Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Maxrim_mv : Uytgemek pasyllara gelisyar sana dal...))

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Oýunlar, testler we soraglar

Geliñ, aýdym aýdalyñ! (Saýtymyzyñ ses bäsleşigi)
Premium
 Belki [off]
 29.07.2024 / 14:23
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Salam, gadyrdan ýürekdeşler. Şu wagta çenli bilýänsiñiz, dürli ukyp-başarnyklary göz öñünde tutup, bäsleşikler taýýarladyk. Ýazuw-pozuwa ökdeler üçin aforizm bäsleşigi, daşky keşbine göwni ýetýänler üçin surat bäsleşigi, dürli suratlary tapmagy halaýanlar üçin aforizmli surat bäsleşigi, gutlag ýazmak ýaryşy... Sag boluň, şularyñ ählisine-de işjeñ gatnaşdyñyz. Indi bu günki ýaryşymyza-da işjeñ gatnaşarsyñyz diýip umyt edýän.
Bu günki bäsleşigimiz sesi gulaga ýakymly agzalarymyza niýetlenilen. Bäsleşigimiziñ şerti:
Gatnaşyjy agza özüniñ halaýan, sesine mynasyp gören aýdymyny hut öz aýtmagynda ses ýazgysy görnüşine geçirip, bize ugradar. Hemmämize deñlik bolar ýaly, aýdymy sazsyz görnüşde ýerine ýetirer. Ses ýazgysynyñ uzaklygy 40 sekuntdan az, 1 minutdan köp bolmaly däldir. Her agza diňe bir ses ýazgysy hödürläp biler.
Ses ýazgylaryñyzy @Bayogul agzanyñ nikine ugratmalysyñyz. Teswire goýmak gadagandyr!!!
Ses ýazgysy şu mowzugyñ açylan wagtyndan başlap, 31.07.2024 senesine sagat 21:00-a çenli kabul ediljekdir.
Kabul edilşik ýapylanyndan soñ ugradylan ses ýazgylary jemlenip mowzuk edip açylar. Saýtyñ agzalary we ýaryşa gatnaşyjylar sesiñ haýsy agza degişlidigini bilmezden olaryñ arasyndan birine ses berer. Ýaryşa gatnaşyjylar üçin ses bermek hökmany bolup, olar özünden başga bir agza ses bermelidir. Ses berlişik 24 sagat dowam edip, gelinen netije we ýaryşyñ ýeñijileri täze mowzukda yglan ediler. Eger deñlik bolsa, goşmaça tapgyra geçiler. Ýeñijilerimiz:

1-nji orun 5000 ball
2-nji orun 3000 ball
3-nji orun 2000 ball

bilen sylaglanar.

Ähliñizi ýaryşa gatnaşmaga çagyrýas, gadyrdan ýürekdeşler!

Bellik: Ses ýazgysyny teswire goýmak gadagandyr! Goýan kişi ýaryşdan awtomatik çetleşdiriler!


724

45

26

5

0

1

2
Mowzugy vip edenler:
Belki - 24 sagat vip etdi!
(30.07.2024 / 08:38)
Teswirler:
 Täzeje
 Asal__M [off]
 29.07.2024 / 14:31

+0

Üstinlik

Täzeje
 boshver [off]
 29.07.2024 / 14:32

+0

Menem gatnaṣjaga)


Täzeje
 (29.07.2024 / 22:24) 

boshver, reperim


Täzeje
 (29.07.2024 / 22:33) 

Aixcam_nx, hà?

Täzeje
 boshver [off]
 29.07.2024 / 14:37

+0

Òzbek aýdym aýtsada bolemi?


Premium
Belki  (29.07.2024 / 14:52) 

boshver, sesine gelisjek islendik dildaki zanrdaky aydym bole


Täzeje
 (29.07.2024 / 17:59) 

boshver, öyuñde ayt özbek aydymyñy hh

Täzeje
 boshver [off]
 29.07.2024 / 14:38

+0

Ball'yñ ýerine pul goýsañyz-a gatnaşjaklar kàn diýà?


Täzeje
 (29.07.2024 / 14:39) 

boshver,
Onda hä menem gatnasaryn


Premium
Belki  (29.07.2024 / 14:52) 

boshver, gatnasjak seylede gatnasar

 Täzeje
 Agzamen [off]
 29.07.2024 / 15:19

+0

Hümm


Täzeje
 (30.07.2024 / 17:37) 

Agzamen, hä

 Täzeje
 Agzamen [off]
 29.07.2024 / 15:36

+0

Beatam goşmak bolanokmy?
Meselem men aýdym aýtjak däl-de rep okajak bolsam şoňa beat goşup bilmerinmi?


Premium
Belki  (29.07.2024 / 16:20) 

Agzamen, goşaý onda. Şol Bentnere ugradylysyny owretsene.


Täzeje
 (29.07.2024 / 21:14) 

Belki, menem bilemok nädip goýberilişini audio faýl ugradyo görmedim ejeke.


Premium
Belki  (30.07.2024 / 06:19) 

Agzamen,Bayogulyn poctasyna oklaga

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 29.07.2024 / 20:53

+0

Menem gatnashakjaydym emma ini gij galypdyrna


Premium
Belki  (29.07.2024 / 21:00) 

Dreamfull, nam cun? 31 ne gutarya kabul edislik

Täzeje
 boshver [off]
 29.07.2024 / 21:47

+0

Gijà galmadymmy?


