Içeri gir Agza bol

Saylanan.ru - Pul gazanmagyn ansat yoly halal
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

LEBAP, HOŞ INDI!
 Öwreniji
 Baron [off]
 04.09.2024 / 09:22
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

“Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş imdi!”
Seýitnazar Seýdi


Saňa ýürek sözlerimi diýeýin:
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Bäş ýyl geçip gitdi bäş sagat deýin,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Köýteniňden şypa tapdyk — kän gezdik,
Ýazlap ýaýlalaňda, derýaňda ýüzdük,
Bilýän, nije myhman alansyň biz dek,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Sende dostlar tapdyk, gazandyk gardaş,
Ogullaryň — dogan, gyzlaryň — syrdaş,
Ýigrim ýedi däl-de, hemmämiz — bir baş,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Ýok, bu goşgy hasrat däl, gaýgy däl,
Bu — söýgimiz!
Bu — adaty söýgi däl,
Sende doly ynsanlaşdyk, öwgi däl,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Ýagşu-ýaman ýatlamalaň pursady
Entek kän-kän bezär durar gursagy.
Wah, elde bolsady, wagtam dursady...
Nätjek-dä...
Gitmeli...
Lebap, hoş indi!

2019ý.


©Sapa HOMMADOW


69

26

4

7

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 PeRMaN [off]
 04.09.2024 / 14:24

+1

Şahyra Gowyja wasp edipdir muny. Goşga söz ýok mazzaly.
Like + mynasyp goşgy hemde awtorada şowlulyk.

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 04.09.2024 / 19:35

+1

Berekela name diyjek belki agza yaly dal ekeni men diyjek bolyanum belki agza meni oz kitaplaryna jemlapdir

 Täzeje
 Tiidaly [off]
 04.09.2024 / 19:47

+1

Berekella ussatdyr Sappy dost !!! Yeriñ başgadyr

 Täzeje
 Gulmahrem [off]
 08.09.2024 / 15:19

+1

Pegas kimin ganatlanyp, ylhamyň arşa çyksyn 👍

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Geliň geçiberiň wagt tapsam çogaplarn


mekan men dz 0...dowamy...
Tanyşlyklar | Geliň geçiberiň wagt tapsam çogaplarn
MEGAFON (Düýn, 23:47)

Aýgytly ädim kinofilmi


Name ucin Eziz hany kiçeldyaler ya awtorda mesele bamy??? Awtoram Berdi Kerbabayew sotayyny halamok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aýgytly ädim kinofilmi
Tiidaly (Düýn, 19:28)

Geliň geçiberiň wagt tapsam çogaplarn


Towatagsyr...dowamy...
Tanyşlyklar | Geliň geçiberiň wagt tapsam çogaplarn
Agza (Düýn, 17:50)

Geliň geçiberiň wagt tapsam çogaplarn


Men dasoguz gorogly etrabyndan adym ŞATLYK 2000 NJI ÝYL...dowamy...
Tanyşlyklar | Geliň geçiberiň wagt tapsam çogaplarn
BAYOGUL (Düýn, 17:30)

TM-CELL «Altyn Asyr» türkmen raýatlaryna täze hyzmaty — wirtual belgileri hödürledi


Ulanýan barmyka aramyzda...dowamy...
Erkin mowzuklar | TM-CELL «Altyn Asyr» türkmen raýatlaryna täze hyzmaty — wirtual belgileri hödürledi
Perhat_Sabirovv (Düýn, 12:19)

Aýgytly ädim kinofilmi


Aýnany kim alsa şol alsyn bize diňe toý bolsun...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aýgytly ädim kinofilmi
Perhat_Sabirovv (Düýn, 12:19)

Happi birthday to ýou!!!!


Uzak ömür we jan saglyk arzuw edýän...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Happi birthday to ýou!!!!
Perhat_Sabirovv (Düýn, 12:18)

BOOM NEWS 💥💥💥


Onarypsynyz...dowamy...
YUREKDESH UPDATES | BOOM NEWS 💥💥💥
bakylyk (Düýn, 08:52)

Happi birthday to ýou!!!!


Bireysel şu mowzugy açyp sylag hormat bilen doglan günümi gutlanyň üçin saňa aýratyn sag bolsun aýdýan. Bentner Lucky boy Adi Maxrim BAYOGUL -...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Happi birthday to ýou!!!!
Asman (15.09.2024 / 23:47)

Aýgytly ädim kinofilmi


iki yuzli adamra Gully han yaly diyäler bärdä ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aýgytly ädim kinofilmi
Aynabat (15.09.2024 / 23:13)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика