Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Näçe içim ýansada gülýàn şol häsiýetimi gou gorýän????
Aýralyk pursady
Täzeje MASA [off] 17.11.2024 / 14:18 Gezyan erkime seredemok herkime
Aýralyk pursady
Sen gitdiň.
Şo pursat boşady ruhum,
Hemme zat manysyn ýitirdi birden.
Şatlygym galmady, bagtym galmady,
Şo pursat bar zady uçurdy serden.
Daglarym peseldi baglarym bile,
Şemalym sowulyp duşumdan ötdi.
Boşap galdym misli gaşsyz diwala,
Okan kitaplarmyň manysy ýitdi.
Hatda öz ruhuňam aldyň-da gitdiň;
Göz, gaşyň, egniňi gözden salamok,
Ýöne olaň baryn öňki bolşy deý,
Seniň syratyňda jemläp bilemok.
Çasly çeşmelerim akýar tersine,
Tersine ýaňlanýar aýdymym-sazym.
Seniň barlygyňdy — meniň baýlygym,
Bir pursatda garyp galdym, ezizim.
Gurbannazar Ezizow
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk