Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
General : Çyn yurekden soyen birini soyerikisini dal.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Täleýnama — ýyldyzlar näme diýýär.
 Täzeje
 MASA [off]
 11.11.2024 / 19:03
 Gezyan erkime seredemok herkime

Her gün millionlarça adamlar «ýyldyzlar näme diýýär» diýen gyzyklanma bilen gazet-žurnallaryň ýa-da elektron saýtlaryň sahypalaryny gözden geçirýärler. Göçme manyda aýdylan, halk arasynda ulanylýan bu düşünje aslynda näme manyny aňladýar? Ýyldyzlaryň täsiri astynda adamyň doglan senesine laýyklykda düzülen çyzga goroskop diýilýär. Bu söz türkmen dilinde täleýnama diýip terjime edilýär.

Irki döwürlere göz aýlasak, täleýnama düşünjesi biziň eýýamymyzdan öň V asyrda Mesopotamiýada ýüze çykypdyr. Şol döwürler ilkinji gezek täleýnama bilen bagly tejribeler synanşylypdyr. Eýýäm biziň eýýamymyzdan öň II-I asyrda Müsürde goroskopiki astrologiýa ylmynda anyk ädimler ädilipdir.

Goroskopiki astrologiýa ylmynda zodiak düşünjesi hem gabat gelýär. Eýsem ol näme? Zodiak latyn sözünden gelip çykyp, «haýwanlardan ybarat bolan halka» manysyny berýär. 12 sany zadiagyň umumy häsiýetnamasyny Size ýetirmegi makul bildik.

1.Hamal (Guzy 21.03—20.04)

Hamallar ähli zady gowulyga ýorýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň arasynda pälwanlar köp gabat gelýär. Hamallar kesirlilik edip, öz diýeninden gaýtmaýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar şol bir iş bilen köp wagtlap meşgullanyp bilmeýär. Olar söýmegi başarýarlar. Emma duýgulary uzak wagt dowam etmeýär. Şonuň üçin täze duýgularyň gözlegine çykýarlar.

2.Sowur (Öküzçe 21.04—20.05)

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar özüniň bu dünýä diňe gowulyklary peşgeş bermek üçin ýaradylandygyna ynanýarlar. Köplenç halatlarda olar mamla. Olaryň ähli ugurlardan başy çykýar. Olaryň ukyp-başarnyklary we mümkinçilikleri ýokary bolýar. Sowurlara iş buýurdyňmy, onuň iň ussatlyk bilen ýerine ýetiriljekdigine ynanaý. Sowurlar baran ýerine diňe şatlyk getirýär. Olar ýakynlaryna, dogan-garyndaşlaryna juda wepaly.



3.Jöwza (Ekizekler 21.05—21.06)

Ekizekler juda akylly, ugurtapyjy we şadyýan adamlar. Olar bilen wagtyň örän gyzykly we şagalaňly geçýär. Olaryň asuda wagtyna az gabat gelinýär. Köneçil pikirleri asla halamaýarlar. Ekizekler döwrebap bolup, olaryň arasynda aýdymçylar, sungat we döredijilik işgärleri köp gabat gelinýär.



Seretan (Leňňeç 22.06—22.07)
Bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar inçe duýgulara eýedirler. Olar ähli zada ýürekden ýapyşýarlar. Seretanlar gödekligi halamaýarlar we durmuşdaky barlyk düşünjeleri olary az gyzyklandyrýar. Owadan we göze gelimli geýinmegi halaýarlar. Maşgala seretanlar üçin ilkinji orundadyr. Ýakynlarynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin jan edýärler.



Eset (Ýolbars 23.07—23.08)
Esetlere üns bermezlik mümkin däl. Baran ýerinde üns merkezinde bolmagy halaýarlar. Gymmatbahaly we owadan eşikleri geýinmegi halaýarlar. Eseti söýmän bolar, emma onuň gözelligine maýyl bolmazlyk mümkin däl. Ähli zada garamazdan, olar kiçigöwünlidirler.



Sünbüle (Gyz 24.08—23.09)
Müneçjimleriň aýtmagyna görä, bu ýyldyzyň astynda doglan zenanlar, juda zehinli bolýarlar. Olar diňe bir oýlanyşykly hereket etmän, özi üçin peýdaly bolmadyk duýgulara garşy çykyp bilýärler. Sünbüleler özlerine erk edip bilýärler. Olaryň köpüsi berk we agzybir maşgala gurýar.



Mizan (Terezi 24.09—23.10)
Mizanlar elmydama oý-pikirde. Şeýlelikde islendik meselede «ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyla eýerýärler. Olar islendik meselede oýlanyşykly hereket edip, beýleki ýyldyzlaryň pikir etmeýän taraplaryny hem göz öňünde tutýarlar. Olar hoşniýetli we dostana adamlar. Olaryň aňsat-aňsat keýpi gaçmaýar.



Akrap (Içýan 24.10—22.11)
Akraplar – agyr häsiýetli, emma göze gelimli adamlar. Olar özleriniň hereketleri we owadanlygy bilen islendik adamy haýrana goýmagy başarýar. Olaryň köplenç şahsy durmuşy gowy bolýar. Emma kähalatlarda ynamdan gaçyp hem bilýär. Sebäbi bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar ynamdar hasaplanmaýar.



Kowus (Keman 23.11—21.12)
Kowuslaryň durmuşda belli maksatlarynyň bolmagy zerurdyr. Şol sanda maksatlaryny hem dogry saýlamaklygy möhümdir. Sebäbi bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar maksadyna ýetmek üçin dyrjaşýar. Kowuslar durmuşdaky kynçylyklardan ýa-da şowsuzlyklardan gorkmaýar we ruhdan düşmeýär. Bu ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň dosty bolmak örän ýakymly. Kowuslaryň daşynda elmydama özüne wepaly ynsanlar bardyr.



Jedi (Owlak 22.12—20.01)
Zähmetsöýüjilik, oýlanyşykly hereket etmek — jedileriň üstünlikleriniň açarydyr. Hut şu häsiýetler bu ýyldyzyň astynda doglan adamlara kynçylyklary ýeňip geçmeklerine we maksatlaryna ýetmeklerine ýardam berýär.



Daluw (Gowa 21.01—20.02)
Daluwlar özgäniň pikirine bagly bolman, özbaşdak hereket etmegi halaýarlar. Elbetde, bu ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň dostlary, deň-duşlary, garyndaşlary, ýakynlary bar, emma olaryň hiçisi daluwlara doly düşünmeýär. Olaryň öňdengörüjilik duýgulary has ýokary.



Hut (Balyk 21.02—20.03)
Hutlaryň örän ýakymly häsiýetleri bar. Olar duýguçyl, romantik. Olaryň ýanynda özüňi rahat duýýarsyň. Özüniň ajaýyp gylyk-häsiýeti, üns-hemaýaty bilen söýgüde «doň ýürekleri hem eredip bilýär». Olar işde üstünlikli bolup, islendik kynçylykdan ugur tapmagy başarýar.


277

24

9

2

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 11.11.2024 / 19:25

+0

Sünbüle (Gyz 24.08—23.09)
Müneçjimleriň aýtmagyna görä, bu ýyldyzyň astynda doglan zenanlar, juda zehinli bolýarlar. Olar diňe bir oýlanyşykly hereket etmän, özi üçin peýdaly bolmadyk duýgulara garşy çykyp bilýärler. Sünbüleler özlerine erk edip bilýärler. Olaryň köpüsi berk we agzybir maşgala gurýar.

Sozme-soz dogry cykdy.


Täzeje
MASA  (12.11.2024 / 08:44) 

Belki, ?????????????????

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 11.11.2024 / 19:27

+0

Sunbulelerin in esasy ayratynlygy oyde goslaryn tertipliligine asa uns bermegi. Turkce aytsak "Duzene takıntı". Ondan dasary ownukcyllyk we meyilnamalayyn hereket etmek gylyklary bar. Meselem men bilen bir yere gitjek bolsan 2-3 gun onunden habar etmeli.

 Öwreniji
 Hanogul [off]
  👍👍👍👍👍👍
 11.11.2024 / 19:33

+0

meninkam Balyk mn


Täzeje
MASA  (12.11.2024 / 08:45) 

Hanogul, bara balyk

 Täzeje
 Heartbeat [off]
  .Каждое утро — это время начать жизнь снова
 11.11.2024 / 19:46

+0

Hut (Balyk 21.02—20.03)
Hutlaryň örän ýakymly häsiýetleri bar. Olar duýguçyl, romantik. Olaryň ýanynda özüňi rahat duýýarsyň. Özüniň ajaýyp gylyk-häsiýeti, üns-hemaýaty bilen söýgüde «doň ýürekleri hem eredip bilýär». Olar işde üstünlikli bolup, islendik kynçylykdan ugur tapmagy başarýar.

Gramam dogry gelmeye


Täzeje
Enka_lai  (11.11.2024 / 20:36) 

Heartbeat, sen balykmy?


Täzeje
MASA  (12.11.2024 / 08:44) 

Heartbeat,

 Täzeje
 Agzamen [off]
 11.11.2024 / 20:42

+0

12-njide beýleki 11leriň hemme häsiýeti jemlenendir. Ägä boluň ?

 Öwreniji
 gul [off]
  takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥
 12.11.2024 / 09:01

+0

Sünbüle (Gyz 24.08—23.09)
Müneçjimleriň aýtmagyna görä, bu ýyldyzyň astynda doglan zenanlar, juda zehinli bolýarlar. Olar diňe bir oýlanyşykly hereket etmän, özi üçin peýdaly bolmadyk duýgulara garşy çykyp bilýärler. Sünbüleler özlerine erk edip bilýärler. Olaryň köpüsi berk we agzybir maşgala gurýar.

Gaty erwet arassacyl we hasapcyl. Hasap hemme zady duran yerinde kellesinde hasaplap olcap dokup etya. Yalancy adamlaram yigrenya

sularam gossan gaty gowy


Täzeje
MASA  (12.11.2024 / 09:40) 

gul, ???inikide gosarn

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 12.11.2024 / 10:46

+0

3.Jöwza (Ekizekler 21.05—21.06)

Ekizekler juda akylly, ugurtapyjy we şadyýan adamlar. Olar bilen wagtyň örän gyzykly we şagalaňly geçýär. Olaryň asuda wagtyna az gabat gelinýär. Köneçil pikirleri asla halamaýarlar. Ekizekler döwrebap bolup, olaryň arasynda aýdymçylar, sungat we döredijilik işgärleri köp gabat gelinýär.
Edil kitapdaky yaly dogry

 Täzeje
 Khanture00 [off]
  Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran
 12.11.2024 / 11:16

+0

Şuzatlara ynanmak adamy dinden çykarýar


Öwreniji
EpifiZ  (13.11.2024 / 10:38) 

Khanture00, astrologiya bir sungatyň gôrnûši, dine ynanyan yaly ynanyp yatan yok bolmaly


Täzeje
Khanture00  (13.11.2024 / 11:26) 

EpifiZ, Sungat bilen Pseudonaukaň nämedigni öwrenip gel akyllyja oglum özümiň... Soňam agzyňdaky soskaňam aýyr.


Öwreniji
EpifiZ  (13.11.2024 / 13:07) 

Khanture00, Ičiňizde adam yaly gûrlešyân galmandyr, diňe bir biriňi kemsitmek, biri biriňden ôkde čykmak, ôzňi akylly gôrkezmek. ine šular čagaň gylygy, oň ûčin soskaňy ôzň ayyra

 Täzeje
 BiReYsEl [off]
  Only forward to my dreams
 13.11.2024 / 15:52

+0

Mizan (Terezi 24.09—23.10)
Mizanlar elmydama oý-pikirde. Şeýlelikde islendik meselede «ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyla eýerýärler. Olar islendik meselede oýlanyşykly hereket edip, beýleki ýyldyzlaryň pikir etmeýän taraplaryny hem göz öňünde tutýarlar. Olar hoşniýetli we dostana adamlar. Olaryň aňsat-aňsat keýpi gaçmaýar.

1-nji sözlemi dogry!
2-nji sözlemi dogry!!
3-nji sözlemem dogry!!!
4-nji sözlemi dopba-dogry!!!
5-nji sözlemi Ýalkyşyrak

Onsaňam bir gazetdemi žurnaldamy okapdym Mizan (ýagny Terezi) Tereziler ýany edil şonuň häsiýetine eýe bolup Häsiýeti çalt üýtgeýän ýagny bir görseňä gülüp wakyrdap oturan bir görseňem gaharlanyp oturandyr diýip ýazylgy we şu sözde-de azyrak dogry jan bar ýaly


Premium
BAYOGUL [1s] (13.11.2024 / 16:03) 

BiReYsEl, menem gosulyan Olar hoşniýetli we dostana adamlar. Olaryň aňsat-aňsat keýpi gaçmaýar. Sende bularyaly zat yoga


Täzeje
BiReYsEl  (13.11.2024 / 16:43) 

BAYOGUL, Näme üçin ýokmuşyn "Olar hoşniýetli we dostana adamlar."-bu dogry diýdimä

Soňky sözlemine-de azajyk ýalňyş diýdim


Premium
BAYOGUL [1s] (13.11.2024 / 17:25) 

BiReYsEl, mena sende hosniyetlilik goremok sen ulumcy


Täzeje
BiReYsEl  (13.11.2024 / 17:44) 

BAYOGUL, Menem sende
Men-ä hijem ulumsy dälda gaýtam alçak

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 10:23)

Meniň öýüm Daşoguzda...


gaty gowy tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
yaltaja_lai (Şugün, 09:47)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...)) Merkez diyyanin D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 07:41)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Señ soygi temadan suwjaryp ýazmayşyñy halaýan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Ahmal (Şugün, 07:31)

Owadan yazuw basleșik


Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Ahmal (Şugün, 07:19)

Söýgi sözleri❤️


Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Ahmal (Şugün, 07:04)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика