Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Belki : Hiç zat sebäpsiz däldir. Ykbal ikimizi sataşdyrdymy, diýmek, biri-birimizden öwrenjek zatlarymyz bardyr! #Belki

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gynanyan ???
 Öwreniji
 MEGAFON [off]
 19.11.2024 / 20:38
 sada ýürekli bolup söýdüm inni gereksiz

Salam gowmy gic yagsy hormatly agzalar size bugun ij wajyp bolan meselelerin biri ir durmysa cykmak meselesini orta goyyan bagyslan bugun aydym goymayan ertir goyaryn inni mesela geceli gyzlan aglaba bolegi ir durmysa cykyalar cykma diyjek dal cyk yone masgala yuki egninde cekip bilsen cyk kabir gyzlar durmysa yenil garayalar irem ayrylshya ortada kim galya 1caga yetim galya olara hic ayrylsar goyarlar yone sol cagan ykbaly ene atasyna bagla mana sho temada yuzlenyaan kan bolly sho sebapli. Bu temany orta atyan dine gyz gunali diyjegem bolomok yone masgalada erkegin sozi yorese gowmyka diyyan kabir oylere baryan ayaly baslyk hemme zady ayaly cozya 5gunlik yalancyda 1ni soyup birne baryp yada birni alyp sho bn bagtly bolsam diyyan mena bar mahirimi sho soyen yaryma bersem diyyan sonky dowur 2lik etme diylen zatlar gaty kopeldi nama gerek sho zatlar bolya hazr oylamasanam geljekkde cagany oyla
mena pikirimi aytdym siz hem oz pikirinizi aydyn doslar ozum yetim cagany goremson gynanyan bir cagan geljegi bizin elimizde
Edenini egnin bn cekersin diylen soz ba


189

35

6

4

0

0

3
Teswirler:
 Täzeje
 Maxrim_mv [off]
  только ты балм<<3[Элвин💂‍♂️💋]
 19.11.2024 / 21:01

+0

Dogry aytyan asyl ir durmusa cykmak gerek dal


Öwreniji
MEGAFON  (19.11.2024 / 21:23) 

Maxrim_mv, howwa gynanyan ? mena


Täzeje
Maxrim_mv  (19.11.2024 / 21:25) 

MEGAFON, havo mekdebi gutarmankalar cykyalar name gyssanyalar mn hayran hemme zadyn vagty ba vagty gellene cykarlara tak


Öwreniji
MEGAFON  (19.11.2024 / 21:28) 

Maxrim_mv, yogsada boyun yetseler ene atan beryara durup bilenoklar


Täzeje
Maxrim_mv  (19.11.2024 / 21:31) 

MEGAFON, have yio sonyali soyusip olup baryan bolsanam ir cykmak hokman dal


Öwreniji
MEGAFON  (20.11.2024 / 01:25) 

Maxrim_mv, howa

 Täzeje
 Ayjahan [off]
  Hiç kimi süýrämok şypbygymdan başga...
 19.11.2024 / 21:15

+0

gaty dogry ir durmusa çykmaly dal soň özüne kyn bor ir durmus guryanlara uns bersen uzak yasasanoklar gaty gitse 1 yyl


Öwreniji
MEGAFON  (19.11.2024 / 21:24) 

Ayjahan, howwa 1yylada yetenoklar


Täzeje
Ayjahan  (19.11.2024 / 21:37) 

MEGAFON, özm diňe çagalar gaçya su wagt 09 10 ýyl çagalar


Öwreniji
MEGAFON  (20.11.2024 / 01:25) 

Ayjahan, da

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 19.11.2024 / 23:09

+2

Ir, giç, tapawudy ýok-how! Esasy mesele kellede! Guşkelle gyzlaň köpüsi! Guşkelle bolmasyn esasy!)


Öwreniji
MEGAFON  (20.11.2024 / 01:25) 

Baron, ola has dogry

 Öwreniji
 MEGAFON [off]
  sada ýürekli bolup söýdüm inni gereksiz
 20.11.2024 / 01:29

+0

Omrunde yeke gezek bagt toyyn bolyara ol toy sen ucin ene atan ucn nahilli abray dygyny bilenoklar

 Premium
 Akademik3 [off]
 20.11.2024 / 10:33

+0

Howa barde herkim oz bileninden yazypdyrda yone men sol durmusda yasap yorun yone bir cagam yok menin durmusumda seyle wakalar boldy yone ol okuwyny dynyp mana dur!usa cykdy yone ol gacyp geldida mana sonam ejesini dinlap oylerine gidi dogram etdi yone onun dogry eden isi oz onune ozi bowet goydy dogrusy ol mana cykmanka basga biri bn soyusyan ekeni memden giclin janlasyan ekeni men bolsa habarsyzdym janlasyanynam oyden gidenson bildim ol oglan sen durmusa cykanam bolsan aljak diyipdir olam oyun bahanasyny eden bolup menden ayyrylsmak ucin razylygymy aldy menem razy boldum sonam ol ayyrylysdy gorsem ol oglan ony aldapdyr seni name edeyin diyipdir indi bolsa herkimin heleyi bolup yor ayyrlysanyma 8 ay boldy mena oylenemok ol eyam uc cagalada bardy cagasyzada bardy yone bagyt gormedi Alla herkime oz edenini gorkezyar hicwagtam edenini gorman olmeyan durmustegelwk goninden zynan tayagyn yensane aylanyp degyandir duya yaradylanda goni yolsekili yaradylmady ony beyik Biribar togalak yumurtga sekilinde yarady herkime oz zynan tayyagy degsin diyip son ucinem sayt agzalary maslahatym size su sayda soyusenizem tapysanyzam oglanyn yagdayyna dusunman garyp gorup gaytman yzynyza meni garyp gordi basda imdi Allama doneyin oyumi onardym indihem yenede dasary dowleteokamana gitmekci egerde solam men alanymam meni garyp gormedik bolsady bile okardyk yone nesibedakini gormeli sol nesibanam ozumiz doretyandirsem sonada hazir bolun!!!!

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 20.11.2024 / 11:23

+1

Biraz giç durmuşa çykmak, eger-de bu wagt aralygynda özüni kämilleşdiren bolsa gowy bolýar diňe. Mysal üçin talyp döwrümde iki mugallymym bardy, ikisem ýokary okuwly. Biri 29 ýaşynda durmuşa çykdy. Özi hem gaty owadan we matematika mugallymdy. Biri-de kompýuter mugallymdy, 96-njy ýyl, şuwagtam Russiýada işläp ýör, çykanok. Meselem bu kişileriň ir durmuşa çykmazlygy gowy zat. Ir durmuşa çykyp göwrelilik bilen başagaý bolup, öýi üçin wagt geçirýänçä, öz tejribelerini we bilimi başga kişilere öwredeni gowy. Şeýle-de ýaşy 25-den geçendikleri üçin tejribeleri hem ýokary bolýar, şeýdibem nikalary şowly bolýar.

Emma 30 ýaşyna ýetibem, özüni kämilleşdirmedik biri bolsa howply. Käbir gyzlar 30 ýaşyna ýetýänçä ähli zatlary edip, birtopar oglan bilen gürleşip (hatda söýüşip), iň soňunda jemgyýete goşulmalydygy ýadyna düşende "ahlakly" roly oýnap bir görgüliň maňlaýyna galaýýar. Ol görgülem ýüz millionlarça pul çykaryp alýar. (Geçmişine seretmeli diýenim şonuň üçin). Bularyň köpüsine "öýde galan" diýýärler. Hol günjek dostum bir talyp gyz bilen gürleşipdir. "Nädip tanyşdyň" diýsem tm karsdan bir mesele üçin nomerini tapypdyr we gürleşip başlapdyrlar. Men eýýäm bir zada düşündim ýöne ol düşünenok. Gyzyň dostum bilen telefonda gürleşişini gprüp, 97-nji ýyldygyny öwrendim welin "uly ähtimallyk bilen är gözläp ýören" diýip pikir etdim we aýtdym. Kän pisint etmedi dostum. Soňra duşuşyga çykypdyrlar we dostum kafe äkidip, ýanynda oturyp, elini tutup, birtopar gowy söz (guşjam, janam, kökäm, balym we ş.m) aýdyp, çykyp barýarkalaram ogşapdyr, hem-de adamlar barka. Gyzyň tanyşanyna heniz 5 günem bolanok, ýöne oglany görmese-de eräp akan ýaly gürleşýär, ertesem gidýär duşuşýar, hem-de ogşaşýar we ýene gürleşmäge dowam edýär. Hiç bir ahlakly, gowy gyz 2 günlük tanyşan adamy bilen ogşaşjak derejä ýetmeýär. Ilki iň bolmanda tanamaga synanyşar. Umuman är gözläp ýörendigi, belki geçmişiniňem işi gaýdandygy gaty mälim. Ýöne ol tentek dostum hamala gowy zat eden ýaly "şeýtdim-ow" diýip maňa gürrüň berýär)

