Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

SÖÝGI HATY /hekaýa
 Täzeje
 TESTER [off]
 24.01.2024 / 23:14

Şo-ol geçip dur, geçip dur... Ýagyşly-ýagmyrly günlerem, şatlykly-ahmyrly günlerem... şo-ol geçip du-ur, geçip du-ur... Asla geçmejek zat ýok ekeni, gün sypdyrman ýaşap ýörseň.
Indi näçe wagtdyr derdimi içime sygdyryp bilmän ýörün. Ýarylaýmagam aňsat däl, juda tejribäň ýetik bolaýmasa. Bileje kino gideniň bilenem, teatra gideniň bilenem işiň bitäýenok eken. Obada oglanlar: “Student gyzlardyr, kino-beýlekä äkidiberseň, jany bolmaz” diýselerem, boluberýän zat ýok. Jan-a gaty berk ekeni bularda. Selbini özüme imrindirjek bolup, paýtagtyň kinoteatrlarynda-ha otyrýerimiň degmedik oturgyjy galmady. Oýun edip, käte daşrakdan aýlap, diýibem görýän. Göwni bir ýaly şuň-a. Käte-käte paltam daşa degen wagtlary, Selbi öňem bu dünýä myhman bolup, gaty köp çarşenbäni başyndan geçirendir diýip göwnüme gümanam gidýä. Duýarça wagt bold-a ýogsam. Ýa-da aşyk bolanlygyň barada hasabat bermelimikä muňa, ýüzüňi garaňka tutup. Iller-ä edil bal çalnan ýaly. Şu gün biri bilen gol tutuşyp barýandyr, ertir görseň, ýanynda başga bir gyz bardyr.
Aýtjak bolup, aýtjak bolup, aýdybilmän ýuwdunypjyk oňaýmaly bolan gezeklem ýadyma düşende aglasym geliberýär.
Gijelerem uzak, çigrek. Tomus diýer ýaly däl. Ýatybam bolanok. Asla ýatasyňam gelenok. Ýataýsam, gaýdyp turmajak ýaly göwnüme.
Hemmeler süýji ukuda. Käbirleri bir zatlar samraýar. Baýram Gregiň dagy bolup ýatyşyna sered-ä. Muň uky bilen gara bokurdagyndan başga aladasy ýok. Adynyň yzyna Grek lakamynyň ýelmenmegine-de özi sebäp. “Biziň aňrymyz grek, aslymyz göni Makedonskiden gaýdýar. Ýöriş eden wagty Makedonskiý biziň ilde düşläp geçipdir. Ynanmasaňyz, taryh şaýatdyr!” diýip, öwünmek ädehedi bar. Eý, toba, her zatdan öwünseňem boljak ekeni.
Men stoluň başyna geçip, stol çyrasyny “boýun egdirdim”. Ertirki boljak “baş synaga” taýynlyk görmäge başladym. Ähli sapaga degişli ýalňyz depderimiň içinden Selbiniň suratyny çykaryp, üsti-üstüne duran kitaplara söýäp goýdum. Otagyň içi ýagtylan ýaly boldy.
-Salam, meniň deňsiz-taýsyz Selbim!..
Aý, ýok, bul-a bolmady. Bu juda ýürekýargynç hem ýuwan. Giriş hiç-le, esasy bölüme geçeýin.
-Selbi, sen meni bagyşla! Bu hökman şeýle bolaýmaly. Meň-ä aýtmaly boljagym, seňem diňlemeli boljagyň gutulgysyz...
-Gerek däl. Aýtma!
Zähräm ýaryldy. Töweregime seredýän. Hiç kim ýok. Gorky bilen Selbiň suratyna seredýän. Birhili ýüzi öňküden çytylan ýaly. Ýüzüme ot ýapyşan ýaly boldy. Suraty beýlesine öwrüp, dowam etdim.
-Seň muňa garaşyp ýören bolmagyňam mümkin. Ýöne...
-Hiç haçan!!!
Bu näme boldugy? Ähli kişi ýatyr. Seretsem, Selbiniň ýarym ynjan ýüzi suratyň arka ýüzündenem görnüp dur. Men suraty alan ýerimde goýdum.
-Indi-hä päsgel bermeseň gerek – diýip öz ýanymdan hüňürdedim.
Gapdalynda traktor tarlap dursa-da ukusyny bozmaýan Baýram grek başyny galdyrdy.
-Gijelerne-de Ýediň enesi ýaly hüňürdäp, ýatyraňog-aý. Aklyň-zadyň üýtgän-ä däldir hernä?
Mundan netije bolmajagyna gözüm ýetdi. Diňe hat ýazmaly. Ýöne haty nädip Selbä gowşurmaly? Kim gowşurmaly? Hany, ilki ýazaýyn, gowşurmaňam bir alajy bolar-la.
...Indi onunjy gündir, şol ýazyp ýatyryn, ýazyp ýatyryn. Ahyry ýigrimi bir sahypalyk “dessanyma” nokat goýdum. Aslynda-ha köp nokat goýmalydym. “Derdimi” ullakan bukja salyp, ýelimledim. Süňňümden ýedi ýylky derdim çykana döndüm. Içim boşap galan ýaly boldy. Indi ony gowşurmagyň aladasy ýatyr öňde.
...Daşyna dokuz gat gazet dolanan içi “dert-yzaly” bukjany goltugyma gysdyryp, aýlanyp ýörün. Selbi iki ýola gabadam geldi. Birinjisinde salam berdim. Ikinjisinde tasdan entek etmedik etmişim üçin ötünç sorapdym. Her gabat gelende-de bukjany juda ýürekden gysymlaýan. Ýöne het edip bilemok. Öz ýaýdanjaňlygyma alaç tapman gelýärkäm, Selbi bilen bir toparda okaýan Näzik gabat geläýdi.
-Näzik, bir minut dursana!
-Hä, näme?
-Sen häzir Selbini görermiň?
-Hawa, häzir stilistika bar, näme etjek?
“Iýjek, çeýnejek. Ýeri saňa näme azary düşdi diýsene!”
-Aý, hiç, ýöne şuny Selbä gowşurmaly.
-Gowşyryn, näme gowşurman, äber.
Haty Näzige tutduryp, yzyma öwrülenimden ot alyp ugrandyryn. Näzigiň yzyndan ýetip, bukjany yzyna alaýasym geldi, ýöne bognum ysmady.
“Öz-ä ýaman gelşiksiz bold-aý, ýaman gelşiksiz bold-aý” diýip, öz ýanymdan mydyrdadym. Özümi telim gezek ýere sokup, ýerden çykardym.
“Ýeri, togsan dokuz bolmasaň, beýle iş edermiň?”
Ýeke özüm samrap gelýän. Öňümden çykan geňirgenip seredýär. Deňimden böwür berip geçýär. Men kimdir birine içimi döküp, derdimi egsesim geldi. Ýokarky kursda okaýan Akmämmedi hemişeki oturýan ýerinden – iki korpusyň arasyndan tapdym. Ol meni görüp, sönen çilimini täzeden otlamaga durdy.
-Iýmejek bolsaň, zyňaýarlar indi ony.
-Wah, çilimiň lezzeti soňundadyr. Iň soňunda iki-üç gezek ykjamlap sorarsyň welin, gözüň ýerine geläýer.
Nämeden başlajagymy bilmän, ýaýdanyp durun. Akmämmedem özüniň bilýän zatlary barada, bilmeýän zatlary barada-da şo-ol gürrüň berip otyr, gürrüň berip otyr. Sabyr-takatym tükendi. Ahyry:
-Hany, indi esasy meselä geçeli-le – diýdim.
Akmämmediň gözi tegelendi.
-O nä mesele? Ýa ýene bir bolgusyzlyk etdiňmi?
-Öň haçan eşitdiň bolgusyzlyk edenimi?
-Aý, abatlyk edeniň barada-da il arasynda myş-myş ýok... O-how, bi eliň sandyraýşy näbela? Näme boldy saňa? – diýip, ol elime seredip güldi.
-Wah, eliňki hiç-le, sen aýt-aýt bi ýüregiň sandyraýşyny aýt.
Onsoň ähli zady bolşy ýaly gürrüň berdim. Akmämmet hezil edinip güldi.
-Näme, how, edilmeýän zatmy? Agyr jenaýat eden ýaly, sen-ä saňňyldawuk keselli bolupsyň-a. Be-e, men saňa beýle ejizsiň öýtmeýärdim.
Akmämmet täzeden çilim otlandy.
-Ady näme diýdiň-ä?
-Selbi.
-Üwf-f, adam bir gyza degýän ekeni.
-Wah, köp gyza degýä, köp gyza...
Men janagyryly mydyrdadym.
-Onsoň bi, ol saňa jogabam-a bermeli bor. Ony nädip biljek bi bolşuň bilen?!
-Aý, dogan, geçdim men oň jogabyndan indi. Öýke-kine etmese bolýa maňa. Indi men oň gözüne nädip görnerin?
-Onda nämüçin hat berdiň?
-Aý, özümem bilemok şon-a.
-Sen näme et diýsene indi, göni bar-da, “Nädýäň şony?” diý. Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýokmuş. Oň özi keýik bolub-a ýanyňa gelmez.
-Düşünäýsene-how, göni baryp aýtmaga gaýratym çatýan bolsa, hat ýazyp bukdaklap ýörjekmi şeýdip?
Içimi döküp, derdimi egisdim diýäýmeseň, Akmämmetden degerli kömegem, maslahatam bolmady.
...Indi dertden saplanyp, alada uçralym bäri tutuş iki gün geçdi. Men henizem gaçyp-tezip ýörün. Indi-hä ökdeledimem. Ilki-ilkiler-ä ebeteýini tapman heläk bolýardym. Ýöne hemişe şowuna bolubam duranok ekeni...
Bir gün başagaý bolup barýan, seretsem, gabat garşymdan Selbi gelýär jorasy bilen. Entek meni görenok. Näme etmeli? Girere deşik ýok, bukulara-da çöp-çalam. Eý, Hudaýjan-eý!.. Gyssanyp, iň soňkuja pulumy – kisämdäki bäş manady Hudaý ýoluna aýtdym.
Ine, şol barmana ajal hekgäme münende-de gep atyşmajak kursdaşym Oguljahanyň öňümden barýanyny göräýdim. Jana-jan, mähriban doganymy gören dek, iki bökemde ýetdim yzyndan. Hamana, aňyrdan gürrüňleşip gelýän kişi bolup, Oguljahana-ha däl, özüme-de düşnüksiz zatlary samramaga başladym.
-Wah, Oguljahan, seň o diýýäniň dogry-y, gaty dogry, bolman duran zat däl, ýöne özüňem pikir edip gör ahyryn...
Gözümiň gytagyny Selbi dagyň gelýän tarapyna aýlaýan. Eýýäm olaram deňimize ýetiberipdir. Selbiň aşak sallanan gabagy, adatdakysyndan gyzaran ýüzi çalarak görünýär. O-da bir zatlar-a gürrüň berýär jorasyna. Men bol-a!
Gapdalymdaky bende-de agzyny açyp gelýär hiç zada düşünmän. Käte dodagyny müňküldedip, bir zatlar diýmäge hyýallanýar. Ýöne maý beremok. Başardygymdan akylly geplemäge çalyşýan. Zannyňda ýok zady etjek bolmak juda kyn ekeni. Ýene-de gözümiň gytagyny aýlaýan. Geçdiler! Hudaýa şükür, sowuldy! Ähli howany bir özüm sorup gutaraýjak ýaly, uludan dem aldym. Oguljahana-da ýarym-ýalta minnetdarlyk bildirip, ökjäm ýeňläp, ondan arany açyp ugradym. Yzymdan Oguljahanyň şaňňy sesi eşidildi:
-Gyýw-w, waý, näm bolýa saňa? Ýeldirgän-ä dälsiň-dä?
Jogap bermedim, eşitmedik boldum.
Indi meni başga bir pikir erkime goýanok. Ýaňky “beladan” meni sowan Oguljahanmyka ýa Hudaý? Eger Oguljahan bolsa-ha, oňa sag bolsun aýtdym. Ýöne eger Hudaý bolsa, onda... Ojagaz bäş manadymy Oňa bermeli bolaýarmykam? Men, her hal, Hudaýyň kömek edenine ynanýan. Şonuň ýalam, Hudaý bir studentiň iň soňkuja bäş manadyna mätäç däldir diýen pikir ýüregime teselli berýär...


114

14

4

5

1

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 TESTER [off]
 25.01.2024 / 00:50

+0

aaaaaaaaa

 Betinden
 xuliganka [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 25.01.2024 / 01:14

+0

Yaltandymay okamaga

 Premium
 Belki [off]
  Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
 25.01.2024 / 20:37

+0

Kimiñki-däý şul? Gaty tanyş...

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 25.01.2024 / 22:34

+0

Gaty uzok gozim yadaya,like sonoda ellerine saglyk

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Şugün, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Şugün, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)

At yazmak


Emir ,Nesibe,Soltan,Rahman&Rahym,Seyran ,Mukam,Nâzli,Arzuw.....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Heartbeat (Şugün, 06:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика