Ýürekdeş aýdymçylar (2-nji bölüm)
Özümiziňki Gerceknazar [off] 26.07.2024 / 19:14 Ýüregini ýazyp ýören ýazyjy
Ýürekdeş aýdymçylar (2-nji bölüm)
Aman Sarynyň goşgusy gutaran badyna ýumşak saz çalynyp Orazjan orta çykdy. Ol goňşusy Meretden 12 milýon algysyny alyp bilmän , Merede bergininiň bardygyny aýda-aýda aýdyma öwürdi. Dükanyň içinde zaryn-zaryn gaýtalaýan şol aýdymyny bu gün hemmeler bilen paýlaşmak isledi.
Göwnüm ýetdi saňa,
Bergiň beräý maňa,
Ýanymda ýaşaýaňa,
Bergiň beräýsene.
Göwnüm ýetdi saňa,
Bergiň beräý maňa,
Ýanymda ýaşaýaňa,
Bergiň beräýsene.
Dama-dama damýan damjada,
Piwo alyp durdy ýaňjada,
Ýüregimi goýma ünjüde,
Gelsene,
Bergiňi bersene.
Göwnüm ýetdi saňa,
Bergiň beräý maňa,
Ýanymda ýaşaýaňa,
Bergiň beräýsene.
Göwnüm ýetdi saňa,
Bergiň beräý maňa,
Ýanymda ýaşaýaňa,
Bergiň beräýsene.
Orazjan näçe zaryn-zaryn aglap konsertden çykman aýdym aýtsada Meret oňa bergisini bermejekdi. Onuň şeýledigine düşünen Gerçeknazar eline uzyn hajathana kagyzyny alyp, hajathanadan çykyp , gelip, elinem ýuwman , balagyny çekip, hemmeleriň öňüne çykdy. Ol Orazjana "Seniň dükanyňdaky zatlaryňdan bergi edip alyp, bermän oturluşyk edýäs" diýen manyda şu goşguny aýtdy.
Oturluşykmy ýa opurluşykmy?
Bu ýerde hemmeler begenip otyr.
Ýo bu gün okuwdan gutarlyşykmy?
Saýtdaşlar täzeden dogulyp otyr.
Bireýsel bir çetde gözün ýumup dur,
Jasmin tapan zadyn köze gömüp dur,
Arzuw telefonda (g)ama çümüp dur,
Anomalia çüýşä sygynyp otyr.
Seredä Arabchik bolupdyr bagşy,
Sazyny çalyp dur Dreamfull goňşy,
Perki açlygyndan ölmese ýagşy,
Ýeközi balygy sümürüp otyr.
Ernimizde tüsse, ýokdyr gam-gussa,
Geläý Ýegen senem ýüregiň gyssa,
Hemme ýerde tüsse , bolduk biz hassa ,
Ülpetler üsgürşip bogulyp otyr .
Indi sag-amanja öýmüze gaýtsak,
Meýdanda ekenik öýdedir öýtsek,
Gerçeknazar ýürekdäkini aýtsa,
Kim öýkeläp , kimler begenip otyr.
Gerçeknazaryň samsyk-sumsyk goşgusyndan soň alypbarjylar Perhat_Sabirow bilen Mährim_ vm orta çykdylar.
-Geliň indi bolsa puldan doýmaýan , nebsewür , biznesmenler Belki , Aýnabat , Sosiyano ýagny gysgaça B.A.S-yň täp-tazeje ýaňja çykaryp şu wagt aýtjak bolup duran "Söwdagäriň aýdymyny "diňläliň.
Şol pursat biri sagdan, biri aşakdan, biri ýokardan çykyp B.A.S peýda boldy .Aýdymyň başyny Belki başlady.
Yha, yha, yyyyh. Iki, nol , iki , dört. Aleý, Aleý , aleý .Söwdagäriň aýdymy.
Düşegimden galdym,
Daňdan bazara geldim,
Zadymy satjak boldum,
Aleý , aleý , aleý .
Seret dürli zat bar,
Arzanlady zatlar,
Senem gerek zatlaň,
Aleý , aleý , aleý .
Köpräk alsaň arzan,
Galmaz kalpda arman,
Geçip gitme alman,
Aleý , aleý , aleý .
Ellerini öňe, gaýçy şeklinde iki ýana çalt-çalt galgadyşdyryp, bäş barmagyny giňden açyp öňe Aýnabat çykdy.
