“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
State : Içimde bir aglamak bar, gülmäge ýakyn. Içimde bir ýaşamak bar, ölmäge ýakyn.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ussat pedagoglaryñ bilim-terbiýe hakda aýdanlary
Premium
 Belki [off]
 25.01.2024 / 21:41
 "Bilirim ki... Bilirim ki asla caymazsın benim olmaktan..."

Durmuşyñ ýeke-täk eşreti - bilim, iñ howply zady nadanlykdyr.

Okatmakda zorlap okatmaly däldir. Okuw işinde terbiýä uly üns bermelidir.

Gadymy grek akyldary Sokrat (b.e.öñ 399-469-njy ýyllar)

*******

Mugallym okuwçylaryñ ýykgyn edýän tarapyny we häsiýetini bilmelidir. Şol bir wagtyñ özünde- de olaryñ bilimli bolmagyny gazanmalydyr .

(Gadymy grek akyldary Platon)b.e.öñ.347-427 nji ýyllar)

*******

Eger-de çagalar zähmete mätäç bolmadyk bolsalar, onda olar sowatlylygy, aýdym aýtmagy hat ýazmagy ...öwrenmeýärdiler.

Gadymy grek akyldary Demokrit (b.e.öñ.460- 370-nji ýyllar)

*******

Çagalaryñ hemmesi mekdebe gatnamalydyr hem-de haýsy-da bolsa bir hünäri ele almalydyr.

Abu Aly Ibn Sina (980-1037-nji ýyllar) Orta asyr Gündogar akyldary

*******

Bir oglany okadyp sowatly etmegiñ sogaby on müñ ajy doýurmak hem ýene şonça adama egin- eşik berip sogap gazanmak bilen deñdir.

Túrkmen akyldary, alym pedagog Döwletmämmet Azady.

********

Ýer ýüzünde gün şöhlesiniñ düşýãn ýerinde iñ hormatly kär mugallymçylyk käridir.

Tertipsiz mekdep suwsuz degirmendir.

Hemme zady duýgy organlary bilen kabul edip bolýan bolsa, şeýle hem etmelidir(görülýän zady görüş,eşdilýän zady eşidiş... ys alyş, tagam biliş)

Çeh pedagogy Ýan Amos Komenskiý (1592- 1670-nji ýyllar)

*********

Çaganyñ doglan sagady ony okatmagyñ birinji sagadydyr.

Çagalary terbiýelemegiñ iñ gowy terbiýeçisi olaryñ enesidir.

Şwessar pedagogy Iogann Genrih Pestalossi (1746-1857-nji ýyllar)

******

Çagalar terbiýäni üç çeşmeden alýarlar: tebigatdan, daş-töwerekdäki adamlardan, derslerden .

Fransuz pedagogy Žan Žak Russo (1712-1778)

*******

Bir zady köptaraplaýyn öwrenmek köp zady birtaraplaýyn öwrenmekden has ähmiýetlidir.

Mugallym älem üçin gündür.

Nemes pedagogy gumanist Adolf Disterweg (1790-1866-njy ýyllar)

******

Mugallym özüne ynanylan gymmatly almazy ähli görki bilen şöhlelendirip biler ýaly täzeden işleýän jadygöýdür.

Mugallym hemişe intizar garaşylýan adam bolmalydyr.

Berdimuhamet Annaýew.

******

Adama bagtly bolmagy öwredip bolmaz, emma ony bagtly bolar ýaly edip terbiýeläp bolar.

Adama bütin ömrûnde berilýän terbiýäniñ togsan göterimi onuñ mekdebe çenli döwründe alýan terbiýesidir.

Rus pedadogy Anton Semýonowiç Makarenko (1888-1939-njy ýyllar)

******

Eger de pedagogika adamy hemmetaraplaýyn terbiýelejek bolsa, onda ol adamy hemmetaraplaýyn açyp öwrenmelidir

Çaga nätanyş bolan 5 sany sözi söz bilen öwretjek bolsañ, kyn düşer, emma şoña meñzeş 20 sözi suratlar bilen baglanyşydyryp öwretseñ, derrew öwrener.

Rus pedagogy Konstantin Dmitriýewiç Uşinskiý (1824 -1870-nji ýyllar)

******

Ene-ata iş wagty çagalaryñ aladasyndan azat bolmaly .Çagalary daşky gurşap alýan endiklerden daşlaşdyrmaly.

Robert Ouen

*******

Çagalar maddy ýagdaýyna we gelip çykyşyna garamazdan çagalar baglarynda bilelikde terbiýelenmelidir.

Rus pedagogy Ýelizabeta Iwanowna Tiheýewa (1866-1944-nji ýyllar)

*******

Çaga oýnamak üçin giñ mümkinçilikler döretmeli.Oýun boş güýmenje däldir.Ol çaganyñ durmuşydyr .

Rus Pedagogy Luiza Kaslowna Şileger (1863- 1942-nji ýyllar)

*******

Çaga 3 ýaşyndan soñ maşgala terbiýesi ýaramaz täsir edýär .3 ýaşan çaga köpçükleýin oýunlarda deñ-duşlarynyñ arasynda köpçülikleýin terbiýelenmelidir.

Rus pedagogy A.S.Simonowiç (1840 -1933-nji ýyllar)

********

Çaganyñ hereketleri, özüni alyp barşy onuñ akylynyñ görkezijisidir.

Çagalary akyl taýdan ösdürmek üçin olaryñ duýgularyny ösdürmeli.

Uşinskiniñ okuwçysy Ý.N.Wodowozowa (1840-1923-nji ýyllar)


90

13

1

3

1

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 xuliganka [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 26.01.2024 / 02:46

+0

Çaga oýnamak üçin giñ mümkinçilikler döretmeli.Oýun boş güýmenje däldir.Ol çaganyñ durmuşydyr .

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir arapdan_Bir şarapdan №9


Çopançylykda iň kyn zat sürüni kabul edip alanyňda ýa bakyp ýörkäň bir goýun ýok bolsa şony bilmek. Bilmeýän adam ýüzlerçe goýunuň içinden 10-20...dowamy...

EJÄÑ GÖWRESINDÄKI ÇAGANYÑ SESI.


T.O.T bolanda?...dowamy...

Fitnes. 2020


50 liden geçip görmedim otjimaniýada...dowamy...
Erkin mowzuklar | Fitnes. 2020
Orazjan (Düýn, 09:12)

EJÄÑ GÖWRESINDÄKI ÇAGANYÑ SESI.


"Allam bir nuftadan ýaratmyş bary, Kem ýerim ýok menem deňbe-deň biri..."...dowamy...

Fitnes. 2020


Malades!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Fitnes. 2020
Yunus (Düýn, 06:34)

Gysgajyk bolsa hem siz bilen paýlaşmak isledim.


Nebsine buýrup bilýän barmyka şuwagta...dowamy...

8-nji mart


Sagbol🙂...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | 8-nji mart
Minigim (09.03.2026 / 14:18)

Gysgajyk bolsa hem siz bilen paýlaşmak isledim.


Gara nebisi aşa başyna goýbermgem dogry zat däldä...dowamy...

ELI BÄGÜLLI ÝIGIT.


Wah o kartoşka, gyzyl burç ýada düşýän bolsa kim oňa "yşyk" diýjek, kim oňa "söýgi" diýjek......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ELI BÄGÜLLI ÝIGIT.
Orazjan (08.03.2026 / 17:38)

ELI BÄGÜLLI ÝIGIT.


Gaty gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ELI BÄGÜLLI ÝIGIT.
erkin1997 (08.03.2026 / 15:47)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->