjak, tapsam ýogyn ýüp indi,
“Galyň üçin öldi” diýip gazetde çykar dilber!

Galyň diýme, ýataýyn gurruk guýy-ýamada,
Zarpa ylgap çykaýyn dokuz etaž tamada,
Plawkaly gideýin 40 gradus BAM-ada,
Maýmyn ýaly gezeýin, päki urman tüýmede,
Rehim delaý, çýort wozmi, skolko možno, dilber?!

Dagdan daşy daşa diýseň, dişläp-dişläp daşaýyn,
Aşagyma düşek edip kesgir çüýşe düşäýin,
Zynjyr bilen baglasalar, şonam kertip boşaýyn,
Nan ýerne plastmas ber, hakyt şonam iýeýin,
Oda gaçan gyl ýaly mürşerip galdym dilber.

Hoçeş, poýdu broşus, demir poýezd öňüne,
Diýseň peşkom podnimus, Gemalaýyñ dagyna,
Parly banýadan çykyp, bökjek suwuň doňuna,
Gaplaň hüññürdap durar, oklasalar öňüme,
Sama budeş winowata, men ony iýsem dilber!

Sen towar däl, men – alyjy, zaçem menýa muçaýeş,
Nany agzymdan iýýän, senem şondan kuşaýeş,
Söýgi satyn alnanok, ty çto-to putaýeş,
Çeker ýaly bolan däldir, men garyba ýaşaýyş,
Luçşe budet tak öýlensek, k çýortu halym, dilber!

Eger indem ýok diýäýseň, alaryn men Maşany,
Türkmen çorba hökmanmy, budu kuşat kaşany,
Ors mollasy nika gyýar, nämedeýin işany,
Bir goltukda Maşany, beýlekide Mişany,
Gysyp ýatjak gujagymda, takim obrazom dilber.

Soň dul galsaň menden görme, ýeke köpük barym ýok,
91-nji ýyldan bäri, zarym bar-da, zorum ýok,
Sen bolmasaň göwnüm aglar, özge bilen ugrum ýok,
Asman-zemin arasynda senden başga ýarym ýok,
Rehim eýle, tükgertme, AMAN Saryny dilber!

(1-nji bölümiň soňy, dowamy bar )

© Gerçeknazar Amannazarow


300

43

20

6

0

0

2
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 25.07.2024 / 18:41

+0

Malades dos ellerine saglyk yene garasyas nesip edenden gulup hezetdim sagbolay dos

 Premium
 Anomalia [off]
  Hemme zady soňa goýmak ömrüň manysyny gaçyrýar.
 25.07.2024 / 18:53

+0

 Täzeje
 Мерет [off]
 25.07.2024 / 18:57

+0

Gowy cylypdyr


Premium
Anomalia  (25.07.2024 / 19:30) 

Мерет,
Çykypdyr*

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 25.07.2024 / 18:58

+0

Aşgabadyň özä bir ýerinde Türkmenistanyň meşhur aýdymçylary Orazjan , BAYOGUL , B.A.S (Belki , Aýnabat , Sasiyona ) BAY-HAN hem-de belli ussat şahyrlarymyz Aman Sary, Remezan , Gerçeknazar , Jeksparro goşgy okamagynda gaty gyzykly , şüweleňli konsert geçirilýär


Men Yoklay Aynabat b.n. sasionaň ba yerlerinde menem bolmalaplak:


Özümiziňki
Gerceknazar  (25.07.2024 / 19:06) 

Jasmin, aglama-aglama seni ikinji bölümde goşaryn.


Özümiziňki
Jasmin  (25.07.2024 / 19:08) 

Gerceknazar, bolya gowy çykypdyr elernize saglyk

 Täzeje
 Maxrim [off]
 25.07.2024 / 19:16

+0

Bizem yazda govy bolpdyr

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  ,,Her nasip vaktine esirdir..."
 25.07.2024 / 19:26

+0

@Diamente_08 gyz dälmi?


Premium
Anomalia  (25.07.2024 / 19:30) 

Arzuw,
Howwa gyz


Täzeje
Candi  (25.07.2024 / 19:32) 

Arzuw, gyzlar çilim çekenokmy , nasam atyalar .Entagem owadanlapdyr by awtor


Özümiziňki
Diamante  (25.07.2024 / 22:03) 

Arzuw, öw toba gyzhou bih

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 25.07.2024 / 19:50

+0

berekella senä oňarýaň tuweleme

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 25.07.2024 / 20:44

+0

Jeksparro barmynä bärde
Alyp gelaýda şol halypany hem


Özümiziňki
Gerceknazar  (25.07.2024 / 21:03) 

Luckyboy, soňky wagtlar menem duşamok şol halypa. Ýöne goşgularyndan birini alyp , degişme ýazdym.

 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 25.07.2024 / 22:21

+0

meni yaa goşanok, yada gyz halyma erbet bolup görketyäň


Täzeje
Kadir  (26.07.2024 / 02:16) 

Diamante_08, yaman birhili bolupdyr şol taýy öza


Özümiziňki
Diamante  (26.07.2024 / 16:15) 

Kadir, şoda gyrandegen goşany gerekdäl


Täzeje
Kadir  (26.07.2024 / 16:17) 

Diamante_08, hazirn garas

 Täzeje
 Agzamen [off]
 25.07.2024 / 23:29

+0

Hmm... bäh...

Dünýä ejeň barkada hezil dälmäý?

 Gytyndan
 yurekdes [off]
  Diller dymýan wagty, gözler gürleýä...
 25.07.2024 / 23:35

+0

Menem yok ekenim diyip gaty gorensirardim welin meni barde tanayan yokdyr ?


Özümiziňki
Gerceknazar  (26.07.2024 / 05:13) 

yurekdes, onda tanyşdyr-da özüňi.


Gytyndan
yurekdes  (26.07.2024 / 19:23) 

Gerceknazar, ay menem su saytyn bir konerak yone azyrak giryan agzasy

 Premium
 Didar8001656 [off]
 05.08.2024 / 21:02

+0

Gowy sozler

 Premium
 Didar8001656 [off]
 05.08.2024 / 21:03

+0

Gowy sozler

 Premium
 Didar8001656 [off]
 05.08.2024 / 21:03

+0

Gowy sozler

 Premium
 Didar8001656 [off]
 05.08.2024 / 21:03

+0

Gowy sozler

 Premium
 Didar8001656 [off]
 05.08.2024 / 21:03

+0

Gowy sozler

 Premium
 Didar8001656 [off]
 05.08.2024 / 21:03

+0

Gowy sozler

 Premium
 Didar8001656 [off]
 05.08.2024 / 21:04

+0

Gowy sozler

 Premium
 Didar8001656 [off]
 05.08.2024 / 21:04

+0

Gowy sozler

 Täzeje
 Мухадова [off]
  Сессиздирин йоне кор дал!
 03.10.2024 / 21:27

+0

биз келмай вечни биз йокло

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Düýn, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Düýn, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Düýn, 20:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика