Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Ynsan ýaşy näçe bolsa bolsun, aglanda hiç kimsiz çagadyr.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ine, bar bolany, soňlandy film. El çarpyşma hantama däl ikimiz.
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
 22.11.2024 / 00:16
 Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM

Ine, bar bolany,
soňlandy film.
El çarpyşma hantama däl ikimiz.

Sahna boşap galdy, syryldy perde,
sypryldy nikaby gizlenen ýüzleň.
Indi aýan bärde ejizem, merdem,
(Filimde käbir zat dünýeden üzňe.)

Hyýaldan gurulyp maksada ýetmän,
arzuwlar maňlaýyn ahmyra diräp,
ähli zatdan ýüzün sowup barýalar,
Sen bilýäň!.. Nirä?..

Men özümçe geljek gurdum seň üçin,
Seniň guran çaklamaňa düşünmän.
Sen düşün ahyryn ähtinden geçip,
deň ýykylar başymyza bu dünýä.

Çyralar öçensoň oýanýar tümlük,
ynam barmy erte Günüň dogjagna.
Emma, seret, aýlar ötüp barýalar,
el ýetirtmän başa dolan owsarna.

Ýazgyda sygmadyk alnyňa sygmaz,
ýüzüňe sylanyň haýypmy?! Hergiz,
Sen täzeden başlamaly diýseňem,
Saňa söz berdim-ä gutarmaz diýip,
indem irde-giçde üzülmez bergim.

...Bize galdy: täze ýollar, tanyşlyk...
Sataşmarys, görüpdiris soňuny.
Sebäp baryn oýun saýyp ýalňyşdyk.
Soňlandy film...
Ine, bar bolany!

Allanur ÇARYŸEW 2017ÿ


184

26

3

7

0

0

2
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 22.11.2024 / 00:24

+0

Bir parça sahna görülen ýaly. Haýran şu şahyryň goşgularyna. Sag boluň ýetireniňize.

 Premium
 Akademik3 [off]
 22.11.2024 / 07:16

+0

Dorediber kamilesersin mqlades gidisin gowy


Gytyndan
Pegas  (22.11.2024 / 12:28) 

Akademik3, tanaýaňmy sen Allanury?))

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 22.11.2024 / 19:15

+1

Allanur poeziýadada gowy ýazýar prozadada gowy ýazýar "Ýetişiksiz okuwçy" syny okap hezil edipdim. Awtora Üstünlik ýetirenker sagbolsun!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)

Owadan yazuw basleșik


Tuweleme. Goldayan. Gowy tutum tapypsyn. Birinji yerin sayt hasabyna 20 m ikinji yere 1000 ball, ucunji yere 500 ball....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика