Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Pegas : Söýginiň matematikasy: 2-den 1-i aýyrsaň, 0 galýar...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

HENIZ DURMUŞA ÇYK DIÝME Ejemjan Chykmadyk gyzlara bagyslhlansyn bu goshgy
Premium
 BAYOGUL [1s]
 07.09.2024 / 20:23
 Yurekdesh.ru

Aşyp ençe ýol-ýodany gelemsoň,
Uly gyz bolupsyň diyme Ejem jan!
Seni küýsäp, bir sen diyip köýemsoň,
Başga ojak gülisin diyme Ejemjan!

Tüsseledip meni hem kalpdaky şygry,
Hiç gutarmaz durmuşyň bygyr-bygry,
Saýlan bolsaň özüňe gerekli ugry,
Wagtyň boldy ak yoluň diyme Ejemjan!

Heniz henizlerem, çaga men çaga,
Boýun bolmak kyn gelyä gitmek ýazgyda,
Entekler odemedim beren ak süýdüň,
"Bagtly bolsaň besdir" diyme Ejemjan!

Şeylebir karzym kän, melegim saňa,
Az hem bolsa gaýtaraýyn wagt ber maňa,
Süýji söhbetiň bilen ýene kän ýeteli daňa,
Meň deňlerim agtyk gördi diyme Ejemjan!

Herhal ogluň bar, Allaň bereninden,
Gysdap durma, gaydaweri beren emriňden,
Goý ogluň öýlensin, agtyk göräý gelniňden -
Diýsem, sen ulyja diýme Ejemjan!

Ýene iki sene bolsun lälik durmuşym,
Soňra gelse gelibersin Bagt guşum!
Şonda ak kürteli, akja gyzyňy,guçup,
Aglap, gidaýjekmi diyme Ejemjan!

Her hal bolsun Biribaryň isläni,
Bagtym bersin,bermese-de kalpda besläni.
Onsaň agtyklaňa guwanşyň bilen,
Olary muhabbete sarayşyň bilen,
Her gün ertir Taňrymdan dileýşim meniň-
Kakam bilen uzak yasha Ejemjan!!!

Awtory: Begenc Örayew


123

10

0

3

0

0

2
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Umyt (goşgy)


Üstünlik diňe!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Arzyhan (Düýn, 23:50)

Umyt (goşgy)


Mlds gowy goşgy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Sasiyona (Düýn, 22:03)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


pahyryn işini gorupdirler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Sasiyona (Düýn, 21:59)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Entek umyt bar diydigida onda lukmanlañ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Kerim-98 (Düýn, 21:50)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Znaçit gyzyl diş goýdurmaly däl)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Ahmal (Düýn, 21:45)

Mesawy söhbet


aglagynç?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Kerim-98 (Düýn, 21:44)

Mesawy söhbet


Men näzimi artdyryp durman, "henege" başladym. o näme bolýar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Fantom (Düýn, 21:06)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Bah bu kim indi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Kerim-98 (Düýn, 20:58)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Men size suratymy hödürlemekçi. Garaşyň. Dört ýyl mundan ozal düşen suratymy. Eger şu suratya gowy baha berseňiz men bu ýerde biraz wagt galaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Gownejay (Düýn, 19:50)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


-Bu dünýäde men ýeke-täk Menden başga hiç kim ýok. Senden yekejesi bardygam bir gowy zat, Allajan şondan köpeltmäwersin) yzam bar diýãrow...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Düýn, 18:04)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика