Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Seň ynjadan ýüregiňi Allah söýýän bolsa näme???

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

“Ýaşa, dünýäm!..”
 Gytyndan
 Baron [off]
 02.11.2024 / 12:19
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Ömrümiz yşk meýidir, barlyk bolsa bir bada,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Ähli gowulyklary görer ýaly birbada,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!

Özüňi aýa, Aýym!
Baryňda göwnüm gurgun,
Düşlemen özge ýerde, bes maňa seniň kalbyň!
Haçan bolsa-da tapdy:r şol bir tümmejik gabrym,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!

Diýme: “Dünýe gyzyksyz, jaý tapamok janyma”,
Dünýe — özüň,
janyňam goý janymyň ýanyna!..
Wah, entekler kän setir ýazylmal-a şanyňa!
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!

Seň bilen göwnüm joşly, asman yşkyn beren dek,
Aýdylmaly aýdym bar özüň hakda birentek.
Salgym däldir bagtymyz —
Hökman geler, gör entek!
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!

Gussaňy sowur ýele, şatlygyň melhem, dünýäm,
Ýekeje gülkiňdenem gazanýan ylham, dünýäm,
Baryňda juwan ahyr şujagaz Men hem Dünýä!
Şoň üçinem ýaşagyn!
Ýaşagyn!
Ýaşat meni!
Wepalym, yşk berenim,
Öňkimden ýaşart meni!..


©Sapa HOMMADOW


281

17

5

7

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 02.11.2024 / 13:11

+1

Üýtgeşikje goşgy eken

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 02.11.2024 / 19:00

+1

Özüňi aýa, Aýym!
Baryňda göwün gurgun,
Soňky döwürler murpbagy okamany taşlapdyryn, sebäbini bilemok ýöne şular ýaly setirler bilen bezeseň murapbagam gowy nahar eken,...

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 03.11.2024 / 00:30

+0

Ustinlik Sapa dos

 Öwreniji
 Hanogul [off]
  👍👍👍👍👍👍
 03.11.2024 / 01:03

+0

Gowy goshgy karochi sen bara uytgesik ozbasyna yolun bar . oz ustunde ishlesen yenam kamilleship bilyen . bir etmelin togtamaly da dine yazmaly.

 Öwreniji
 Hanogul [off]
  👍👍👍👍👍👍
 03.11.2024 / 01:04

+0

galanyny ozun bil!!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüp


Dogamyy bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüp
Ayjahan (Şugün, 00:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Imo grupbamyz bar gosgy yazmakdan yaryslar gurnayas pikir alysyas. Gosulasynyz gelse su yere idinizi yazayyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Düýn, 22:19)

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Düýn, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Düýn, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Düýn, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Düýn, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Düýn, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Düýn, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Düýn, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Düýn, 15:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика