Ýürekdeş sözler!
Dunyodagi : Söýgi päk ýürekde dörän arassa duýgudyr. Söýgi ornaşan ýürek başga muşakgaty götermez. Sebäbi iň uly muşakgatlaryň biri söýgüdir. Söýgi nä derejede päk hem bolsa ol akyl bilen aýşy-eşretiň ortasynda duran- dyr. Emma köplenç akyl hem ondan ejiz gelýändir. Ol ynsany ukudan, akyl-huşdan we tagamdan jyda düşürip, rahatlygyny elinden alýandyr.
Jennifer lopez barada
Premium
BAYOGUL [1s] 11.09.2024 / 19:51
Jennifer Linn Lopez (iňlis. Jennifer Lynn Lopez) amerikan aktrisasy, tansçy, aýdymçy, modelýer, prodýuser we telekeçi.
1969-njy ýylyň 24-nji iýulynda Jennifer Nýu-Ýork şäheriniň baý bolmadyk böleginde Bronksda eneden bolýar. Onuň maşgalasy Puerto-Riko döwletinden gelip çykan. Jenniferyň iki uýasy bar, olaryň biri Linda Lopez täzelik habarçysy. Lopez öz orta bilimini gyzlar üçin katolik bolan mekdebinde tamamlaýar. Şeýle hem ol çagalyk döwründen aýdym aýtmak we tans sungaty bilen meşgullanýar.
Mekdebini tamamlanyndan soň Jennifer ýuridik edara işe girýär. Ol ýerde Lopez gündizine işleýär, gijesine bolsa gijeki klublarda çykyş edýär. Birinji ösüşini "New Kids on the Block" ýaş pop-gruppa topary bilen gazanýar. Soňra Janet Jekson we Mark Entoni ýaly belli aýdymçylarda çykyş edýär.
Jennifer Lopez şow-biznesdan hem daşary telekeçilik bilen hem meşgullanýar. Onuň özüne degişli JLo by Jennifer Lopez atly eşik liniýasy bar. 2002-nji ýylyň 12-nji aprelynda JeýLo Pasadena şäherinde Madre’s atly restoranyny açýar. Iň uly üstünligini parfýumeriýa biznesynda gazanýar. Onuň birinji Glow by J.Lo atly hoşboý ysly parfýumy satuwda rekord goýdy.
2008-nji ýylda Jenniferyň ekiz çagasy bolýar. Ogly Maksimilian Dewid we gyzy Emma Meribel. Olaryň kakasy Mark Entoni, Jennifer Lopez bilen bilelikde 2011-nji ýylyň 15-nji iýulynda aýrylyşmak barada karara gelýärler.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ýöne öň-ä mende, şu pormy: lunatiklik, ukudaka diwaryň ýüzünde gezim edip, soňra potolokdan dikbaşaşak ýöremek, düýşünde suahilide ýa-da sanskrit...
dowamy...Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Mahym Nurgeldiýewanyň kitaby bilen bagly waka, belki düýşde ýa-da huşda görlen oraşandyr, bahym bu kitabyň çap ediljegidir, Alla ýol berse. Kitab...
dowamy...
Ýokaryk