Şol sebäpli, mysal getiren mugallymlarym ýaly özlerini kämilleşdirmek isleýän bolsalar, bir dereje gazanmak, işlemek isleýän bolsalar onda giç durmuşa çykmak ýaly gowy zat ýok. 25-28 aralygy ideal. Şeýle-de 18-den soň durmuşa çykýanlaram bir tarapdan gowy we erbet. 18 ýaşynda boljak bolsa heniz arassa gyz, ahlakly gyz, tämiz gyzdyr. Heniz hiç zat görenok we söýgülsem bolmadyk. Eger durmuşa çykarylsa, çykan kişisem öz ýaşy bilen deň, gowy, tämiz biri bolsa ol ikisinden tämiz maşgala dörär. Sebäbi şeýle zat bar: ýaşlar gaty çalt ulalandyryn öýdýärler we indi iň kiçisiniňem 4-5 sany söýgülsi bar. Ýolda görseň "gaty gowy çagajyk" diýjek gyzlaryň söýgüden ýanyp, imo-da "psihopatka gr" diýip öz "göriplerine" diss atyp, durmuşyň syryny çözen ýaly aýlanyp ýörler. 2010-2012 aralygy gyzjagazlaryň birtopar söýgülsi bolan eýýäm. Köpüsi gaty çalt zatlar başdan geçirýärler we köpüsi eýýäm şol ýaşlarda bir zatlar edip galýarlar. Şu bir hakykat: ýaşlar gaty çalt bozulýar. Oglanlarda-da şeýle. Şol sebäpli heniz ýaşka, ýaş birine durmuşa çykarmak gowy. Ýöne bu diňe az bölegi üçin ýörgünli. Göni okuwy gutaryp durmuşa çykanlaryň aglabasynyň nikalary şowsuz bolýar. Bu barada Linkda şuny paýlaşypdyryn:

"Durmuş gurmak, jübütleriň birleşip, ikinji durmuşyna gadam basmaklary oýun-oýunjak zat däl ahyryn, gaty gaýratlylyk, sagdyn aňlylyk talap edýär. Onuň üçinem kişiniň kämil şahsyýetli bolmagy möhüm. Ine biziň meselämizem, üns bermeli zadymyzam şu: ýaşlaryň aglabasy özüni kämilleşdirmedik, agzysary, gögele adamlar. Şol sebäpli hem durmuş gurlanda ýaşlaryň aglabasy düşünişmezlikler sebäpli maşgalasyny çagşatmaga mätäç bolýarlar. Elbetde aralaryna nikalary şowly bolan kişiler hem ýek-tük bardyr. Ýöne umumy alyp seretsek, agzybir ýaşaşyp, birek-birege düşünip bilýänleriň azdygyny, hatda gaty azdygyny hemmämizem görýäris, bilýäris. Ömründe hiç hili düşünjesini, oý-pikirlerini, häsiýetlerini, mahlasy şahsyýetini kämilleşdirmek üçin kän alada etmedik, ömründe kitabyň gatyny açmadyk, durmuşy aýşy-eşret, şowhundan ybaratdyr öýdüp, howada gaýyp ýören, dereksiz zatlara wagtyny aýyryp, dereksiz, boş zatlara üns berip ýören kişilerden nädip maşgalasyny gorap saklap, dolandyryp bilmegine garaşyp bileris? Ýaşlaryň aglabasynyň hiç hili düşünjesi hem ýok ahyryn, özüne düşünjelidirin öýdýärler emma öz düşünjeleri ýok, diňe ondan-mundan ýat tutan durmuş ýörelgeleri, çintgemedik pikirleri bar we bulary ebedi dogry hasap edip geçirýär durmuşlaryny. Iň howplysam şol bolsa gerek.
Durmuşymyz, saýlan ýanýoldaşymyzdyr. Eger-de ýanýoldaşymyzy dogry saýlap bilmesek (bu örän kyn zatdyr) ömrümiz köýýändir, tersine, eger-de gowy, ýagşy kişi bolsa, onda durmuşymyzda edil hökümdar ýaly ýaşaýarys. Şol sebäpli bu gaty inçe meseledir. Hemme zada üns berip, kelle döwmelidiris. Mysal üçin maşgalaň bilen oňuşýarmy, ýa-da sen onuň maşgalasy bilen oňuşýaňmy, birek-birege düşünip bilýärsiňizmi, diňleýärsiňizmi, gödeklik barmy, aşa gabanjaňlyk barmy (bu örän howply), sylagsyzlyk barmy, "men-menlik" barmy, pikirleriňe ähmiýet berýärmi, düşünmek üçin alada edýärmi, düşünmäge synanyşýarmy, pully mesele-de oňuşýarsyňyzmy, garşyňyzdaky narsistmi, egoistmy, psihopatmy, saňa däl-de beýleki (töweregindäki) adamlara bolan garaýşy nähili, umuman ş.m birtopar zatlara üns bermeli bolýarys. Eger okuwy gutarandan göni soň durmuş gurulmaga synanyşylsa bu zatlary bilmäge mümkinçiligimiz bolmaýar. Bulardan daşary ýaşlaryňam gynansakda örän düşünjesizdigini göz öňünde tutsak, sagdyn gatnaşygyň döremegi hasam kynlaşýar."

Şol sebäpli nika ýaşy 25 bolsa gowy. Ynsan okuwy dynanda-da heniz çaga. Hatda Adyl Ýyldyrym 25 ýaşyndaky kişileriňem ýetginjekdigini aýdýar. Ýagny şolar ýaly möhüm nika diýlen zat.
Gyzlaryň bozulmagy meselesi barada agzap geçsek welin, diňe gyzlar däl, oglanlaram bozuldy. Kiçijek oglanjyklar 10-15 sany baralgin atyp, operanyň ruhy ýaly aýlanyp ýörler köçede. Gyzlaram hem-ä dogry saýlaw saýlamagy bilmeýärler, nirde bir guşkelle, gödek, tentek bar bolsa şolara üns berýärler, hem-de eýýäm şol ýaşlarda bir ýerlerini elledip ýörenler, "eje-bajy" sögünip ýörenler, hatda baralgin atýanlar, gaçyp gidýänlerden 30 ýaşly adamlar bilen gürleşip ýörenlere çenli bar. Ýalanmy? Elbetde däl, her gün biri-birinden beter zatlary eşdýäris, gynansagam bulara gözümizi ýumup bilmeýäris.

Jemläp aýtsak, bir tarapdan ir durmuşa çykmak gowy bolsa-da, umumy alaňda 25 ýaş we ondan soň bolsa gowy bolaýjak ýaly, eger kişiler kämil bolsa. Şol sebäpli ilki iş, ilki sagdyn düşünje, ilki çagalykdan saýlanmak, ilki käbir zatlara göz ýetirmek, ilki biraz tejribe gazanmak, ilki biraz iş edinmek, ilki biraz sabyry, kanagaty öwrenmek ýaly zatlar hökman gerek. "Maşgala-da erkegiň sözi ýöremeli" düşünjesi bolsa diňe erkek, erkek ýaly erkek bolanda gowy bolýar. Arak içip, öýüne zyýan berip, çagalaryna-da seretmegi başarmaýan bir paňkelläniňem sözi öýünde ýöremäwersin. Ondan daşary "erkegin sözi ýöremeli" düşünjesine goşulýaryn. "Ikilik gaty köpeldi" diýlen düşünje hem gaty dogry, hatda 2-3 esse köpeldi. Öňler erkeklerdi, indi gyzlaryňkam erkekler bilen deň.


Öwreniji
MEGAFON  (20.11.2024 / 20:57) 

Muawiye, inni name diyjek yetginjeklere hemise ba so zat?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика