Durmuş nowellalary (roman)
Özümiziňki Gerceknazar [off] 03.09.2024 / 17:21 Ýüregini ýazyp ýören ýazyjy
Durmuş nowellalary (roman)
Ilkinji nowella. Durmuş-nowelladyr.
"Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok,görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby ,
Soň näme boljagny bilip bolanok."
Bäýbä, bu durmuşyň nowellalaryna seretsene. Onda kitaplarda ýazylmadyk, hiç bir hekaýalarda beýan edilmedik, düýşleriňe girmedik, asla hyýalyňa gelmejek wakalar bolup geçýär. Biz o pursatlary aňymyzda ornaşdyrdygymyzça çuňlaşdyrýarys, özümizçe çözmäge synanşdygymyzça kynlaşdyrýarys.
Biziň durmuşymyz nowella meňzeş,
Soň näme boljagyn bilip bolmaýan .
Her dürli çaklama ýüz ursakda biz,
Allanyň etjegni ynsan bilmeýär.
Her birimiziň durmuşymyz durşy bilen nowella, ýagny soňy garaşylmadyk waka bilen gutarýan hekaýa. Siziň durmuşyňyz şeýle dälmi ? Hemmämiziň durmuşymyz şeýle . Haýsy birimiz şu günüň nähili tamamlanjagyny aýdyp biljek ? Ony bilmek örän çetin. Ine, siziň ýaly sada baş gahrymanymyzyňam durmuşy nowelladan doly. Ol heniz mekdepde okaýarka sary saçly , özi ýaly derek boýly, ýüzi Güneş kibi ýalkymly, sözleri sadadan ýakymly , gözleri jadyly bir gyza göwün berdi. Onuň adyna "Gül" goýup, özi bilbil bolup şanyna şygyrlar döretdi. Indi, indi bütünleý tersine...
2011-nji ýylyň güýz aýlarynyň iň ýakymly günleriniň biri.Ol gün howa bulaşyk bolupdy.Asmanyň ýüzi gara bulutlar bilen örtülip älem-jahan alagaraňkydy. Günbatar şemaly köwsarlap ýagyşyň ysyny getirýärdi. Gap-gara bulutlar Güneşi bir eýýäm gizläpdi.Güýzüň sowujak şemaly ýüzüňi ýelpäp , göwnüňi galkyndyrýardy. Gaýrasyna Amyderýa çekilen, ilersine bag-bakjalar ekilen, Allanyň dosty Isberden weliniň ady dakylan Isberden obasy adaty mähremligi bilen ýylgyryp durdy. Göýä üstüňden gaýdaýjak ýaly abanşyp duran belent dagy etekläp, öňküsündenem özgerip,bag-bakjalara bukulyp otyr. Obanyň gündogarynda we günbatarynda hala çitilen göller mysaly al-ýaşyl öwsüp oturan ekin meýdanlar erkana ýaýylyp ýatyr. Hanha, bir oglanjyk öňüne geçilerini sürüp ,obadan saýlanyp barýar. Has dogrusy geçiler ony yzyna tirkäp gelýän ýaly. Ýüzi edil Kamar kimin tegelekden päkize, gara gözleri ýyldyzlar deý uçganaklap , baldyrap duran özdiýenli oglanjygyň bu gün diýseň keýpi kök. Çepiksizje egninde adaty gök ýeňsiz köýnek, aýajyklarynda çala ýanaşsaň tozan siňýän gara balak. Öýde-de geýýän köne baş gabyny gyşygrak geýip, elinede taýajyk alyp , ilkinji gezek öri meýdana goýun bakmaga barýar. Bu gün onuň üçin ýatdan çykmajak günleriň biri . Çarwadarlyk atasyndan galan miras bolsada ol şu güne çenli hiç hili goýun bakyp görmändi . Dowarlary nirede otlatmaly , nirede suwlatmaly , hiç habary ýok. Hatda ol goýunlary nirede bakmalydygyny hem bilmeýär. Baş gahrymanymyz mallary ýatakdan çykardy-da ,olaryň yzyna düşüp gidiberdi. Goýunlar obanyň gaýrasyna çykdylarda , bir ýodajyk bilen ýöräberdiler. Ýaşajyk çopan goýunlaryň yzyna düşüp barşyna, ýodanyň gyrasynda guma bulaşyp ýatan, ulyrak ýaşyl depdere gözi düşdi. Ol goýunlaryndan biraz daşlaşyp, ýaşyl depderi eline aldy.
-Bu nämekä?- diýip , depderiň ilkinji sahypalaryny okap başlady.
-"Dertdeşim-gündeligim". Bä biriniň gündeligi öýdýän
"Durmuş manyly bolýar,
Undup kine gahary.
Duýgymyzy paýlaşmaga,
Derdeşiň bar mahaly."
Özem men ýaly goşgy ýazyp bilýän adamyň gündeligi bolmaly.
Gündelik ony bada-bat özüne çekdi. Soňra gündelikden biraz ünsüni sowup töweregine garanjaklady. Hanha goýunlar, has dogrysy goýunlary yzyna tirkäp barýan geçiler , şol ýoda bilen gaýralygyna tutdyrylyp barýardylar . Ol dowarlaryň yzyndan ylgap ýetdi-de geçileri ýodadan sowup , günbatardaky otlyrak ýere kowdy. Geçiler bir ýerlere howlugýan ýaly eňip barsalarda , goýunlaryň bar aladasy otlurak ýer tapsa otlamakdy. Ýaş gahrymanymyzyňam bar aladasy elindäki ýaňja tapan gündeligi okamak boldy. Çünki ol okamagy , öwrenmegi halaýardy. Eline näme ilse şony uly gyzyklanma bilen okaýardy. Esasanam ol goşgy , hekaýa okamagy söýýärdi. Şular ýaly töweregindäki ýakynlarynyň gol ýazmasy bolsaha öler jany.Ahyry geçiler hem otlamana başladylar . Gahrymanymyz bolsa gündeligiň ilkinji sahypasyny okap başlady.
-"Sabyr,sabyr,sabyr ýene-de bir gezek sabyr . Bu depderçäme men "gündelik" dälde "dertdeşim" diýip atlandyrasym gelýär. Sebäbi men onuň bilen ähli syrlarymy paýlaşyp , ýüregime agram salyp , içime sygmadyk duýgylarymy, şatlygymy, gaýgylarymy , ýylgyryşdyr-göz ýaşlarymy dertdeşim-gündeligim bilen paýlaşasym gelýär.
Salam .
Salam dertdeşim! Gowymy ýagdaýlaryň ? Dertdeşimiň häzirlikçe gepläp bilmeýänem gowy zat . Sebäbi häzir men hiç gepletmän , öz içimi nämede bolsa bir zada dökesim gelýär.Inhäde saňa hemsyrdaş ýakyn dost. Içiňi dökde otyr.
Öwrenişmek.
Bä dertdeşime ilki nämeleri gürrüň berip başlasamkam ? Bilýän , bir urugyp bildigim , yzynyň joş alyp gitjegini . Ýöne urugmak kyn. Bolýar başdan başlaýyn, ýagny çagalyk ýyllarymdan.
Ah çagalyk ýyllarym.
Çagalyk ýyllarymdan başlamakçydym. Aslynda çagalyk ýyllaryma gaýtadan dolanyp barmagy halamok. Ýöne Hudaýa şükür ol ýyllardan närza ýerimem ýok. Alla gowsuny bilýändir. Okyjylarymyň gyzyklanary ýaly durmuşymda ilki bilen çagalyk ýyllarymda bolup geçen täsin wakalary ýatlap geçeýin. Asla hakydamdan çykmajak , hakyky öz durmuşymda bolup geçen wakalar diýseň köp . Olaryň ilkinjisi şu. Ýagny "Eje daş ýagýar".
Ol gündeligi okadygyça okasy gelýärdi. Onuň içindäki wakalar, özem hakyky durmuşda bolan wakalar , gitdigiçe özüne çekýärdi. Onýançada hool kanalyň gaýrasyndaky , zeýiň boýunda birnäçe oglanlaryň:
-Juma gel-ow-diýen seslerine baş we ýaş gahrymanymyz tisginip töweregine garanjaklady. Gündeligi ýuwaşlyk bilen ýanyndaky ýylgynyň arasynda gizledi.Oglanlar bolsa henizem sesleriniň ýetdiginden gygyryşyp dostuny çagyrýardylar.
-Juma geldä-how
-Juma-mäý ol ?
-Howwa şol
-Jumanazar gel-ow
Jumanazar uzak aralykdan ýönekeý ak köýnek , gök jinsili , bugdaýreňk , çypar saçly oglanyň klasdaşy we dosty Hasandygyny tanady. Beýlekilerem dostunyň dostlary bolmaly. Ýaşajyk çopan olary kän garaşdyrman dowarlaryny sürüp obadaşlarynyň ýanyna bardy. Baranam şoldy welin birden ýagyş sepeläp başlady .Şol wagt Hasan:
-Juma sen geldiň welin ýagşam geläýdi -diýip degişdi.. Beýlekiler hem:
-Ýagyş bilen bile geldi öýdýän-diýip gülüşdiler.Jumanazar dostlary bilen gyssag arada elleşip salamlaşyp ýetişdi.Ýagyş bolsa elekden dökülýän ýalydy. Şol pursat Hasan :
-Oglanlar ýagyş ýagyp başlady , ýagşa beter ezilmänkäk gaýdalyňmy?!- diýip, dostlaryna ýüzlendi. Özi kimin ýaşdaş çopan dostlary "Gaýdalypda-gaýdalyň" boluşdylar.Hasan dosty Jumanazara:
-Juma biz-ä gaýtjak ,ýör senem gaýtsaň -diýip ýüzüni dowarlaryna tarap öwürdi. Jumanazar bolsa:
-Ýok dost sen gaýdyber. Men ýaňja geldim. Indi gelenime görä biraz mallarymy otladaýyn-diýdi . Hasan ýagşa ezilip , busurylyp , goýunlaryny oba tarap kowup barşyna :
-Bolýar-da onda sag bol -diýip hoşlaşdy. Jumanazar hem:
-Bolýar dost , sag bol -diýip, olaryň yzyndan garap galdy. . Hasan we ýoldaşlary mallaryny ilerligine sürüp oba golaýlaşdylar.Ýagyş bolsa uzak ýagmady.Olar oba ýetmänkäler ýagmyr diňdi.Emma olar şonda-da oba girip gitdiler. Olar gaýdan soň Jumanazar gündeligi gizlän ýylgynynyň ýanyna bardy. Gündeligi emaý bilen eline alyp , daşyny süpürşdirdi. Gündelik tozana bulaşyp, ýagşyň aşagynda durup azajyk zaýalanypdy. Käbir sahypalary ýyrtylypdyr. Ol golýazma bolanlygy üçin awtoryň hatyna gowy düşünip bolmaýardy. Şonda-da oglanjyk ony okajak bolýardy.
(Dowamy bar. Indiki bölüm "Eje daş ýagýar")
© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
At yazmak
Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...
dowamy...