Täzeje
 (29.07.2024 / 22:03) 

boshver, ir hem bolsa korkuzma sulary


Täzeje
 (29.07.2024 / 22:42) 

boshver, yok ugradyber

Täzeje
 boshver [off]
 30.07.2024 / 12:18

+0

Sesimiz mowzuk edip açylemi? Ýagny hemme agzalar eşidýàrmi?


Premium
Belki  (30.07.2024 / 12:20) 

boshver, howwa. Siz bir-biriñize, agzalaram size ses bermeli. Adalatly bolar yaly.


Täzeje
 (30.07.2024 / 12:21) 

Belki, ewaý


Täzeje
 (30.07.2024 / 12:21) 

Belki, ýòne biri-birini masgara edmek zad bolmasyn. Gaýrat ediñ.


Premium
Belki  (30.07.2024 / 12:24) 

boshver, acan mowzugymda bellap gecerin.

 Täzeje
 Asal__M [off]
 30.07.2024 / 13:24

+0

Ertir jemlenyada


Premium
Belki  (30.07.2024 / 13:51) 

Asal__M, yo ertir kabul edislik yapylar. Jemlenis birigun bolar. Senem gatnaşsana


Täzeje
 (30.07.2024 / 13:52) 

Belki, sesimi esdseler gacyp giderler:


Premium
Belki  (30.07.2024 / 13:55) 

Asal__M, yazda ugrat dinlap goreyin gowy bolmasa goyman

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 30.07.2024 / 15:41

+0

Hany agzalar boluñ-a garaşýan, ses ýazgylaryñyza

 Täzeje
 Agzamen [off]
 30.07.2024 / 18:02

+0

Ugradanlar barmy? Näçe kişi ugratdy? Ugradanlaryň sanyny aýdyp bilmezmiň ejeke?


Premium
Belki  (30.07.2024 / 18:45) 

Agzamen, 2. Ýa-ha sesi gowularmyz az ýa-da utanýarlar. Şu wagt ýene 3-4 sanysyny ugratmaga yrdym Şoñ çün señem ugratmagyñ möhüm. Garaşýan.


Täzeje
 (30.07.2024 / 19:08) 

Belki, hany onda aýt ejeke men "studiomda işläp" ugradaýynmy ýa şeýle ugradaýmy


Premium
Belki  (30.07.2024 / 19:54) 

Agzamen, beylekiler sazsyz bolanson dawa bolar oydyan sazsyz telefonda yazysyn boyunca islemanjik ugratsan gowy boljak.


Täzeje
 (30.07.2024 / 22:02) 

Belki, ýo meň telefonym iň gowy studioda bolup biler telefona ýazsam boldy dälmi daşyndan özbaşdak studio ulanmazdan


Täzeje
 (30.07.2024 / 22:07) 

Belki, bolýala iň gowsy şeýdeýin sazynam özüm çaljak aýdyp duran mahalym. Bolara şeýle etsem? Hiç hili sese goşmaça bezegem berjek däl sazy çaljak aýdymam aýtjakda ugratjak bolýamy?

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 30.07.2024 / 21:09

+0

Agzalaryñ dykgatyna: Şu gün gije sagat 12:00 a çenli aýdymyñyzy ugradyñ. Ertir ses berlişigi açjak.


Täzeje
 (30.07.2024 / 22:03) 

Belki, ertir ugradaryn diýip oturdymda aý bolýalaý onda tomaşaçy bolarynda

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 31.07.2024 / 12:56

+0

Agzalar, 4 sany Gatnasyjy bar. 2 sanysy ugratjak dip usulyny tapman sonam gelmediler. Indi mowzugy acayynmy ya garasalynmy?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


10000balla ýetip gelýädim grandit nike geçjek bolup ýördim...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Power (Şugün, 19:57)

Hormatly ulanyjylar !


Eeyyy :id 48 17 gun aktiwdym ballym 3kdan gecipdi, mowzuklarm 40 sanak bady teswrlerim 300e yakn pikirlerm 5k dan gecipdi likelerm 300di goni...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Zxch (Şugün, 15:16)

Seni tanasym gelýär: 2. Ahal


Indi*****yyldyzly nik bara sony tanasymyz gelya pikire gatnasanok hickim bilen isi yok sol agza ses beryan...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 2. Ahal
Bagul (Şugün, 10:23)

Hormatly ulanyjylar !


530,000 ball bilen 111 manat 11 teññe howa boldy. Profilem yitdi. id 106. 47 gün online hiç zat bilen işi ýok bir agzadym men....dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (Şugün, 08:57)

Hormatly ulanyjylar !


Aý Näme, işlerňizde üssünnik... Onça bunça bolýalaý! Meň idym 71 ýesli çto... )) Gyýnandyrýan ýeri, ähli mowzuklar komentlar gidipdir ýaly?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Fantom (Şugün, 06:42)

Seni tanasym gelýär: 2. Ahal


Tema gowy bolupdyr,maňa bildiriş gelmedi we men düýn gördüm temany! Aslynda özüm barada aýtmagy halamok,ýöne seň azabyň biderek bolmasyn, käbir s...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 2. Ahal
Ahal (Şugün, 06:09)

Seni tanasym gelýär: 2. Ahal


Dowam etmegimi isleyan bolsanyz indiki sohbetdes bolunmaly agza ses berseniz gowy boljak yogsa-da su yerde su rubrika nokat goymaly......dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 2. Ahal
Belki (Düýn, 21:00)

BAGLYLYK


Derdiň men bolaryn, dermanyňam men, Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Düýn, 08:27)

BAGLYLYK


Awtory erkek bolsada zenanyn adyndan yazypdyr oytyan....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Düýn, 08:26)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (18.08.2025 / 08:31)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика