Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Ahal : Ähli oňatlyklar we ýagşylyklar, adamzada aklyň üsti bilen gelýär!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Men....
 Täzeje
 Heartbeat [off]
 17.11.2024 / 11:41
 .Каждое утро — это время начать жизнь снова





Yok, men sadalykdan juda alysda, Men-menlik hem mana yakyn duranok. Gursagyma dolup bir nejis gussa, Yuregim hem onki yaly uranok.
Rehimsizlik yoldashyma owurlip,
Kalbym hem gatapdyr, misli donaklyk.
Gozlerimde gaygyn keshbini goryan
Ykbalymdan gacyp gitdi onatlyk.
Gedemlikden yukum yetip mazaly,
Oz sozumi gogertmage calyshyan.
Dash-towerek durli ynsandan doly,
Yone dost tapamok sozum alyshyan.
Name bolyanyna aklym yetenok.
Dushunmage ejiz gelya pikirlem.
Yok, men sadalykdan juda alysda,
Men-menlikden doremandi setirlem.


Aýrapar Emelowa


206

29

8

3

0

1

1
Mowzugy vip edenler:
Heartbeat - 24 sagat vip etdi!
(17.11.2024 / 12:13)
Teswirler:
 Täzeje
 Heartbeat [off]
  .Каждое утро — это время начать жизнь снова
 17.11.2024 / 11:47

+2




Durmuşa seretseñ käbir göz bilen,
Indi arşa çykdy wezipe baýlyk.
Şol gözleriñ ýüreklerini okasañ,
"Kime gerek halal zähmet hem aýlyk?!"
"Iñ belent zat söýgi" diýýäler welin,
Indi has ýokarda manat hem dollar.
Şol baýlyk diýlen zat elinde bolsa,
Açylýamyş ýapyk bolsada ýollar.
Emma hakykatda in belent zatdyr
Ynsanyñ söýgüsi, namysy, ary
Eger baýlyk öñe geçse namysdan
Küle öwrülmezmi gül ömrüñ bary?!
Düşünýänden düşünmeýän kän ýöne
Bu zatlaryñ ýalan-hakykatyna
Wezipe, baýlyk, pul, maşyn hiçzatdyr
Namysly ynsanyñ hakydasynda...

 Täzeje
 Heartbeat [off]
  .Каждое утро — это время начать жизнь снова
 17.11.2024 / 12:03

+1




"Çagalyk arzuwym".
Eje, ýadyňdamy, gögele döwrüm.
Ulalmak hakynda arzuw ederdim
. Hyýalymda aýlap ulugyzlygmy,
Umytlarma düýşlerimde ýeterdim.
Işe geýýän beýik ökjeli köwşüň,
Bukulyp geýmeklik pişedi maňa.
Aýnanyň öňünde duran syratym
"Wah, entek gyssanma" diýsedi maňa.
Ýap boýunda biten tal şahalaryn,
Ýolup günaşadan ölçärdim boýum.
Ulalmaklyk küý-pikirim bolansoň,
Kän bir oýnamokdym üýtgeşik oýun.
Köçämizden geçýän topar gyzlara,
Gözügidijilik bilen bakardym.
Hamala özümi ulugyz saýyp,
Ýalandan hem bolsa keşde çekerdim.
Bu gün bolsa şol keşdeleň ýerine
Döredi nepisden-nepis keşdeler,
Seniň "Keýgiň" ulugyz-a bolupdyr,
Çagalygam alyslarda düýş, meger.
Ulalyp saýgardym gaty kän zady,
Maý berseler çagalykdan gitmezdim.
Men ulalsam seniň garrajagyňy
Bilen bolsam, eje, arzuw etmezdim.

 Täzeje
 Heartbeat [off]
  .Каждое утро — это время начать жизнь снова
 17.11.2024 / 12:21

+2



Nazijek kalbymyn tarlaryn cirtip,
Ayralyk mukamyn calyar bu eller.
Barsa gelmez dunya gidesim gelya
Shol dunya ucuryp akitse yeller.
Sowuk, anzak gyshyn goynuna girip,
Gaygym, duygym bilen donup galsadym.
Bu hasratdan doly ejiz kalbymy
Yolup alyp bir yerlere zynsadym.
Yetim duygularym egnini gysyp
Kemsinmekden yana elenip yanyar.
Gozyetime gozum dikip seretsem.
Han-ha uzaklarda soygim aglayar.

 Premium
 Akademik3 [off]
 17.11.2024 / 13:31

+0

Yetirip dur sagbol minetdar

 Premium
 Akademik3 [off]
 17.11.2024 / 13:31

+0

Mowzuna nadip surat goyan owredayde

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 17.11.2024 / 15:15

+0

Bu gosgularyn hemmesinin awtory Aysapar Emelowamy ?


Täzeje
Heartbeat  (17.11.2024 / 16:30) 

Gerceknazar, Yok

 Premium
 Power [off]
  Şörtjigedemä bir zat ýazmaly özä
 17.11.2024 / 19:58

+0

Sen öz goşgularyňmy?


Täzeje
Heartbeat  (17.11.2024 / 22:31) 

Power, ikkisi


Premium
Power  (18.11.2024 / 08:52) 

Heartbeat, Aýsapar seň özüňmi?

 Täzeje
 Agzamen [off]
 17.11.2024 / 20:15

+0

Heartbeat Aýsapar Emelowamy?


Täzeje
Heartbeat  (17.11.2024 / 22:30) 

Agzamen, yok.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика