Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Bir wagtlar gowuşmak üçin doga eddigim birini, bu gün unudmak üçin doga edýärin..#.fileo
Türkmenistanyň Prezidenti 3 welaýatyň häkimlerini çalyşdy
Premium
Anomalia [off] 04.08.2024 / 20:26 Hemme zady soňa goýmak ömrüň manysyny gaçyrýar.

29-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda welaýatlaryň häkimlerini bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda resminamalara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda,
Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradow bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory wezipesinde işleýän Döwletgeldi Seýidowiç Babaýew bellenildi.
Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýew, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işleýän Maksat Kowusowiç Annanepesow bellenildi.
Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow sebitleriň häkimleriniň orunbasarlaryny wezipe bellemek hakynda resminamalara gol çekdi:
Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewa, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Tawus Meýlisowna Amanowa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Arzygül Agamyradowna Orazowa, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Çemen Jumamyrat gyzy Akyýewa Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
Gülsenem Baýrammyradowna Mämmedowa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Abdyrahman Seýitniýazowiç Babaniýazow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Rahymberdi Hydyrow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ajy ýylgyryş
mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...
dowamy...Yone gyzyklanyan
yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo
...
dowamy...Yone gyzyklanyan
Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...
dowamy...
Ýokaryk