Ýürekdeş sözler!
Fantom : Если девушка говорит тебе: "Ну скажиии, я не обижусь", - молчи, ради своей же безопасности, молчи!
Söhbet Döwletow "SÖÝERIN SENI"
Öwreniji Sohbet_Dowletow [off] 19.09.2024 / 20:30 .
Jan tenden çykýança söýerin seni,
Söýerin men seni ömür bakylyk.
Kän zady däl, ýalňyz zady söýdüm men,
Bolduň tümlügimde ýalňyz ýagtylyk.
Goňur gözlerime ýerleşdiň birden,
Iller seni gözlerimden tanarlar.
Söý, sen meni berme özge ellere,
Goý, bizden daş dursun, ajy ýalanlar.
Söý sen meni, kemsidilen bu göwnüm,
Janlansyn birden-kä gudratyň bilen.
Görejim güýçlendi bu dünýä üçin,
Çünki, gözlerime nazaryň siňen.
Başga bir gyz meň daşymdan aýlanyp,
Ogşasa söýerin, dünýede barkam.
Sendenem ezizläp söýjek şol gyzym,
Saňa "Eje" diýjek, maňa-da "Kaka".
Söhbet Döwletow.
20.06.2024ý.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ýöne öň-ä mende, şu pormy: lunatiklik, ukudaka diwaryň ýüzünde gezim edip, soňra potolokdan dikbaşaşak ýöremek, düýşünde suahilide ýa-da sanskrit...
dowamy...Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Mahym Nurgeldiýewanyň kitaby bilen bagly waka, belki düýşde ýa-da huşda görlen oraşandyr, bahym bu kitabyň çap ediljegidir, Alla ýol berse. Kitab...
dowamy...
Ýokaryk