Ýürekdeş sözler!
Gadymy taryhçy we geograf Strabon barada
xuliganka [off]23.01.2024 / 07:32
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
Strabon biziň eramyzdan öňki (64 – 63) we biziň eramyzyň (23 – 24) ýyllarynda ýaşan gadymy grek geografy we taryhçy alymydyr. Ol Kiçi Aziýada Amasiýa (Liwiýa) şäherinde dogulýar. Görnükli alym ýaşlyk ýyllarynda Gresiýa, Kiçi Aziýa, Italiýa we Müsüre syýahat edipdir. Bu alymynyň biziň günlerimize gelip ýeten 43 kitapdan ybarat bolan “Taryhy bellikler” eseri häzirki günde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Ol “Taryhy bellikler” eseriniň dowamy hökmünde “Geografiýa” atly işini ýazýar. Strabonyň “Geografiýa” atly işi, belli bolan antik geografiýanyň bilimlerini umumylaşdyryp, özünde jemleýär. Meşhur alymyň bu işi antik geografiýa ylmyny jemleýji eserdir. Eserde Hazar deňziniň ýakasy, onuň kenarynda ýaşaýan halklar dogrusynda hem käbir gymmatly maglumatlar getirilýär.
Şeýle-de bu meşhur alymyň Türkmenistanyň çäklerine syýahat edendigi onuň ýazan işlerinde görmek bolar. Ol öz işlerinde Amyderýa barada ýazypdyr. Strabon bu derýanyň iki müň ýyl mundan ozal hindi harytlaryny Hazar deňzine çenli getiren uly gämi gatnawly derýa bolandygyny ýazýar.
Diýmek, eserde biziñ häzirki ýaşaýan ýerlerimiz barada-da maglumatlaryň bardygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.
121 |
5 |
0 |
3 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...