Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Ömürlik söýýän bar, gadyr bilýän ýok

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gyzlara degisli gosgy..
 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 28.10.2024 / 19:56

Gyzlara degishli goshgy...

Aslynda asylly gözel gyz bolsañ.
Adamlaryñ köp ýerinde görünme.
Durşuñ bilen kereşmedir näz bolsañ.
Artykmaç näz boljak bolup urunma.

Hemmeler sen gyza bakýanam bolsa.
Ýüregiñ gürsüldäp kakýanan bolsa.
Söýgiñ gyzgyn ganda akýanam bolsa.
Ýalt-ýalt edip töweregñe garanma.

Egerde diýseler señ söziñ mähir.
Ýada diýýäýseler señ öziñ mähir.
Şonda-da gözleñde oýnasyn gahar.
Men mähirli diýip artyk erenme.

Ýüregiñ ak bolsun diñe gar ýaly.
Kalbyñda buýsanjyñ bolsun nur ýaly.
Altyn saçlañ tolkun atsyn mar ýaly.
Rakyplaryñ bar ýerinde daranma.

Utanç saklar gyzy her bir beladan.
Çykarma diliñi dişli galadan.
Diñe abyraý bolsun seniñ aladañ.
Başarsañ bolgusyz ýerde görünme.


221

21

5

6

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 brauzer_2008 [off]
  ?
 28.10.2024 / 20:03

+0

Hakyky mlds dogru

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 28.10.2024 / 20:19

+0

Zenanlara gowy maslahatlar beripdir. Awtory kimkä? Ýeri gelende (ýokardaky şygyr bilen baglylykda bolmasada) menem zenanlaryň waspyny ýetiresim gelýär.

Zenan kalby.

Ham-hyýalda ol mydama,
Duýgulydyr zenan kalby.
Nämüçindir elmydama ,
Gaýgylydyr zenan kalby?

Gaýgylaryň baryn unut,
Ýaşarsyn gül ýüzüň gülüp,
Ýagty ertä, ýagşy umyt ,
Şinelidir zenan kalby .

Zenan kalby juda merdem,
"Balam" diýip alýandyr dem,
Has gözeldir dünýeden hem,
Has uludyr zenan kalby .

Hemme ene süýdün dadan,
Bizem siziň bilen adam,
Ony aýap, söýüp ýaşaň,
Söýgülidir zenan kalby .

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.


Özümiziňki
Jasmin  (28.10.2024 / 20:33) 

Gerceknazar, mn bir yerden kopya edip alym yone awtarynyn ady yokda
mlds yaman gowy duzipsin elerine saglyk?

 Täzeje
 Domen [off]
  К черту, эти правила...
 28.10.2024 / 20:31

+0

ýe


Özümiziňki
Jasmin  (28.10.2024 / 20:48) 

Domen, :

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 28.10.2024 / 20:40

+0

Gowy ÿazlan goşgy


Özümiziňki
Jasmin  (28.10.2024 / 20:49) 

@menin_dunyam, hawo mn haladm


Gerekli
@menin_dunyam  (28.10.2024 / 20:52) 

Jasmin, mnm haladmda

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 29.10.2024 / 09:25

+0

Gowy goşgy


Özümiziňki
Jasmin  (30.10.2024 / 00:38) 

Gulmahrem, hawo

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Namucin eseriň ady" Arwahyn ar alýan gijesi" diýip goýlupdyr?Eserde arwah hakda gürrüň gidenoga şo ýerini birhili gördüm ýöne gyzykly we manyly e...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Sasiyona (Şugün, 13:32)

Dünye (goşgy).!


Maladis dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kerim-98 (Şugün, 13:27)

MUGALLYM !!!


Dowamly bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Kerim-98 (Şugün, 13:23)

Ýolda


Şadyýanja goşgy 👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýolda
Orazjan (Şugün, 13:20)

MUGALLYM !!!


Gowy goşgy Mlds👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Sasiyona (Şugün, 13:15)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yaziyor......dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Bezzat (Şugün, 12:55)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Bulam doredijilik barada sonky gelen netijaniz oydyan. Onler dogrudanam stiller hakda kan yanjayadynyz ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Serdar agam, salam! Seni bu saytda gorenime juda-juda begendim. Hoş geldiň! Ýazyşyňa özun bilyan, "Ýaşaýyş yşkyndan" bäri muşdak. Ilkinji like-yň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:28)

MUGALLYM !!!


Men oz mugallymy gowy goryan yokarky yaly samsyk dal men...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Watjik (Şugün, 12:27)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика