Durmuş nowellalary (2-nji bölüm)
Özümiziňki Gerceknazar [off] 05.09.2024 / 16:41 Ýüregini ýazyp ýören ýazyjy
Jumanazar gündeligi dünýäni unudyp okaýardy. Ondaky gyzykly , täsin we täsirli wakalar okadygyňça özüne çekýärdi. Aşakgy abzasa ýetende Jumanazar töweregine garanjaklady . Seretse dowarlary ýok.
-Beh bular şulkaralykda nirä gitdikä ? Ýaňjada şu ýerde otlaşyp ýördüler- diýip, öz-goýunlarynyň gözlegine çykdy. Beledräk depä çykyp seretdi , hiç hili mal görnenok. Onuň aňyrsyndaky depelere çykyp gözledi ýöne asla dowarlary görünmeýärdi. Jumanazar zeý bilen kanalyň aralygyndan , günbatarlygyna gidip, depeden-depä aşyp mallaryny tä Gün ýaşyp , garaňky gatlyşýança gözledi,emma tapmady. Indi ol hasam aladalanyp başlady. Mal ýitirmek örän elhenç duýgy. Jumanazar gaharlanýardy,öz-özüne igenýärdi. Gözledigiçe ony aladalar basmarlaýardy. Indi öýdäkilere näme diýmeli? Kakama "Dowarlaryň hany?"diýip sorasa näme jogap bermeli?Ahyry ol içgysgynç aladalar bilen öýüne gaýtmana mejbur boldy . Öýe ýetip-ýetmänkä onuň öňünden kakasy çykdy.Jumanazaryň kakasy Berdinazar aga bu wagt agşam namazyny okamak üçin täret almana barýardy. Indi Jumanazar hasam howatyrlanyp başlady. Kakasynyň ýanyna baryp:
-Kaka men-ä mallarymy ýitirdim -diýjek bolup durka Berdi aga ýylgyryp:
-Nämehow oglum, goýunlaryň geldi-de özüň geleňokla-diýdi. Jumanazar şatlygyndan guş kimin uçup, agylyň öňüne bardy. Görse mallarynyň bary ýatagynda gäwüşeşip Jumanazary görüp ýylgyryşdylar. Jumanazaryň egninden ullakan dag aýrylan ýaly ulydan dem aldy. Begenjine uçaýjak-uçaýjak bolup öýlerine ylgady. Ejesi ony görüp:
-Oglum, nahar iýjek bolsaň saçagy ýaz - diýdi . Agşam namazyndan soň maşgala agzalary bir saçaga jemlenip agşamlyk naharyny edindiler. Bilden aşagyna ak reňk , deň ýokarsyna ak hek çalynan, aşagyna ýyljak keçeler ýazylyp, ýokarsyna ak patalok goýlan ýagty jaýda hemmeler telewizora aňkaryp , howlukman iýip-içýärler. Nahardan soň maşgalabaşy Berdinazar aga töwür galdyrandan soň , maşgala agzalarynyň hersi bir jaýa dargady. Berdinazar aga ýaplanan ýerinden çaý süzüp, çagalaryň ejesi bilen telewizor gördüler. Jumanazaryň dogany Süleýman ortaky jaýa geçdi. Uzyn boýly, çokga sakgal, maňlaýy giň , eginlek ýigit çagalygyndan bäri şygyr ýazmagy söýýärdi. Soňky wagtlar ol goşgy ýazmakdanam beter , hekaýalar ýazmagy halap başlady. Çüňkde sumkasyny dolduryp ýatan "söýgi hatlarynyň" arasyny dörüşdirip ondan boş depder gözledi. Depder näçe uly bolsa şonça-da gowy boljakdy, ýöne uly depder tapylmady.Oňa derek Süleýman on iki ýaprakly täzeje depder tapdy. Täzeje , akja sahypalara bir zatlar çyrşaşdyrasy geldi. Her birimizde bolşy ýaly onuň durmuşynda-da her günde üýtgeşik , derwaýys wakalar bolyp geçýärdi. Edil şu gün hem onuň durmuşynda gyzykly, manyly, möhüm wakalar bolup geçipdi. Ol öz durmuşynda bolan wakalaryň hemmesini ak kagyza geçirmek isleýärdi. Ýöne ýyndam dünýäniň , bulaşyk wakalarynyň hemmesini ýazyp çykmak mümkinmi? Süleýman bu wagt çagalygyny ýatlasy geldi. Şol süýji ýatlama bilenem ilkinji hekaýasyny ýazyp başlady.
"Gündogardan öwüsýän näzijek şemal,şemalyň ugryna iki ýana yranyp duran ýorunjalar,ýorunjalaryň üstünde gülden-güle pyrlanyp tans oýnaýan kebelekler şadyýan çagalyk ýyllarymy ýatşadýar.. Ýeke özüm ýeke tuduň üstünde oturyp tebigaty synlaýan. Hanha alyslarda uzalyp , giň asmana görk berýän bulutlar. Bulutlaryň arasynda kä gizlenip käte jyklap gizlenpeçek oýnaýan Güneş.Güneşiň ýylysyna çoýunyp , başyny çar ýana ýaýkaýan maýsalar... durşy bilen gözellik.
Hawa men çagakam şu ýerlere köp gezek kakam bilen gelýärdim.
Ýaşlyk ýyllarymy ýadyma salar,
Gözüň düşse gözel Goşahowdana.
Joşup ajap goşgy ýazasyň geler,
Gözüň düşse gözel Goşahowdana.
-diýip goşgular hem ýazardym.
Bir gezek şol gözel Goşahowdanda ýatdan çykmajak waka boldy .Ol wagtlar men on iki ýaşly oglanjykdym. Kakam , inim , men , üç bolup her gün diýen ýaly Goşahowdana gawun-garpyz ýetişdirmäne gelerdik. Ol wagtlar tomus aýlary bolansoň howa örän yssydy. Biz adatdakylar ýaly ir bilen gidip kärende ýermizde agşama çenli işleýärdik.Gün ýaşyp , garaňky gatlyşanda kakam bize:
- Süleýman , Jumanazar ýörüň öýe gaýdalyň- diýeninden biz pillermizi, oraklarmyzy alyp ulaga mündik. Kakam awtoulagy işledip biraz gyzdyrdy. Zil kysymly , goňur ýük ulagy mazaly ýylandan soň gazy hasam güýçlendirip başlady. Goşahowdanyň ilersinde belendiräk depe bardy. Edil şol depäňem ilerjiginde, ýoluň gyrasynda çuň zeý geçýärdi. Kakam şol depeden aşyp, sag öwrülmekçi bolanynda, rol aýlanmadymy ýa-da başga näsazlykdanmy bilmedim, goňurja zilimiz şol Goşahowdanyň ilersindäki zeýiň içine girdi. Kakam aljyrap yzly-yzyna ulagyň tormazyny basýardy. Ýöne şonda-da ulag zeýiň içine girip barýardy."
Süleýman şeýle gyzygyp hekaýa ýazýanyna özüde geň galdy. Göýä setirleriň özleri asmandan dökülip , akja kagyzyň ýüzüne siňip gidýän ýaly.Edil şol pursat çep tarapdaky , aýratyn , ümsüm jaýda , stolyň üstünde oturan Jumanazar gyzygyp şol köne gündeligiň yzyny okaýardy.
"Durmuş romany
Durmuş-uzyn romandyr,
Näçe ýazsaň gutarmaz.
Durmuş-romandyr , näçe ýazsaň ýazybermeli, Durmuş-baýlykdyr, ondaky baýlyklary gazanmaga çalyşmaly. Durmuş biri-birine sepleşip dowam edip gidip otyr . Günler bize dürli-dürli sapaklar berip ynsan ömri kertilip barýar. Şonsuzam ömür gysgajyk . Onuňam üçden biri ukyda geçýär. Şujagaz gysgajyk ömürde gör nämeler jemlenen. Söýgi , ýigrenç, şatlyk, alada... sanap soňlar ýaly däl. Adam hökman durmuşda gowydan-gowy arzuwlar bilen ýaşaýar. Arzuwsyz-ýaşaýyş manysyz. Adam. Bu nähili güýçli barlyk. Daşyndan göräýmäge adamzat kiçijek , ejizje ýaly. Elbetde Alla bize kömek edýär, ýogsa biziň elimizden näme gelýär?
Watan goragyndakam men juda köp arzuwlar ederdim. Arzuwlarymyň biri hem iň uly roman ýazmakdy. Ol romanda men hyýaly dälde hakyky öz durmuşymda bolan we bolýan wakalary beýan edip dünýäniň iň uly romanyny ýazmak isleýärdim. Gullykdan gelip "Güneş" žurnalynyň köneki sanlarynyň birinde , iň uly romany King Ba Kin atly bir ýazyjy ýazypdyr. Şol sahypada şol romanyň ady, bölümi, sahypasy, hatda näçe sany sözleriň bardygy hem ýetirlipdi. Hasaplap görsem her günde ýigrimi sahypa ýazsam , şol iň uly romandan hem has ulyrak bir romany ýigrimi ýyldan soň ýazyp gutarjak ekenim. King Ba Kin ol romanyny kyrk ýyldan soň ýazyp gutarypdyr. Soňra men öz ýazan romanymyň adyna "Durmuş nowellalary" diýip atlandyrasym gelýär."
Gündelik Jumanazary magnit kimin özüne çekýärdi. "Eýsem bu gündeligi kim ýazdyka ? Öz-ä kimem bolsa şu obadan bolmaly. Kim ýazanam bolsa gowy ýazypdyr.Ýa doganym Süleýmanyň gündeligimikä? Şeýledirle, şondan başga şu obada gündelik ýöredýän barmy?" Jumanazar şeýle oýlar bilen hiç ýatasy gelmedi. Ol gündeligi soňuna çenli okap çykýança doganyna beresi gelmedi.
-Okap bolup , soň bererindä" diýip , gündeligi sumkasynda gizledi. Indi onuň özinde-de şular ýaly gündelik ýöretmek islegi döredi. Tekjesinden ulyrak umumy depder çykardy.
-Näme ýazmaly , näme barada ýazmaly? -diýip , öz-özünden sorady-Gündelik nähili ýazylýarka? Ýaňky agamyň gündeligindä durmuşda bolan wakalar, oýlanmalar ýazylypdyr.
Şu pursat Jumanazar gyzygyp gündelik ýöredesi geldi. Gündelikde nämeleriň ýazylýanyny bilesi geldi. Bilesigeljilik onuň eline telefony tutdyrdy. "Gündelik nähili ýazylýar?" diýip dogany Süleýmandan sorasada boljakdy welin onuň soramaga çekinip , ol soragy internetden sorady. Google-den ilkinji çykan jogap Jumanazary kanagatlandyrdy. Ýagny" Gündelikde , gündelik bolan wakalar, durmuşyňda bolup geçen we dowam edýän derwaýys, üýtgeşik , täsirli, manyly pursatlar ýazylýar" . Jumanazar näme ýazjagyny , nireden nädip başlajagyny henizem bilmeýärdi.Beýleki jaýda bolsa Süleýman ak kagyza magnitlenip "On iki ýaşly oglanjygyň" yzyny ýazýardy.
"Her nämede bolsa Allanyň ýardamy bilen ulag agdarylman , zeýiň düýbüne ýetmänkä saklandy.Sag-aman ulagdan düşüp, pyýadalap obamyza gitmek üçin uly ýola tarap ýöredik.Uly ýol hem şol zeýiň günortasyndan geçýärdi.Kän ýöremän gara ýola ýetdik. Ýolyň gyrasyna baryp , obamyza aşmak üçin,zol-zol gatnaýan ulaglara elimizi galdyryp duryberdik. Kän wagt geçmänkä öňümizde ak altynjy saklandy. Sürüji kakam ýüzlenip:
-Berdi aga salawmaleýkim , Telmana barýaňmy?!- diýip seslendi. Kakam :
-Waleýkimessalam, howwa Telmana barýan - diýeninden soň sürüji :
-Mün äkideýin- diýdi .Şol wagt ulagyň öňünden bir gyz düşdi-de ulagyň yzyna geçdi. Menem şol gyzyň yz ýanyndan münüp onuň ýanjagazynda oturdym. Gyzyň çep tarapynda ejesi hem oturan eken . Menem onuň sag tarapynda oturdym. Soňra jigim Jumanazaram meniň sag gapdalymda otyrdy. Kakam ulagyň öňüne geçip, sürüji bilen söhbetleşip gelýärdi.
-Berdi aga zile näme boldy?
-Tormazy gowy tutanok welin ýaňy zeýiň düýbünde goýup gaýtdyk
-Zeýe gaçdyňyzmy?
-Howwa , şeý diýseňem boljak
-Bäh özüňize zat bolmady dämi?
-Ýok, Hudaýa şükür özümize zat bolanok . Şol tormazam oňaraýmaly welin hökman bir zat bolýança düzedemizokda
Ulagyň yzyna dört bolup münenimiz üçin biraz gyslyşyp otyrdyk. Hasam meniň özüm ýaly ýaşajyk , owadanja gyzyň butlary meniň butlaryma gysylyp durdy. Men ýuwaşlyk bilen gyzy synladym. Hawa ol gyz hakykatdanam owadanjady. Ulagyň aýnasyndan girip gyzyň zülplerini oýnaýan şemal gyzy öňküsindenem owadanlaşdyrýardy. Onuň goňur gözleri, ak alkymynda menek-menek hallary, alma ýaly gyzarypjyk , pökgeripjik duran ýaňajyklary diýseň gözeldi. Men ony synladygymça synlasym geldi. Şu çaga ýüregimde oňa bolan üýtgeşik duýgylar oýandy. Biz obamyza derrew geldik. Meniň hiç ol gyzyň ýanyndan aýrylasym gelmedi. Men onuň bilen bir agyz gürleşmedik bolsamam oňa synym oturdy.Ulag köçämiziň deňine ýetip sägindi. Indi islesem-islemesem ulagdan düşmeli, ol gyz bilen sessiz hoşlaşmaly boldum."
Süleýman gündeligi şeýle bir joşgun bilen ýazýardy welin asla galamy elinden goýasy gelmeýärdi.Berdinazar aga ýassy namazynyň täretini alyp öýe girdi.
-Öýdäkiler ýatdymyka?-diýip hemme jaýlara aýlanyp çykdy. Jumanazar eline depder alyp ýatyp galypdyr. Berdinazar aga Jumanazaryň elindäki depderi tekjäň üstünde goýup , jaýyň çyrasyny söndirdi. O jaýdan çyksa beýleki jaýyň hem çyrasy ýanyk dur eken . Süleýman henizem gyzygyp hekaýa ýazýardy. Berdinazar aga gapydan girip:
-Süleýman ýat oglum indi , ertir ir turmaly - diýip çyrany öçürdi. Süleýman , garaňky jaýda oturşyna:
- Bolýa kaka - diýip, elindäki kagyzy şkafyň üstünde goýdy-da , diwana geçip süýndi.Ine şeýdibem ylham perisi zym-zyýat bolup, ne gözel ýazylmaly hekaýa ýazylman galdy.Iň soňunda Berdinazar aga öz jaýyna ýuwaşlyk bilen girdi. Ýuwaşlyk bilen girsede çalaja sese Sona daýza tisginip oýandy.
-Ýatyberdä sen näme oýanýaň?- diýip Berdi aga gaharly gürledi.
-Ýatyp bolýarmy?-diýip Sona daýza hem hüňürdedi.
-Ýatmasaň ýatman geç men-ä ýassymy okajak - diýip Berdi aga jaýyň çyrasyny ýakyp , namazlygy ýazyp, azan aýtdy...
(2-nji bölümiň soňy, dowamy bar)
© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler