Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Kalbimde yaşıyorsun ama kiranı vermiyorsun. Nasıl olacak?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Tüýs wagtynda geldiň...
 Gytyndan
 Baron [off]
 24.09.2024 / 09:56
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Güýzän ýüregime bolup teselli,
Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.
Göwnümi uçuryp goýberdiň arşa,
Iglän arzuwlarna bolduň-da direg.

Ýok, uzaklyk ürküzmedi söýgini,
Ýollar ak geljegiň buşlugy ýaly.
Geçip barýan günler garrylyga däl,
Äkidip barýan deý ýaşlyga sary.

Gözleň göl döredip göwün öýümde,
Kalbyma keşde deý çekildi adyň.
Ýürege yp-yssy rahatlyk berýär
Tanşym, tanyş dälim, ýakynym, ýadym.

Bilýän, bu pursatlar “Ykbal” kitabma
Tämiz sahap bolup, müdimi girer.
Sebäp, duýgularma berip teselli,
Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.

© Sapa HOMMADOW


170

23

4

8

0

0

2
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 24.09.2024 / 10:01

+1

Gowy eken galamyn ujy yiti bolsun

 Täzeje
 serahsi [off]
 24.09.2024 / 10:38

+1

Tüweleme oñat goşgy eken. Ylhamyñ mydama joşup dursun şahyr dost!

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 24.09.2024 / 16:05

+1

Molodes

 Täzeje
 Dreamfull [off]
  .Каждое утро — это время начать жизнь снова
 25.09.2024 / 14:08

+1

Palawy sacaga alanynyzdamy?Yany bilen gök cayam barmy:')?


Gytyndan
Pegas  (25.09.2024 / 14:23) 

Dreamfull, haha))

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Eminlik teklibine hic zat diymansiniz weli kabul edemok diydiginiz oydyen ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Arwah gelyan gijesi 2


Dogamyy bar... 2-nji bölüminiň......dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:22)

Arwah gelyan gijesi 2


Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly zatlary ýere göm, ýa köçä t...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:20)

Arwah gelyan gijesi 2


ýüzüne tiňkesini dikdi galdy. — Güläle-ýek! Güläle-ýek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?! — Öňki gyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:17)

Arwah gelyan gijesi 2


olary Öweze berdi: — Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde- de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň gabs...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:16)

Özüñe üns ber!


Hemmesem meň edyen zatlam eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Belki (Şugün, 10:09)

Özüñe üns ber!


Bettt...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Bravee (Şugün, 08:00)

Mekdebim


Mlds.Manyly goşgy eken.Yetirip duryn...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Sasiyona (Şugün, 07:05)

Özüñe üns ber!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Sasiyona (Şugün, 07:03)

Özüñe üns ber!


Menem sonyaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Watjik (Şugün, 05:33)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика