Ýürekdeş sözler!
Bagana telpekli adam.
TäzejeGost [off]
21.01.2024 / 12:51
bardyra, e$egine na$atyr çalýar, e$egi tamyñ da$ynda durman aýlanýar. Menem na$atyr çalynan ýaly gaçýardym.
Beýle diýsem, tokaýda, jeññelde, dagda, çölde gaçýandyr öýdãýmäñ, enemleñ 25 sotka melleklerinde gaçýardym. Mellegiñ gutarýan ýerinde kiçirãk ýap bardy, $ol ýap, beýleki goñ$ular bilen serhetdi. Ana dostum, tutulmanjyk $ol ýapdan geçsem, serhedem geçýãrdim, azatlyga
çykýardym. Ýöne, bolmady... Ýaba ýetdim, seretsem içinde azajyk suw bardy. Bökdüm içine. Ýabyñ añyrsyna çykmak üçin dyzap ba$ladym. Ýap, meñ boýumdan uly bolansoñ, we gyralary çyg bolansoñ çykyp bilmeýãrdim. Multfilmlerde bolýandyra, gahryman, bir ýere dyrma$jak
bolýandyr, ýokaryk ýetip barýarka taýyp ýuwa$lyk bilen yzyna gaýdýandyr, dyrnaklary bilen tutjak bolsa-da bolýan dãldir, dyrnaklarynyñ yzy çykýandyr dyrma$ýan ýerine. Ana menem $eýle, nâçe synany$samam ýapdan çykyp bilemokdym, çykyp barýarkam öl bolansoñ, gurbaga ýaly ýabyñ gyrasyna ýapy$yp, usuljak bilen ýene yza gaýdýardym. Serhedi geçip bilmedim, Mongollañ nökerleri meni tutdy.
ndem ýapdan yzyma çykmajak bolup aglap dyzaýardym. iñ soñunda, meni tutyp ýapdan çykardylar, süýrãp diýen ýaly tapçana tarap ãkidip ba$ladylar. Men bolsa uly ilim bilen gygyryp aglaýardym, olara "Goýberãýiñ" diýip ýalbarýardym, Leopold ýaly, "Dawaýte, jit drujno"
diýýãrdim. Olar bolsa meni diñlemân tapçana okladylar. Ýatyrdylar dü$ege, enem bir elimden, kakam beýleki elimden, kakamyñ agasy iki aýagymdan tutdy, bagana telpekli adam, üstime abandy. Men iñ soñky
gezek, "Hemmesini kesme, azajyk kes, gyralaryny kesme" diýip bagana telpekli adama aglap naýynjar seretdim. Hamana, saç deñletmãge parikmahera baryp, "Saçymyñ üstinden alma, gyralaryndan çalaja al"
diýýân ýalydym. Kakam "Bolýa, azajyk keser, gorkma, agyrtmaz" diýdi. Menem kakama, "Agyrtmaýan bolsa, onda sen ba$laý, uly ba$lar, kiçi i$lãr" diýdim. Hehe, goýsañyzlañow, beýle diýip bormy. Oýun edýãn. Bagana telpekli adam, ussatlyk bilen öz i$ini ýerine ýetirdi.
Çyndanam, $ol taýlary anyk ýadyma dù$enok. Gözgyny bolup gaçy$ym welin, hâzirem ýadymda. Derman berendirler diýsem, ol ýa$daky çaga agyr dermanam bermezler. Bilmedim. Ýöne ertesi güni ýadyma dü$ýar.
O-da yssydan bolaýmasa.Gözimi açamda enemiñ otagynda ýatyrdym. Enem, gazet okap otyrdy. Üstime seretsem, ak mata oklapdyrlar üstime.
Otagda elhenç ys bardy,dermanyñ porsy ysy. Bilýãnsiñizle. Stalingrad söwe$inde ok degip ýaralanyp, gospitalda özine gelen esger ýaly samrap, eneme ýüzlendim:
-Ene, men nirede?
-Eneñ ýanynda oglum, eneñ otagynda...
-Uru$ gutardymy? Bagana telpekli, "Ural" motorly nemes nirede?
-Ýat oglum sen, nãme etjek ony?
-Atjak.
-Ol nemes dâlã, oñ ady Çaryýar. Ol seni sünnet etdi oglum.
-Ýa$asyn 87-nji atly diwiziýa!! Ene derman ýokmy? Medsestraaaa!!!
Analgin...Ssitramon...Aspiriniñ ýokmy ene? Kirpigime wazelin çalsana...
Aýaga galdym soñ. 1 hepde ýaly ak ýaglyk dañdylar öñüme. Öñüme ak ýaglyk dañylgydy. Öñüñe ak ýaglyk dañylanda nãme, geçiñki ýaly syrtym açyk, 1 hepde ndeýessleñ çagasy ýaly bolup gezdim. Kakam-
ejem, men adaty ýagdaýyma gelýãnçãm enemlerde boldylar. Geçen tomus, ejem öýde goñ$ymyzyñ täze gelnini nahara çagyrdy. Jigim, gelin görsin diýip çemedan-dan ma$galamyzyñ surat albomyny çykardy. Ol albomda meñ sünnet edilemde dü$en suratlarymam bardy. Awuna topulýan ýolbars ýaly surat alboma topuldym, arlap sünnet edilen wagtym çekilen suratlary aldym. Soñam zajigalka bilen ýakyp çöle gömdüm. Wiiý, mowzugy gutarmankam örãn möhüm bir zady bellãp
geçmekçi. Arada ejemden soradym, "Eje, meñ sünnet toýum edildimi, meñ ýadyma dü$enok edilenem bolsa" diýdim. Ejem, "Ýok McM, edilmedi. Bir sebãp bilen etmedik. Soñam, gelin toýunda edãýeris diýip
goýbolsun etdik" diýdi. Bu möhüm wakany bellãp geçmegimiñ sebãbi, gadyrdan Ertirde$ler, men toý edenimde, size çakylyk ugradan wagtym çakylykda "Aýyñ pylançasyna, sagat pylançada, McM-iñ durmu$
toýuna we sünnet toýuna gara$ýarys" diýen ýazgyny görseñiz, geñ galaýmañ. Borlaý. Degi$mekden aýyrmasyn. Ýöne çagalygym ýadyma dü$se:
Çep tarapym agyrýar...
132 |
28 |
8 |
7 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Perman [off]
21.01.2024 / 13:07
+1
şuny oglanlara ýatlatmaly däldiñ ýöne, güljegi hem bar aglajagy hem bar
Guler_yuz [off]
...yylgyr,gacyp gitsin gaygylar..)
21.01.2024 / 13:57
+0
Innikiler gunnagdan cykmanka edilyar
Burning (21.01.2024 / 17:02)
Guler_yuz, bolmasa, ýañy wr aýaga galanyndan biz ony bakjadan bakja ýa-da mekdebe ugrotýarys. Pikirleri şo zad edilmän galagaýjak ýaly oýlap etýärler !)
Guler_yuz (21.01.2024 / 17:31)
Perman, edilman galar diyip dalde cagan gozinde gorky galmaz yalymyka diyan
Dreamfull [off]
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
21.01.2024 / 20:42
+0



huf gyrdyney wara
Crazy-boy [off]
Душа — не яблоко, её не разделишь.
16.03.2024 / 09:29
+0
haý do haçan sünnet inni 
Crazy-boy [off]
Душа — не яблоко, её не разделишь.
16.03.2024 / 09:30
+0
menem toýumy sünnet bilen bile edäýsemmikä menem edilmedm 
Soňky teswirler
Dogry düşün!
Gyz ozuni yeterlik derejede goramagy, erkliligi basarsa haysy niyeti bozuk oglan golayyna gelip biler? Ya-da oglan niyetini duzuw tutsa haysy nam...dowamy...
Dogry düşün!
Hazirki dowurde duygy, pikir, dusunje yaly zatlaryn ahlisi ayak asty boljak derejede ownady. Hazir dine materiya gyzykly. Ahlak,namys, mertebe bu...dowamy...
Dogry düşün!
Inda gyzam oz abraýyna özi seredenok gaýta 2-3 oglan bilen birbada gepleşip ýörler...dowamy...
Tebip rowaýat
Ýeri ýylan zäherini gudamyzyň tüýküliginden alsak, galanyny nirden tapjak?! Gyzykly tymsal....dowamy...
1nji fewral täleýnama
Asmanda ýerleşen gök ýyldyzlary, Haýrana galdyrýar akly düzleri. Täleýiňi ýyldyzlardan agtarma, Çünki sergezdandyr olaň özleri. Omar Haýýam....dowamy...
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 5
57. Almaň şänikleri zäherli hasaplanylýar. Sebäbi almaň şäniginiň düzüminde sinil kislotasy bar. Şri Dewiniň baş roly oýnan "Eje" atly kinosyny...dowamy...