Geçme sen sowulyp,
Gelersiň öwürlip,
Gutarmanka sowulyp ,
Aleý , aleý , aleý .
Bahalaram öldi,
Zatlar arzan boldy,
Aljak bolsaň indi,
Aleý , aleý , aleý .
Puluň berseň nagt,
Dostawkasam mugt,
Eglenme şu wagt ,
Aleý , aleý , aleý .
Sasiyona kellede pyrlanyp, düýe tansyna başlap , aýdymyň dowamyny dowam etdirdi.
Biderek nalama,
Puluň kän aldama,
Arzanam sorama,
Aleý , aleý , aleý .
Bardyr oýnuň çenem,
Kän ýalbartma menem,
Aljak bolsaň senem ,
Aleý , aleý , aleý .
Şeýle şowhunly repden soňra Remezan agyr-agyr ädimler bilen , ullakan burnuny asmana tutup , hondanbärsi çişip , orta çykdy. Sesini mazaly saza sazlap goşga başlady.
Seni görüp, boldum yşgyñ dälisi,
Men guraýyn, biraz akyl çöññedä,
Şol garaşyp gyzgyn çeýnek elimde,
-Bol, aýt baryn, indi beri dymmada.
Garaşýaryn, günde seniñ aýdarña,
Bu gün seni yhlas bilen diñlejek.
Bol aýt! bar yhlasym köýdürme,
Sowan çaýam gaytadandan demlejek.
Agzybirlik bilen saña garaşyp,
Seniñ üçin bar işimi goýdumam,
Mazaly nerwimem boldy bulaşyk,
Sen diýip, içim bagrym köýdüren...
Elimi bişirip gyzgyn çeýnegi,
atdym welin,
ýeñläp gitdi derdimem.
Çökerdiñ...,
kül boldy, telewizorym,
Içça bilen Tapasýaly Kördügüm...
(2-nji bölümiň soňy, dowamy bar)
© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
Teswirler:
Gerekli yurekdes [off] Diller dymýan wagty, gözler gürleýä... 26.07.2024 / 19:27+0Tuweleme dowamynam derrew goysan okardyk
ÖzümiziňkiGerceknazar (26.07.2024 / 19:42) yurekdes, dowamyny ýazamoga entek .
Gerekliyurekdes (26.07.2024 / 19:44) Gerceknazar,dowamybar dp dura
ÖzümiziňkiGerceknazar (26.07.2024 / 19:50) yurekdes, düzediş girizýän dowamyny ýazmaly
Gerekliyurekdes (26.07.2024 / 19:51) Gerceknazar, ha sey diyinsene nesip bolsa onna garasyas
Täzeje BAY-HAN [off] 26.07.2024 / 19:45+0Sasionañ duye tansyny goresim gelip gitdi
ÖzümiziňkiJasmin (03.10.2024 / 20:50) [b][/b], 😂😂 haçan girjek ony
Gerekli Agzamen [3s] ☪️🇹🇲 26.07.2024 / 19:52+0Arzuw telefonda (g)ama çümüp dur
Bu çümýän zadyny gümäna edip goýupsyňa
ÖzümiziňkiArzuw (27.07.2024 / 02:10) Agzamen, nejis))
Premium Belki [off] Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin! 26.07.2024 / 19:54+0Remezan agamyñ barlygyny görmek gowy!
Premium BAYOGUL [off] С новым годом с праздником 26.07.2024 / 22:12+0Mlds gowy bolupdyr
Premium Didar8001656 [off] 05.08.2024 / 21:00+0Gowy sozler
Premium Didar8001656 [off] 05.08.2024 / 21:00+0Gowy sozler
Premium Didar8001656 [off] 05.08.2024 / 21:00+0Gowy sozler
Premium Didar8001656 [off] 05.08.2024 / 21:01+0Gowy sozler
Premium Didar8001656 [off] 05.08.2024 / 21:01+0Gowy sozler
Premium Didar8001656 [off] 05.08.2024 / 21:01+0Gowy sozler
Premium Didar8001656 [off] 05.08.2024 / 21:01+0Gowy sozler
Premium Didar8001656 [off] 05.08.2024 / 21:01+0Gowy sozler
Premium Didar8001656 [off] 05.08.2024 / 21:02+0Gowy sozler
Premium Darkify [off] Who are you referring to? 29.09.2024 / 02:31+0Gerceknazar, dost muny ozuñ duzzunmay bet bolupdyr
Soňky teswirler