Ýürekdeş sözler!
KÄTE ŞEÝLE-DE BOLAÝÝAR
Admin [off]25.01.2024 / 00:55
Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!
Arada işden soň teke bazaryndan ugran 16-lyk awtobusa mündüm. Adam köpdi. Awtobus esli aralygy geçip, ˝Parahat˝ mikroraýonyna golaýlap barýardy. Birdenkä öňki hatarda jaýlaşykly oturan garry ene:
- Oglum, biz tekä ýetemzokmy? – diýdi.
Muňa hemmelerem aňkarylyp seretdi. Dogrusy menem geň galdym.
- Siz ýalňyş münüpsiňiz garry ene, zyýany ýok, häzir duralgada düşäge-de, ýoluň aňry ýüzüne geçip garşyňdan gelýän 16-lyga münüň, tekä bararsyňyz diýdim.
- Wah, men garrydan aýyp etmäň, meň huşum gursun, 16-lyk barýar diýseler onuň haýsy ugra gidýänini soramandyrynam – diýdi-de, garry ene huşundan zeýrenip awtobusdan düşüp galdy.
Men ertesi ýene-de işden soň şol awtobusda hälki garry enä gabat geldim.
- Neneň düýn ýalňyşman tekäni tapdyňyz dälmi? – diýip soradym. Ol uludan bir dem aldy-da:
- Tapma nämişlesin? Asyl adamlaryň arasynda tekäniň nirdeligini bilýänem ýok. Düýnden bäri ol awtobusdan beýleki awtobusa münüp, halys boldum, oglum. Ahyry nätdim diýsene, öýe - Tejene tilpun etdim. Gowja edibem tekäniň salgysyny aldym. Häzirem şoňa barşym…
Bu wakadan soň esli gün geçipdi. Onda-da şol garry enäniň ýüz keşbi uzak wagtlap göz öňümden gitmedi. Bir günem duldegşir goňşym toý etdi. Hakyt şol gürrüňini edýän garry enem-de toýuň arzyly myhmanlarynyň biri bolup törde otyr.. Wah, men näbileýin,˝Teke Myradyň myhmany˝ diýse, men ony ilki duşanda elin getirip gowşurjak ahyryn. Arman beýle diýmedi-de, ol häzirem ˝Bolsa-da Tekäni tapdym˝ diýip dur.
✏ Goçy ANNASÄHEDOW, ýazyjy.
162 |
12 |
1 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
iş gerek ýatymlaýyn
demir ishlap bilsen aylyk bereyin 5mun basda son ishleysine gora galdyraryn ertir jan ederin...dowamy...
iş gerek ýatymlaýyn
Bärden tapsaň nä bileýindä. ýörüte iş gözlenýän plotformalara ýazmaly ekeniňdä... Änöwde şeýle ýörüte iş tapyp berýänler barmyş, ana şolar ýaly...dowamy...
iş gerek ýatymlaýyn
Plan yerden, aylyk pesinden bir plançarak, şular ýaly garawul, smenli, ya beýleräk, ýatylýan ýeri içinde bolsa kem däl, birden bilýän tanaýan, eş...dowamy...
Durmuş Sapaklary
Mena bashda maglumatdyr oydup pikir etdim asyl goshgy eken, ay boljak kopurak yazypbersena kapyyada girjek eken...dowamy...
JAŇ EDIŇ!
Prostq gyzyklanma: Ejeesi yanynda bolsa onam gunde azyndan 7-8 gezek hosh soz aydyp opyan bolsa bashyna tac edyqn bolsa onq tqgzym edyan bolsa. B...dowamy...
Ýatkeşligi ösdürüň!
Gowy cykalga aslynda shu meselede menem kop ejir cekyan belki bizede peyda eder hokman barlap gorerin...dowamy...
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
Gowy synanyzhyk bolupdyr. Google translate yaly cem popular dalde dogry terjime etmegini arzuw edyan...dowamy...
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
Ylhamda umuman pikir uzlem-saplamlygy orboyuna galyar dip pikir edyan. Aytmaklaryna gora, sonky dowur hasam samahyllapdyr. Tiktok şahyry bolupmyş...dowamy...