Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Babaniyazow : Akylly adam özgäniň kemçiligini görüp, öz kemçiligini düzeder.#Ali

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Aýralykdan soň...
 Gytyndan
 Baron [off]
 30.08.2024 / 16:32
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Huşumdan syrylyp, ýitip gitdiň sen,
Düýşde görsem, depäm gögi elleýär.
Seniň gözlegiňe şaýlanan ruhum
Bedenime wagty bilen gelmeýär.

Demiň demýeterde bolsady käşgä,
Eliň elýeterde bolsady… Arman…
Dem däl, el däl, sesimiň hem ýetmejek
ýerlerinde gezip ýörsüň, dilberim,
Ruhumyň garaşýan ýerine barman.

Asmany özüme syrdaş tutundym,
Zeminden tapmamsoň göwünlik berjek.
Ýa yşkymy nesýe hasap etdiňmi?
Gel ahyr, söýgimi ömürlik berjek!

Men saňa şeýle bir düşünjek boldum,
Agtardym ýoluny ýüregňe girmäň.
Saňa duşup bolar öýden ýerlemde
Hatiko deý her gün garaşdym irmän.

Emma sen geleňok, tersmikä bir zat…
(“Ýa demrinden boldy, ýa-da kömründen”)
Goý, bu söýgim ömrüm bilen bäs etsin,
Ýöne ömri uzak bolsun ömrümden.


©Sapa HOMMADOW


221

20

2

7

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 gul [off]
  takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥
 30.08.2024 / 16:44

+1

gaty gowken gutlayan yone su soze dusinmedm

Hatiko


Gytyndan
Pegas  (30.08.2024 / 16:50) 

gul, ady rowaýata öwrülip, şanyna heýkel dikilen ýaponiýaly itiň ady. Bu it wepalylygyň simwoly hasaplanýar. "Hatiko" atly kino hem bar. Maslahat berýän, göreniňize ökünmersiňiz.


Öwreniji
gul  (30.08.2024 / 16:52) 

Baron, hm bolia spsibo maslahadynyz un hokman gorern nesip bolsa su hepde

 Täzeje
 Https [off]
 30.08.2024 / 20:09

+1

Pegas akga brawo

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?


Kelleden kesellän öýüdýän sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?
Khanture00 (Şugün, 07:27)

Umyt (goşgy)


Üstünlik diňe!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Arzyhan (Düýn, 23:50)

Umyt (goşgy)


Mlds gowy goşgy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Sasiyona (Düýn, 22:03)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


pahyryn işini gorupdirler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Sasiyona (Düýn, 21:59)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Entek umyt bar diydigida onda lukmanlañ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Kerim-98 (Düýn, 21:50)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Znaçit gyzyl diş goýdurmaly däl)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Ahmal (Düýn, 21:45)

Mesawy söhbet


aglagynç?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Kerim-98 (Düýn, 21:44)

Mesawy söhbet


Men näzimi artdyryp durman, "henege" başladym. o näme bolýar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Fantom (Düýn, 21:06)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Bah bu kim indi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Kerim-98 (Düýn, 20:58)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Men size suratymy hödürlemekçi. Garaşyň. Dört ýyl mundan ozal düşen suratymy. Eger şu suratya gowy baha berseňiz men bu ýerde biraz wagt galaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Gownejay (Düýn, 19:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика