Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Kärhana "Arzuw" (söýgi hakynda)
 Täzeje
 Serik [off]
 24.01.2024 / 07:09

Daşgy gapy haýaljakdan açyldy we ol ýerden utanjaň oglanyň kellesi göründi.

–Girmek mümkinmi? –Kelle sorady.

Otagyň eýesi bolsa owadan gyzdy, ol gyzyň sesi hem özi ýaly owadandy. Ol owadan sesi bilen jogap berdi we mähirli ýylgyrdy.

–Dagy näme, hökman giriň.

Çekinjeň oglan çekinjeň ädimler bilen otaga ätledi we daş töweregini synlamaga başlady. Otagyň içi örän owadandy we geňdi. Utanjaň oglan entek beýle otaglarda hiç wagt bolup görmändi.

–Otag size ýaraýarmy? –Mähirli ses gyzyklandy.

–Men dogrymy aýtsam bolýarmy? –Oglan azajyk pikirlenip sorady.

–Elbetde, şu ýerde dogryňy sözlemän dagy nirde sözlejek? –Gyz öňküsinden has mähirili ýylgyrdy.

–Maňa siziň otagyňyz ýaranok, –oglan kesdi. –Maňa hiç haçan çenden aşa kaşaňlyk ýaranokdy.

Jogap gyzyň keýpini gaçyrmalydy, ýöne beýle bolmady. Sebäbi gyz adaty gyz däldi, bu ýeriň özi adaty ýer däldi.

–Diýmek mende şu hepde edere iş kän. –Gyz hem öz öwrenşen otagyna göz gezdirdi, hamala ol ýeri ömründe birinji gezek görýän ýaly. –Dogrymy aýtsam otagyň içi maňada känbir ýarap baranok, ýöne müşderileriň göwnünden turýar diýip üýtgetmän ýördük.

–Men siziň otagyňyz erbet diýjek bolmadym, men diňe meň göwnüme ýaranok diýdim. A men bolsa känbir beýle zatlara düşünemok, –oglan ötünç soraýan ýaly äheňde seslendi.

–Bolýada, oturuň, –gyz oglana ýer görkezdi.

Oglan hamala aýagynyň aşagyna ýazylan halyny hapalamaga gorkýan ýaly seresaplylyk bilen ädimläp, görkezlen ýerde oturdy. Indi gyz bilen oglanyň arasynda birje stol bardy. Gyzyň tirsekleri stolyň üstündedi, daralmadyk gara uzyn saçlary gyzyň ýalaňaç göwüslerini zordan ýapýardy. Gyz tutuşlugyna ýalaňaçdy, ýöne özüni tutuşy hamala dünýede iň gymmat lybas geýen ýalydy. Gyz çala saýgarylýan ýylgyryş bilen oglany boýdan başa synlady. Oglan bolsa bir zatdan çekinýän ýaly oturguçda bir gysym bolup otyrdy.

–Sizi bir zat ýaýdandyrýarmy? –Gyz göwüsleriniň uçlary ýalaňaçlanar ýaly öňe gaýşarlyp sorady.

–Ýok, –oglan parahat ses bilen jogap berdi. –Maňa siziň göwüsleriňiz ýaraýar. Tutuş bedeniňizi synlasam bolýarmy?

Gyz çalaja ýylgyryş bilen ýerinden turdy we iki elini gapdala ýaýyp duran ýerinde bir iki gezek aýlandy we sorady:

–Size ýeterlikmi ýa-da ýene bir gezek aýlanaýynmy?

–Ýok sag boluň men örän minnetdar, –oglan şol öňki parahat ses bilen jogap berdi.

–Eger başga haýyşdyňyz ýok bolsa we maňa rugsat berseňiz men öz wezipämi ýerine ýetirip başlajak, –şeýle sözler bilen gyz öz oturgujyna çökdi.

Oglan hiç zat jogap bermedi we diňe çalaja başyny atdy. Gyz stoluň üstinde duran kagyzlary eýläk beýläk dörüp başlady. Oglan bolsa hamala gyz ýok ýaly daş töweregine seredýärdi, otagyň içi uly bolmasada ol ýerde entek göze ilmedik zatlar kändi.

–Afrika ýurtlarynyň Patyşalarynyň haýsam bolsa biriniň otagynyň anyk nusgasy, –gyz gözlerini kagyzlardan galdyrman gürledi. Gyzyň ýüzünden mähirli ýylgyryş düşenokdy.

–Näme diýdiňiz? –oglan sorady.

–Biziň oturan otagmyz Afrika ýurtlarynyň Patyşalarynyň biriniň otagyndan göçürlen, –gyz gaýtalady.

–Sag boluň, men siz aýtmasaňyzam özüm aňdym. –Oglan gödek jogap berdi, ýöne barybir gyzyň göwnüne degip bilmedi.

–Geliň onda işe başlalyň, –gyz gerekli kagyzlary tapyp stola golaý süýşdi. –Siz adyňyz plany, özüňizem planyň ogly we planylaryň maşgalasyndan? –Gyz oglanyň adyny tutuşlygna agzap geçdi. Oglan hiç zat jogap bermän diňe başyny atdy.

–Siz hormatly planyň ogly plany, –gyz edil kätip ýaly dowam etdi. –Plan aýyň plan senesinde, ýagny 40 gün mundan öň öz janyňyza kast etdiňiz we dirileriň dünýesinden gaýtdyňyz? Aýdylýan zatlar dogrymy? –Gyz gözlerini galdyrdy.

–Eger men siziň öňüňizde oturan bolsam diýmek dogry, onsoňam siz hemme kişä şeýle samsyk sorag berýäňizmi?

Oglan ýene gyzyň göwnüne degmäge synanşdy.

–Düşünýäňizmi, meň üstümden günde miliýonlarça adam geçýär, olaryň içinden diňe barmak basyp sanaýmaljalary öz ölenini boýyn alýarlar, galanlaryny bolsa oturup ynandyrmaly bolýar. Siz ýaly düşbüje müşderi bize seýrek gelýär. Başga soragyňyz barmy? –Gyz gaty görmegiň ýerine ýene mähirli ýylgyrdy. Oglan hiç zat jogap bermän ýene daş töweregini synlamaga durdy.

–Eger siziň eýýäm ölendigiňiz barada hiç hili sorag galmadyk bolsa dowam edeliň. Siz öz janyňyza kast etdiňiz, ýagny özüňizi asdyňyz we bedeniňize barýan howany kesdiňiz.

–Men nämeden ölenimi gowy bilýän, bu ýerde maňa ýatladyp oturmagyň hiç hili hajaty ýok, –oglan gyzyň sözüni böldi we otaga gireni bäri birinji gezek çyny bilen gaharlandy. Bolup geçen zatlary ýatlamak oňa agyr düşýärdi.

–Hawa, size ýatladyp oturmagyň hajaty ýok, –gyz mähirli seslendi we edil şeýlede ýylgyrdy. –Men başga zada üns çekjekdim, ýöne siz meň sözümi böldüňiz. Men siziň näme üçin öz janyňyza kast edeniňiz barada pikir açjakdym, elbetde garşy bolmasaňyz?

–Eger garşy bolmasaňyz? Eger garşy bolsam näme? Men bu ýerde öz erkimemi? –Oglan howlukmaç ses bilen sorady. –Men ýerimden turup şu gapydan çykyp gidip bilýänmi?

–Elbetde siz öz erkiňize, siz islän zadyňyzy edip bilýäňiz, ýöne bir zady unutmaň, bu ýerde, –gyz barmagyny otagyň içine aýlady, –siz çözülmedik soragdan gaçyp bilýäňiz, ýöne sorag öz özünden hiç ýerik ýitenok. Irde giçde siz ýene şol soraga gaýdyp gelmeli bolarsyňyz, bu ýeri size Zemin däl, bu ýeriň öz kanynlary bar.

–Beýle bolýan bolsa geliň onda soragy şu wagt we şu ýerde çözeliň, –oglan hem edil gyz ýaly otagyň içine barmagyny aýlady.

Gyz jogabyň ýerine diňe çalaja ýylgyrdy we dowam etdi:

–Ýaňy aýdyşym ýaly siz öz janyňyza kast etdiňiz?

–Hawa, –oglan başyny atdy.

–Siz paýlaşylmadyk söýgü üçin öz janyňyza kast etdiňiz.

–Näme üçin? Näme üçin? Ýene bir gezek gaýtalaň haýyşt edýän.

–Siz bir gyzy söýdüňiz we ol gyz siziň söýgüňize söýgü bilen jogap bermedi, gaýtam oň tersine, size ýigrenç we äsgermezlik bilen jogap berdi. Men dogry belleýänmi? –Gyz ýene gözlerini kagyzlardan galdyryp oglana seretdi.

–Örän täsin, –oglan ýylgyrdy, eger ýalňyşmaýan bolsak otaga gireli bäri birinji gezek. –Örän täsin, aýtsaňyzlaň siziň heý men hakda bilmeýän zadyňyz barmy?

–Biz Zemini uly hyjuw bilen synlaýans we hiç zat biziň gözlerimizden gizlenenok. Siz ýaly müşderiler aslada. Siz şol gyzyň sizden ýüz döndüreni üçin öz janyňyza kast etdiňiz.

–Ýok, –oglan gyzyň sözlerini böldi, –diňe ol gyz üçin däl, dogry gyz iň soňky damja boldy, ýöne gyz damjalaryň bary däldi. Men asla soňky döwür ýaşap ýadadym, bilýäňizmi günde irden turmaly, bir ýerlerik gitmeli, aý garaz durşuna hasrat.

Oglan “Bir ýerik gitmeli” sözi diýende stoluň üstünden iki barmagyny edil adam aýaklary ýaly edip ýöretdi.

–Biz sizi bu ýerik ýazgarmak ýa-da size duýgudaşlyk bildirmek üçin çagyramzok, –bu gezek gyz oglanyň sözlerini böldi. –Bizi siziň arzuwlaryňyz gyzyklandurýar, özem diňe şol gyz baradaky arzuwlaryňyz.

–Eden arzuwlarym diýiňsene, maňa indi ol gyz gerek däl, men ony indi söýemok. Belki kellämi halkadan geçiren wagtym samsyk pikirlerimiň bary janym bilem bile çykyp gidendir?

–Belki gidendir? A belki sizde entegem öýke kine gürleýändir?

–Ýok, bu ýerde hiç kime öýke kine eder ýaly ýer däl, ynanaýyň maňa men diýseň bagytly. Eger bu ýeriň beýle gowdygyny bilen bolsam bir eýýäm öz janyma kast ederdim.

–Mümkin bagytlysyňyz, men siz bilen jedelleşip biljek däl, ýöne siziň entek diri wagtyňyz eden arzuwlaryňyz bar, ana şolar bilen nähili bolmaly? Olar hem çözülmedik sorag ýaly şol asmandan asylyp dur. –Şeýle sözler bilen gyz daş töweregine seretdi we edil çaga ýaly ýylgyrdy. –Düşünýäňizmi biziň kärhanamyzyň ady “Arzuw”. Biz diňe arzuwlar bilen meşgullanýas.

–Onsoň siz arzuwlar bilen näme edýäňiz, –oglan hamala gyzyklanýan ýaly öňe gaýyşdy.

–Jogap ýönekeý, biz olary amala aşyrýas, –gyz gysgaça jogap berdi.

Ýöne gyzyň jogaby oglana ýaramady, ol bir tüýsly yşarat bilen gyza hiç zat gürleman epesli wagt seredip durdy. Gyz hem oň näme diýjek bolýanyny bir bada aňmady.

–Eger siziň kärhanaňyz arzuwlary amala aşyrýan bolsa men näme üçin bu ýerde? –Oglan iki gapdala ellerini ýaýdy. –Onsoňam boljak işleriň bary bolansoň sizden näme peýda?

–Bar zat siziň pikir edişiňiz ýaly ýönekeý däl. Biz arzuwlary hökman amal aşyrýas, ýöne başga durmuşda, siz düşünýäňizmi?

–O nähili başga durmuşda? –Oglan geň galyp seretdi.

–Siz ýene bir näçe gezek Zemine inmeli bolarsyňyz, –gyz eli bilen ýeri görkezdi.

–Düşünmedim, o nahili inmeli bolaryn? Ýene täzeden dogulmalymy? Ýok, maňa beýle bagt gerek däl. Maňa bir gezegem ýeterlik boldy, ýok sag boluň, ömrüňiz uzak bolsy, men ol ýerden gaçyp gaýtdym, siz bolsa meni ýene yzymamy?

Şeýle sözler bilen oglan haýaljakdan ýerinden turup gapa tarap ýörejek boldy, ýöne ony gyz saklady.

–Duruň, soragdan gaçyp gutular ýaly bu ýer size Zemin däl, bu ýeriň öz kanunlary bar.

Oglan sägindi we ýene ýerine geçip otyrdy, ol çyndanam bu ýeriň kanunlaryna beletdi.

–Siz menden näme isleýäňiz? –Oglan hasratly ses bilen sorady.

–Siz näme üçin beýle gamgyn soraýaňyz? Biz diňe siziň bir mahal eden arzuwyňyzy amala aşyrjak bolýas. Her bir adam Ýaradyjydan razy bolmalydyr. Eger arzuwňyzyň hasyl bolmagyny islemeýän bolsaňyz arzuw etmäň. Çykalga ýönekeý. Siz entek diri wagtyňyz bir gyzy söýdüňiz, ýöne gyz sizi söýmedi. Wagt geçdi siz öldüňiz, gyz hem öldü. Göräýmäne waka tamamlandy, ýöne diňe biziň üçin däl. Biziň kärhanamyz, ýagny “Arzuw’ kärhanasy size ikinji mümkinçilik berýär. Biz sizi we siziň söýen gyzyňyzy täzeden Zemine ugradýas we siz bu gezek bile bolar ýaly elimizden gelenini gaýgyrmazok. Maňa ynanaýyň biziň elimizden örän köp işler gelýär.

–Siz bilýäňizmi men entek diri wagtym edil siz ýaly medenýetli gürleýän bir gyzy tanaýadym, –oglan ýylgyrdy.

–Haýyşt edýän gürrüňmizden daşlaşmalyň, –gyz hem ýylgyryp jogap berdi. Aslyýetinde bolsa gyzyň kalbynda nämeleriň gopýany belli däldi.

–Bolýa, –diýdi oglan. –Eger maňa ol arzuw indi gerekdäl bolsa näme? Siz meni zorlap täzeden Zemine salyp bilmersiňizä? Maňa gyz gerek däl, maňa hiç kim gerek däl.

–Gynansakda bar zat beýle ýönekeý däl, biz eýýäm siz täzeden dogular ýaly, we şol gyza duşar ýaly müňlerçe adanyň ykbalyda üýtgeşme girizdik. Siz hiç bir ýagdaýda bize ýok diýmäge hakyňyz ýok. Bar zady yzyna gaýtarjak bolsaň bir giden iş etmeli boljak. Onsaňam gyzyň hem size degişli arzuwlary bar.

–O nämäň arzuwlary? Gyz menden ýüz döndürdi. –Oglan otagyň eýesine geň galyp seretdi.

–Hawa döndürdi, söz üstünde döndürdi, ýöne ýüreklerde döndürmedi. Edil söýgü bolmasada siz hem oň durmuşynda öz yzyňyzy goýup geçdiňiz. Düşünýäňizmi, biziň edaranyz siziň arzuwuňyzy hökman hasyl edäýmeli, başgaça hiç hili çykalga ýok. Siz bilýäňizä bu dünýäň kanunlaryny? Her bir adam hökman öz arzuwyna ýetäýmeli.

–Men bir zada düşünemok, siz näme üçin şol gyzy maňa ilki başda bermediňiz? Eger çyndanam arzuwlary hasyl edýän bolsaňyz.

–Bu soragyň jogaby ýönekeý, siz gaty owadan gyza ýapyşdyňyz, ol gyzy bolsa söýýän oglan örän kän, onsoň biz haýsy bir oglanyň arzuwyny amala aşyraly? Gyzyň şu wagtky durmuşynda bir oglan bagytly boldy, –şeýle sözler bilen gyz, ýeňsesine bir ýerlerik elini uzatdy, –gelejekgi durmuşynda siz bagytly bolmaly, ondan soňky durmuşda ýene bir oglan öz arzuwyna ýeter. We şeýle usul bilen tä ahyrzamana çenli.

–Siziň usulyňyz örän ýürek bulanç, gyzy edil küntü heleý ýaly her durmuşda bir erkek bilen sapyp ýörsiňizmi?

–A bizde başga alaç ýok, hiç kim Zeminden armanly gitmeli däl, hemme kişi hemme kişiden razylaşmaly. Onsoňam Beýik ýaradyjy berip bilmejek zadynyň arzuwyny etdirenok. Siz oňa eýýäm düşünensiňizle?

–Ondada siziň usulyňyz bolanok, maňa gyz gerek däl, men öz arzuwymdan ýüz öwürýän.

–Beýle etmegem bolanok, siz hem birniň arzuwy boldyňyz, ýöne özüňizem bileňzok, biz sizi belki şonuň üçin hem täzeden Zemine ugratmaly bolýandyrys.

–Men indi bu ýere näme üçin “Dowzah” diýilýänine düşündim öýdýän? –Oglan ulydan demini aldy.

–Siz ýalňyşýaňyz, –gyz ony düzetmäne howlukdy. –Biz Dowzah däl, biz Jennedem däl. Biz diňe Arzuw kärhanasy. Biz adamlaryň arzuwlary hasyl bolar ýaly wajyp hasaplamalary geçirýäs. Mysal üçin siz indiki durmuşda şol gyz bilen duşuşar ýaly biziň kärhanamyz müňden gowrak adamlaryň ykballaryna düzediş girizmeli boldy. Indi şonça edilen işlerden soň siz bar zady yzyna gaýtaryň diýýäňmi?

–Bilýän, siziň gapyňyzyň ýeňsesinde ýazylgy dur edýän işiňiz, –oglan jogap berdi. Ýöne maňa siziň hyzmatlaryňyz derkar däl, men öz samsyk arzuwymdan ýüz döndürýän, düşünýäňizmi? Ýüz döndürýän. –Oglan iň soňky sözlerini harplap aýtdy. –A üýtgedilen ykballar barada aýdamda men sizden haýyşt etmedim.

–Adamlar bilen iş çalyşmak nähili kyn? –Bu gezek gyz ulydan demini aldy. –Geliň men size bar zady başgaça düşündirjek bolaýyn.

–Synanşyp görüň, –Oglan oturguçda yza gaýşaryp iki elini ýeňsesinde goýdy.

–Serediň, –gyz öňüne arassa kagyz bilen galam aldy. –Ine bu siz, –gyz kagyzyň ýüzünde bir adamjygyň şekilini çekdi. Oglan öňe gaýyşyp stola başyny egdi. –Bu bolsa siziň durmuşda gatnaşan adamlaryňyz. –Soň gyz ýene bir topar adamjyklaň şekilini çekdi we olaryň barsyndan oglanyň şekiline çenli çyzyk çyzdy. –Aýdaly siz tanaýan adamlaryňyzyň bary bilen gowy gatnaşykda bolmadyňyz? Mysal üçin aýdaly şu adam siziň duşmanyňyz, –gyz bir adamjygyň şekilniň üstünden atanak çyzdy.

–Hawa, –oglan başyny atyp ýylgyrdy, –men hatda ol adamyň kimdigini hem aýdyp biljek.

–Siz biderek ýere şatlanýaňyz, her bir duşmançylyk üçin siz ýene bir näçe gezek Zemine inmeli bolarsyzňyz.

–Onähili beýle? –Oglan aňk taňk boldy.

–Eger siz birniň göwnüne degen bolsaňyz we ol adam sizi bagyşlamadyk bolsa size Jennedede ýol ýapyk Dowzahada. Men siziň diliňizde gürläýinle, siz bu ýerik ikä bölmegi gowy görýäňizä? Elbetde bir biriniň göwnine degenler bilen biziň edaramyz meşgullananok, ýöne men size barybir aýdaýyn. Bu ýerde bizden başgada bir näçe hasaplaýyş edaralary bar, ana şol edaralaryň biri sizi diňe birine ýaman söz aýdanyňyz üçin yzyňyza ugradyp biler.

–Birne bir zat diýenim üçin men ýene täzeden yzyma gitmelimi? –Oglan kellesini tutdy.

–Dagy näme, –gyz ýylgyrdy, –ýöne bu eýýäm biziň edaramyzyň işi däl. Biziň edaramyzyň ady “Arzuw”

–Bilýän siz eýýäm aýtdyňyz, –oglan hüňňürdedi.

–Biziň maksadymyz sizi öz arzuwyňyz bilen täzeden duşurmak. Eger ugryna bola size ýekeje durmuş ýeterlik bolar. Eger ugryna bolmasa, näme etjek kä halatlarda şeýlede bolaýýar, biz sizi ýene täzeden Zemine...

–Bir gezekden ugryna bolmasa diýdigiňiz näme bolýar? –Oglan gyzyň sözüni böldü. Hany siz müňlerçe adamlaryň ykballaryna täsir etdik diýdiňizä?

–Düşünýäňizmi? Hemme ýagdaýlary hasaplap bolanok, Adamzadyň hiç bir hereketini öňünden aýdar ýaly däl. Eger birinji gezekde bolmasa biz ikinji gezekde azajyk üýtgeşme girizýäs. Gyzyň ýaşyny 3-4 ýaş uly edip görýäs, soň oglanyň ýaşyny uly edip görýäs. Halys gyz oglan bir birine ýakynlaşmasa bir oglany şol gyzdan dogular ýaly edýäs, sebäbi enäň öz çagasyna berýän söýgüsinden güýçli söýgi ýokdyr...

–Näme diýdiňiz, täzeden gaýtalaň, men hiç zada düşünmedim.

–Ýok, gaýtalajak däl, men şonsyzam size aýtmalymdan örän köp aýtdym, onsaňam size adamlara barybir köp zada düşünme ýok. Siziň esasy düşünmeli zadyňyz durmuşda tanaýan adamlaryňyzyň bary sizden razy bolmaly, –gyz kagyzyň ýüzünde çeken adam şekiljikleriniň barynyň daşyny çyzdy. –Siz bilen irde giçde duşyşan her bir adam sizden doly razy bolmaly, eger şeýle etmeseňiz Zemine yzly yzyna inmeli bolarsyňyz, bu welin size känbir ýaranok öýdýän?

Gyzyň soragyna oglan diňe başyny atdy. Oglan gowja ýadapdy ýa-da oýlanýardy?

–Siziň kyn müşderidigiňiz barada maňa duýdyrypdylar. Ýöne etjek alajyň ýok, siz ýalylar bilen hem biziň kärhanamyz iş çalşmaly bolýar.

Şol sözlerden soň gyz hiç zat gürlemän diňe oglany synlap durdy, oglan bolsa başyny galdyrman bir zatlaryň pikirini edýärdi. Belli däl aradan näçe wagt geçdi, olaryň ikisindede sagat ýokdy, sagat otagyň içindede hiç ýerde ýokdy. Asla wagt diýen zat ol dünýede ýok. wagt näçe geçen bolsada belli däl, belki bir sagat, belki bir ýyl belkide bir asyr? Birinji bilen oglan dillendi:

–Aýdyň, siz näme üçin meň öňümde şol gyzyň sypatynda otyrsyňyz, –oglan başyny ýerden galdyrman sorady.

–Siziň söýýän gyzyňyzyň sypatyndamy? –Gyz ýylgyrdy. –Nähili düşündireýin, ilki bilen siz maňa lezzetli sereder ýaly, ikinjidenem sizde täzeden Zemine inmek üçin gyzyklanma dörär ýaly.

–Ýöne barybir siziň ol dälligiňiz bildirip dur, –oglan ýene şol öňki ýerden jogap berdi. –Göräýmäne hereketler, gürleýiş äheň, bar zat edil özi ýaly, ýöne göze ilmeýän bir zat siziň galpdygyňyzy aýdyp dur. Men göni gapydan giremde duýdum.

–Men size ýaran bolsam bolýar, men bilgeşeýin ýalaňaç oturdym. Siz diri wagtyňyz ony ýalaňaç gören dälsiňizä?

–Ýok göremok, –oglan başyny galdyryp gyza täzeden göz gezdirdi.

–Ana görýäňizmi, eger täzeden Zemine inmäge razy bolsaňyz ony indi ýalaňaç görüp bilersiňiz, men size söz berýän, şu gezek bar zat gowy bolar, sizde bir giden çaga bolar, siz bagytly bolarsyňyz.

–Soň ol gyzy başga bir söýen oglan bilen täzeden ýene bir durmuşda? –Oglan sorady.

–Hawa, siz indi düşündiňizmi biziň işimiziň nähili kyndygyna? Biz bir giden ykballary hasaplamaly we bar adamlary bagytly etmeli.

–Bilýäňizmi näme? Men şol gyz bilen hiç hili gatnaşygy islämok, ony kim bilen sapasyňyz gelse sapyberiň, isleseňiz müň gezek, isleseňiz miliýon gezek.

–Sorag diňe sizde däl, –Gyz gamgyn gürledi, –sorag gyzyň özünde, ol sizi göresi gelýär, siz şonuň üçin hem Zemine inmeli bolarsyňyz.

–Diýmek mende başga çykalga ýokda? Eger men razy bolmasam näme? Siz meni zorluk bilen öz doguluş maşynyňyza dykyp bilmersiňizä?

–Ýok, bu ýerde zorluga ýer ýok, siz ony eýýäm menden gowy düşünensiňizle? Siz ahyrzaman çenli ruh halda gezip bilersiňiz, ýöne siz bilen bagly adamlaryň bary, –gyz ýene kagyza görkezdi, –edil siz ýaly asylan ýagdaýda galýarlar. Olar sizi gözläp Zemine yzly zyzna inýärler, ýöne siz ol ýerde ýok. Olaryň biri sizden ar almak üçin inýär, ýene biri sag bolsy aýtmak üçin, ýene biri sizi söýeni üçin, ýöne her gezek olar täzeden dogulýarlar, emma daş töwerekde siz ýok. Onsoň olar näme etmeli? Siz hökmän Zemine ýene bir näçe gezek inmeli, başga çykalga ýok.

Oglan ýene bir näçe wagt oýa batyp hiç zat jogap bermedi, ýöne oň iň soňynda razy boljagyny gyz bilýärdi. Iň soňynda şeýlede boldy, oglan razylaşdy.

–Gyzyň sypatyna degişli haýyşdyňyz barmy? Belki has owadan etmelidir, ýa-da başga üýtgeşmeler?

–Ýok, hiç zada degmäň, goý bar zat öňki öňkiligine galsyn, ýöne azajyk göwüslerini ulyrak edäýiň, ýok, goý bar zat öňkisi ýaly galsyn, men ol ýerde kän eglenme nýetimde ýok. Ýogsada mende bir sorag bar. Men häzir Zemine täzeden insem nädip adamlar bilen arabaglanşygy azaltmaly? Aýtjak bolýanym nädip azyrak dogular ýaly etmeli? Adamlar bilen azyrak gatnaşmalymy?

–Bu soragyňyz bolsa hakyky dana admyň soragy. Eger azyrak dogulasyňyz gelse hiç kim bilen gatnaşmaň, hiç kimiň göwnüne degmäň, goý siziň bardygyňyzy hiç kim bilmesin. Eger oňarsaňyz şäheriň çetinde bir ýerde ýekeçilikde ýaşaň. Eger 5-6 gezek dogulaňyzda şeýle durmuş size başartsa siz Zeminden tutuşlygyna azat bolup bilersiňiz. Onsoň 4 tarapyňyz açyk, isle Jennede uçuň, isle Jähenneme. Biz sizi saklamaga hiç hili hokugymyz ýok.

09.08.2019ý

Rahman Zulfikarow


97

5

1

0

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Nown [off]
 24.01.2024 / 07:16

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)

At yazmak


Emir ,Nesibe,Soltan,Rahman&Rahym,Seyran ,Mukam,Nâzli,Arzuw.....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Heartbeat (Şugün, 06:46)

At yazmak


😏 kim menin yuregimin eyesi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
MEGAFON (Şugün, 03:26)

At yazmak


Moral aymyrat sohbet gunca lacyn...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Domen (Şugün, 02:52)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика