Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Bazen öyle soğuk davranıyorsun ki, gelişin bile ısıtmıyor sonra...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gapy (mini-nowella)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 30.08.2024 / 22:56

Obadan jaý satyn aldy.
Dynç gününe laýyklap, içini akyr-ukurdan arassalamaga başlady.
Günbatar diwaryna ýabşyrylyp goýlan, warak şkafy ýerinden süýşürende, aňyrsynda gapy bar eken.
Geň galdy.
Sebäbi satyn almak üçin gelende, jaýyň daşyna birlaý aýlanyp çykypdy. Şonda onuň arka tarapynda hiç hili ötük-pötük görmändi.
“Beh, çykalgasyz gapyny bu diwara nämüçin berçinläp goýdularka-raý?!”.
Iňkis bilen ýeňsesini gaşady-da, işigiň tutawajyna elini uzatdy.
Çekip gördi.
Açylmady.
Itip gördi.
Açylmady.
“Ýaponlaň gapysy ýaly gyralygyna süýşýän bolaýmasyn...” diýen çaklama bilen iki tarapa-da süýşürjek boldy.
Süýşmedi.
Birdenem girre gahary geldi.
“Näm-aý? Atamdan miras galmady, bi tam. Ýa babam inji bermedi. Ýa-da bagty çüwen käbir illeňki ýaly gaýynlardan peşgeş dä munym. Gel-gel indi, hut özjagaşymyň elim bilen pul töläp satyn alan jaýymda, haýsydyr bir gapyjyk meniň öňümde iki eplenip açylmagyň öwezine, şeýden bolar durarm-aý?!”.
Gitdi-de, çekiç-pekiç, ol-bi gurallaryny getirdi. Dergazaba münüp, gapyny döwmäge girişdi.
Döwülmedi.
Täsin.
Öz-ä bir adaty agaç welin, edil Fort Noksyň “bütin dünýäň tyllasy şö:rde gizleňgidir” diýilýän myş-myşyň hyzmatyndaky, mähnet polat seýfleriniň işigi pisint, çekiç bilen ýenjenine-de per bermeýär, gaňryp-goparmaga çytraşyp, hünibirýan dyzanyna-da.
Suw-sil ýadap, gerşini gapa berdi-de, syrylyp aşak çökdi.
Haş-haşlap, öýkeni agzyndan çykyp gelýär.
“Gümüne gitsin-laý! Häzir açaýanyňda-da aňyrsynda nä, firdöws jennet ýa-da soňky Sasany şasy Ýezdigerd III-niň araplardan Köpetdagyň buljumlarynda gizläp goýan 20 müň gatyrlyk şalyk hazynasy bardyr öýdýäňmi? Bolaýsa suwagsyz, ýalaňaç kerpiçden diwardyr-da. Öňki eýeleri ilk-ä bir najatlary üçin ötük oýandyrlar. Soňam: “Zowwam yskywaznyýak süňkleri sapsym kül edip barýar-aý, sluşaý war-a...” bahanasy bilen, aňry ýüzünden kerpiç öräge-de, ýüzünem suwap, mazaly tepbetläp äpberenlerdir-dä. Onnoň, şoň üçribem kösenip nätjek? Ussa getireniňden soň: “Gapyny goparyň-da, bäri ýüzünem diwar bilen des-deň ediň!” diýip tabşyr! Wessalam, bolany bor-da...”.
Özüni hernäçe köşeşdirjek bolsa-da, bolanok.
Nämüçindir, hut şu pille şu gapyny açyp, aňyrsynda näme bardygyny göresi gelip, içi byjyklap alyp gelýär.
Birdenem, kellesine güpbe täze pikir geldi.
Guma bulaşyp oturan ýerinden sähel gobsundy-da, orta barmagydyr ogulhajadyny epip, gapyny tyrkyldatdy.
Şyrk!
...etdi-de, işigiň gulpy içinden ýazdy.
“Weh! Gör-ä muny! Gapyny döwjek bolup dyzap ýatman, açylmagy üçin, ony diňe edep bilen kakmak ýeterlik eken-ä!” diýip oýlandy.
Ýüzi ýagtyldy.
Hasyr-husur dikeläge-de, üsti-başynam kakman, işigi özüne çekdi.
Açyldy.
Sakynman girip gitdi.
Demsalym geçip-geçmänkä-de dazanaklap, yzyna çykdy.
Ýaňy girende, şar-gara saçlaram juw-ak.
Rožasam sapsym morda däl.
Ýüzi heniz kyrky-da dolmadyk adamyň ýüzüne düýbünden çalym etmeýär.
Şu ikaralykda juda garryýasaw bolmaga ýetişen keşbinde, gasynlar joýa-joýa.
Çykyşyna-da ýeke pursatlygam eglenmän, gapyny jarkyldadyp ýapdy. Demi-demine ýetmän sojap, çamalagy çaşgyn şkafy ýerine süýşürdi.
Şol durşuna-da, yzyndan allajy kowalaýan dek haýdaşlap, daşaryk ýöneldi.
Gidip barşyna-da daşyndan gürleýänini özem duýman, hümürdeýär:
-Açylaýanda-da hemme gapylara giribem ýörmeli däl eken-ow...
...Ol, şol günüň özünde-de, jaýyny zyýanyna bolsa-da geçen bahasyna satmagyň ugruna çykdy.
Näme üçinkä?
Hudaý bilsindär-aý bar-a...

@Owrenyan (S. A.)


485

10

1

3

2

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Maria [off]
  Gözelligñ gymmatyny, ony duýup bilýänlerden soraň
 31.08.2024 / 01:31

+1

Gapynyñ añrysynda näme görüpdir?


Täzeje
 (31.08.2024 / 02:11) 

Maria, ana şol ýeri gyzykgylda


Täzeje
Maria  (31.08.2024 / 02:12) 

Agzamen,
Häwä aýtdyryp goýwer şo ýerini


Täzeje
 (31.08.2024 / 02:12) 

Maria, Serdar agaň özünnen soramasaň mena bilemýok


Täzeje
Maria  (31.08.2024 / 02:13) 

Agzamen,
Şeýdäýmesek


Gytyndan
Pegas  (31.08.2024 / 06:19) 

Maria, ine hekaýaň ideýasy:

“-Açylaýanda-da hemme gapylara giribem ýörmeli däl eken-ow...”

Çylşyrymly zat ýok.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Hm, o bagşyň gyzyl diýşini almak üçin gabryny gazanlarnda - Näme etjek bolýaňyzow? Diýeni ýadyma düşip gitdi... Buny köneräk agzalar, ýa ýaşy 55-...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Fantom (Şugün, 09:46)

DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?


Çöl beater—Dolanmadyň mp3...dowamy...
Erkin mowzuklar | DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?
Bentner (Şugün, 09:21)

DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?


Sunyaly samsyklary kim salayaray sayda...dowamy...
Erkin mowzuklar | DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?
Watjik (Şugün, 08:42)

DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?


Kelleden kesellän öýüdýän sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?
Khanture00 (Şugün, 07:27)

Umyt (goşgy)


Üstünlik diňe!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Arzyhan (Düýn, 23:50)

Umyt (goşgy)


Mlds gowy goşgy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Sasiyona (Düýn, 22:03)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


pahyryn işini gorupdirler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Sasiyona (Düýn, 21:59)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Entek umyt bar diydigida onda lukmanlañ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Kerim-98 (Düýn, 21:50)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Znaçit gyzyl diş goýdurmaly däl)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Ahmal (Düýn, 21:45)

Mesawy söhbet


aglagynç?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Kerim-98 (Düýn, 21:44)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика