Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
xuliganka : Dalini adam etmesekde adamy dali eders kanka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Jony barada okan
Premium
 JONY [on]
 02.08.2024 / 20:15
 Yurekdesh.ru

Jony 1996-njy ýylyň 29-njy fewralynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde dünýä indi. Ol aýdymçy we köp sanly aýdymlaryň awtorydyr. Russiýanyň “NTW” kanalynyň “Maska” şou gepleşiginiň ikinji möwsüminiň ýeňijisidir.

Jony 4 ýaşynda wagty maşagalasy Moskwa göçüp gidipdir. Ol bilimi Russiýada alýar. Birinji synpdan aýdym-saza gyzyklanam bildirip, mekdebiň hor toparynda çykyş edýär. Ol 9-njy synpa baranda, aýdym-saz bilen çynlakaý meşgullanyp başlamagy ýüregine düwýär.

Ýaş aýdymçynyň kakasy onuň aýdym-saz bilen meşgullanmak baradaky başlangyjy goldamaýar. Ol oglunyň özüi ýaly işewür bolmagyny isleýär. Şonuň üçin Jony mekdebi tamamlandan soňra Moswkadaky Döwlet dolandyryş uniwersitetiniň Halkara işewürlik fakultetine okuwa girýär.

Jony magistraturany tamamlandna soňra kakasyndan aýdym-saz bilen çynlakaý meşgullanmak üçin oňa mümkinçilik bermegini soraýar.

ol uniwersitetde okan döwründe birnäçe aýdymlaryň sözlerini ýazyp, ony özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torunda ýaýradýar. Şondan soňra ony Elman Zeýnalow görüp, “RAAVA Music” toparyna çagyrýar.

Onuň “Alleýa” atly şekilli aýdymy “Youtube” platformasynda 100 million gezek tomaşa edilýär we artiste internetiň çäginiň daşynda hem meşhurlyk getirýär.

Onuň 2019-njy ýylyň sentýabr aýyndaky “Kometa” atly aýdymy meşhurlygynyň gerimini giňeldýär. 2020-nji ýylda onuň “Asman gülleri” atly albomy çykdy.

Jahid çagalyk döwründe “Joni Brawo” atly multfilmi gowy görüpdir. Şonuň üçin ejesi ony degişme äheňinde Jony diýip çagyrýan eken. Soňra aýdymçy mekdepde hem şeýle atlandyrylypdyr.

Ýaňy-ýakynda Jony Russiýada ýene-de bir abraýly baýraga eýe boldy. Ol “Altyn Grammofon” baýragynyň eýesi boldy.

“Altyn Grammofon” baýragy – Russiýanyň aýdym=saz ugrunyň esasy baýraklarynyň biridir. Ol “Rus radio” radiostansiýasy tarapyndan esaslandyryldy. 1996-njy ýyldan bäri her gün geçirilýär.


230

35

8

4

0

0

5
Teswirler:
 Täzeje
 Asal__M [off]
 02.08.2024 / 20:49

+0

In gowy goryan aydymcym jony


Premium
BAYOGUL [on] (02.08.2024 / 21:04) 

Asal__M, moldes


Täzeje
 (02.08.2024 / 21:40) 

JONY,

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 02.08.2024 / 21:07

+0

gyzlaryň söýgili aýdymçysy


Premium
BAYOGUL [on] (02.08.2024 / 21:10) 

Aynabat, sen dinlanokmy


Özümiziňki
Aynabat  (02.08.2024 / 21:11) 

JONY, yiok owadan gorýan diňlämok yone


Premium
BAYOGUL [on] (02.08.2024 / 21:12) 

Aynabat, huuuummmm

 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 02.08.2024 / 21:54

+0

diymek asly Azerbeýjanly eken-dä


Premium
BAYOGUL [on] (02.08.2024 / 22:01) 

BAY-HAN, menem sugun bildim

 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 02.08.2024 / 21:56

+0

menden 4 ýaş uly

 Premium
 PeRMaN [off]
  Yes-No
 03.08.2024 / 05:51

+0

Jony 1996-njy ýylyň 29-njy fewralynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde dünýä indi.
Fewralyň 29-y 4 ýylda bir gezek gelýänligi çyn bolsa ol häzir 7 ýaşynda bolmaly


Gytyndan
Aixcam_nx  (03.08.2024 / 13:07) 

PeRMaN, hemme zada syn etyanai biza okasagam bilmers sony


Premium
PeRMaN  (03.08.2024 / 18:48) 

Aixcam_nx, garaz, ünslilik bilen biraz meşgullanýa oglan halky. Syýnçy bolmasak, gyzlardan hem gowsyny saýlap bilmezdik


Gytyndan
Aixcam_nx  (03.08.2024 / 18:51) 

PeRMaN, sony ayt


Premium
PeRMaN  (03.08.2024 / 18:57) 

Aixcam_nx, tapmaça berjek: Gül diýsem gülýär, gülme diýsemem gülýä...[color=#e287f4]Jogabyny tap?[/color]


Gytyndan
Aixcam_nx  (03.08.2024 / 18:58) 

PeRMaN, :Men


Premium
PeRMaN  (03.08.2024 / 19:04) 

Aixcam_nx, äwer gündeligiňi


Gytyndan
Aixcam_nx  (03.08.2024 / 19:06) 

PeRMaN,

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 03.08.2024 / 06:11

+1

Gyzlar mydama birine gul bolmagy halaýandygy üçin, köplenjem ezilmegi halaýandyklary üçin özüni urýan, sögýän tentek kişileri halaýarlar we aşa fanatik bolýarlar, şol sebäpdenem dini tarapdan pes jandarlar, filosofiki taýdanam başarnyksyz jandarlar hasaplanandyrlar.


Täzeje
Endorphin  (03.08.2024 / 09:25) 

Muawiye, gyz bir jandar ekendä onda


Özümiziňki
Muawiye  (03.08.2024 / 10:10) 

Luckyboy, "Jandar" diýmek, jany bar bolan diýmek.)


Premium
PeRMaN  (03.08.2024 / 19:03) 

Muawiye, ,,özüni urýan..." şunyň bilen ylalaşmaýan. Seniň düşünjäňde şeýle bolaýmasa, men durmuşda gawat gelen (urylan) zenanlaryma, durmuşyndaky ýoldaşyny täzeleýärler.


Özümiziňki
Muawiye  (03.08.2024 / 20:06) 

PeRMaN, Urlup ýumup durýan gyzlar gaty kän. Ýoldaşynymy? Ohow biziňkileriň 3/1-i urlup gezýändir, diňe gyz-gelin hasaplarynda nähili aýylganç zatlar bar göreňokmy, oba ýerlerde dagy has aýylganç, haýsy älemde ýaşaýaň sen?


Premium
PeRMaN  (03.08.2024 / 21:52) 

Muawiye, ,,Urylmaýar..." diýmedim. Urylsa aýrylýar, eger urylan kişi ýoldaşyň bolsa diýildi. Men şu 2024-ýylynyň ikinji ýarymynyň başynda ýaşaýan we bu gürrüňlerim 22-ýylyň dowamyndaky (özümi bilip) ýaşan durmuşymyň bilýänje wakaam. (Dogry, çaýçylyk döwründe ýek-dük (ärine wepalylary) ýaşaşdylar oňuşyp emma häzirler beýleleri kemis hem däl, boll.


Özümiziňki
Muawiye  (03.08.2024 / 22:53) 

PeRMaN, Aýrylşanoklar, diňe sähelçe bölegi, olam ýeterlik maddy güýji we maşgalasy bolanlar edip bilýär.

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 03.08.2024 / 09:29

+0

Anyk Türkmenistana gaýdyp konsert bermäge gelmejegini bilýän

 Premium
 Anomalia [off]
  Hemme zady soňa goýmak ömrüň manysyny gaçyrýar.
 03.08.2024 / 10:46

+0

Gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Menem kem galmayyn


Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Gulmahrem (Şugün, 11:57)

Ajy ýylgyryş


mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Diamante (Şugün, 11:08)

Yone gyzyklanyan


yone oykelek dal şonyma gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:04)

Yone gyzyklanyan


yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:03)

Yone gyzyklanyan


Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Gunesh (Şugün, 10:49)

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика