Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Zehin : Oy kicijek pukara. Emma kalby koskden hem bay.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygryýethanamyň gözbaşy
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 05.08.2024 / 13:21
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

Şygryýethanamyň gözbaşy

Duýguly dünýämiň göz gaşy sensiň,
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň.

Oňa hiç kim "Ýaz" diýip ýazdyrmady. Edebiýata we sungata bagry badaşan maşgalada hem dogulmady. Ejesi adaty öý hojalykçy, kakasy kärendeçi. Elbetde olar hem Azadynyň ,Magtumgulynyň , Wepaýynyň... döredijiligine tüýs ýürekden hormat goýup, Kerim Gurbannepes, Gurbannazar Eziz, Gara Seýitli ... ýaly şahyrlaryň goşgularyny söýüp okaýardylar.Emme edebiýat meýdanynda darkaş gurup bilmeýärdiler. Süleýman özüniň ilkinji goşgusyny nädip döredenine özem haýran. Belki onuň ata-babalary şahyrana bolandyr. Atasy goýun çopan, atasynyň atasam şeýle . Hä indi üstünden baryldy. Onuň baba tarapy has zehinli bolan . "It ata, är daýa" diýlişi ýaly Süleýmanam daýylaryna çekendir. Kemal daýysy dindar, "ylym uran" diýdirjek derejede biçak sowatly adam . Meret daýysy mekdepde mugallym . Beýleki daýylaram şeýle . Süleýman heniz ýedi ýa-da sekiz ýaşyndaka , eline galam alyp , ýazmagy öwerenen badyna poeziýa älemine aralaşypdy. Şygryýet äleminiň gözbaşy , ilkinji ylham çeşmesi , çagalyk söýgüsi Gülnäz bolupdy. Gülnäz şeýle mähirlidi, alçakdy , owadandy. Ullakan gara gözleri bardy. Gülnäz bilen Süleýmanyň ejeleri dogan. Aýal doganlar aý geçirmän biri-biriniň öýlerine myhmançylyga gelerdiler . Süleýman bilen Gülnäz gabatlaşanlarynda biri-birini ýitirip tapan ýaly begenişip bileje el tutuşyp şatlanýardylar, oýnaýardylar, ýaýnaýardylar.Ine şol hezil günleriň birinde Gülnäz Süleýmanlara myhmançylyga gelipdi. Süleýman onuň kiçijek, näzijek ellerinden tutup , duran ýerinde aýlanyp oýnaýardylar . Olaryň ortarasynda ullakan ýer şary ýerleşýärdi. Olar şol göm-gök emma garaňky dünýäniň daşyndan aýlanýardylar. Süleýman Gülnäziň ullakan göreçlerinde tutuş dünýäni görýärdi. Süleýman şol dünýäniň içine girdi. Ap-ak asman, ýap-ýaşyl ýaýla. Özi ýaly yşka düşen perwanalar gülden-güle pyrlanýarlar. Bu dünýäniň owadandygyny . Megerem "jennet" diýilýän şu bolsa gerek . Süleýman ýene-de Gülnäziň owadan gözlerine garady. Şol gözleriň garasy gije bolmaly, agam gündiz. Bu ýerde wagtam şeýle kesgitleýändirler. Ýa-da Süleýman onuň ala didelerinde alaşyp , ýitip gidäýdimikä? Nireden bir ýerden gartaşan aýalyň sesi geldi.
- Gülnäz gyzym ýör gaýdar wagty boldy
-Wi eýýäm gaýdaýjakmy , oturyňda ?!-sesi ýene-de başga ýerden çykdy.
-Oturyp bildikle.Öýdäki işlerem bize garaşyp ýatandyr.
-Bor eje barýan
Gülnäziň elleri ellerinden taýyp gaýdanda Süleýman güpläp gorkunç dünýä düşdi. Gülnäz guş kimin uçduda ejesiniň pudagyna gondy. Süleýman onuň yzyndan garap durşuna haýsy dünýä düşenini aňşyrmady.
-Sag boluň , sag-aman baryň .
-Ýene-de gelip duruň
- Bolýar sizem sag-aman oturyň. Gowy günlerde, toýly günlerde gatnaşalyň
-Sag bol Süleýman
Bu inçeden , hoşamaý sese maýyl bolup Süleýman henizem Gülnäziň yzyndan garap durdy. Süleýman ne "sag bol" diýip bildi ne-de elini salgap , şol duran ýerinde doňňara daşa meňzäp , heýkele dönüpdi. Şol pursat onuň içinde harasat gopýardy. Ol juda-juda üýtgeşik duýgularyň içine düşüp, şol täsin duýgular bilen birden öýe ylgady. Tekjeden kagyz bilen galam aldy-da ilkinji goşgusyny ýazyp başlady.

Men saňa bakýan,
Sen maňa bakýaň.
Bakmak bilen hem,
Ýüregmi ýakýaň.

Göräýmäge ýöntemje , sanawaç ýaly sözlemler. Emma bu setirler çaga kalbynyň joşgunly owazy, ilkinji ylham perişdesiniň pyşyrdylary.

Gülnäz aýtsana!
Meni söýýäňmi?
Meniň söýgümi,
Senem duýýaňmy?

Ýa sen söýýäňmi,
Ýa söýenokmy?
Seniň söýgüňi,
Men duýamokmy?

Ine, ýaş şahyr ilkinji goşgusyny şeýdip döredipdi. Göreli onuň dowamy nähili bolarka?


© Gerçeknazar AMANNAZAROW


152

14

2

2

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 JONY [1s]
  Yurekdesh.ru
 05.08.2024 / 16:48

+0

Mlds gowy bolupdyr


Özümiziňki
Gerceknazar  (05.08.2024 / 17:03) 

Sag bol JONY,

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 05.08.2024 / 18:26

+0

Mlds yetrip durun


Özümiziňki
Gerceknazar  (05.08.2024 / 18:46) 

Jasmin, sag boluň , hökman .

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ajy ýylgyryş


mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Diamante (Şugün, 11:08)

Yone gyzyklanyan


yone oykelek dal şonyma gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:04)

Yone gyzyklanyan


yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:03)

Yone gyzyklanyan


Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Gunesh (Şugün, 10:49)

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика