Degişme goşgy
Özümiziňki @menin_dunyam [off] 26.10.2024 / 00:28 Ak ÿűrekli, gara geÿinen derwűş men
Merhum şahyrymyzyň ruhy şat bolar diýen umyt bilen su goşgusyny paýlaşmagy makul bildim.
Degişme goşgy
Garaş, ýene biraz garaş.
(gyzdan gelýän SMS-den)
Aşyklar dek çydap bilmen 7 ýyl
Birden tatar-patar almagym mümkin
(Pyhy Tagan)
7 ýyldan kän garaşdym
Indi maňa garaş diýme
Ýalbaryplar goşgy goşdum
Indi maňa garaş diýme
Men bir teşne- mähir küýsän
Aşyklykda boldum bisan
Bir çak doldy sabyr käsäm
Indi maňa garaş diýme
Boýuň meňzär serwä, tala
Dodaklaryä-gyzyl güle
Ýyllar sapyp barýar ýyla
Indi maňa garaş diýme
Zemindäki Aýym sensiň
Hyýaldaky taýym sensiň
Boş sözlere baýym sensiň
Indi maňa garaş diýme
Beter degýär sözüň tygy
(saýgarýan-a gara-agy)
Heý,bolmazmy wadaň çägi?
Indi maňa garaş diýme
Sendiň meniň kuwwat-güýjüm
Sendiň meniň tagtym-täjim
Nä barmydy mende öjüň?
Indi maňa garaş diýme
Çaý-naharym döndi buza
Golaý gelip, gaýytdyň yza
Aldap ýörmek aýpdyr gyza
Indi maňa garaş diýme
Ýada salýaň barly bagy
Äre gitdi joraň bary
Dolanmasaň biziň sary
Indi maňa garaş diýme
Gelnim bolup beze jaýym
Gullugyňda durjak gaýym
“Aýfonyňdan” ýazyp laýn
Indi maňa garaş diýme
Gara saçyň örüm-örüm
Garaşdyrmak boldy käriň
Tapaýmaýyn başga birin
Indi maňa garaş diýme
Bolmaweri beýle betpäl
Menem adam. Men bir it däl
Goşgy söýýän gyzlar gyt däl
Indi maňa garaş diýme
Häzir maňa pitjiň atyp
Soň galaýma içiň tutup
Başy boş ýaş gelin ýetik
Indi maňa garaş diýme
Hoş sözlerme ýylaýan kän
Gel diýip gol bulaýan kän
Iş ýerimde dul aýal kän
Indi maňa garaş diýme
Owal ykbal kösemesin
Öýi köýsün sen deý mesiň
Ýene geldi SMS-iň
Indi maňa garaş diýme
Diljagazňy aýnakladyp
Gözjagazňy oýnakladyp
“Samsungňa” pul okladyp
Indi maňa garaş diýme
Edinensoň “Nokiýani”
Köp gördüm baş ýaýkaýany
Goňşy obanyň “mäkiýany”
Indi maňa garaş diýme
Sendiň meniň hany-manym
Ýalan sözläp ýakýaň janym
Bozulsun-da telefonyň
Indi maňa garaş diýme
Bejermesin hiç bir ussa
Batareýi çöksün gyzsa
Zol jaň edip içiň gyssa
Indi maňa garaş diýme
Ýa minusa gitsin basym
Hasabyňa pul girmesin
Eşitmäýin şaňňy sesiň
Indi maňa garaş diýme
Ýörme arzyňy gaçyryp
Bilmen günäňi geçirip
Köplenjem aýlap öçürip
Indi maňa garaş diýme
Senden sypmaň tapjak tärin
(nomerimi täzelärin)
Ýa söýerin başga birin
Indi maňa garaş diýme
Özgä gülüp baksam nätjek
Seň içiňi ýaksam nätjek
Internete çyksam nätjek
Indi maňa garaş diýme
Internetde gyz suraty
Oňa göwnüm gitdi gaty
Sana ýazýan soňky haty
Indi maňa garaş diýme
...Emma ýene seni söýýän
Seň ugruňda ýanyp-köýýän
Gaharymam ýatdy eýýäm
Garaş diýseň garaşaryn
Bagtym üçin göreşerin
Buýrup bilmen söý ýa söýme
Häzir görkezýäň zoruňy
Gelin bolup bir gir öýme
Alaryn ähli arymy
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Durmuş saña hossar däl...
Awtorda üýtgeşikje zatlaram görýän şonuň ýaly dagynlygam bar şu goşgyny alaly meselem
Durmuş seniň ataň däl,
Ädimiň bermez ölçäp.
Ýalňyşsaň şarpy...
dowamy...Bolÿar, hoş
Allanur Bathyz gowy ýazýar näme üçindir soňky döwür täze goşgularna gabat gelemok. Awtora Üstunlik ýetirenler sagbolsun!...
dowamy...