TäzejeComedy [off]
27.01.2024 / 11:49
Bizde bir algebra mugallym bardy. Bir gün barlag iş almaly bolduk.Mugallym : "Şu gün hemme mysallary özüm işläp berjek, ýöne sesiňizi çykarman ýazsaňyz bolýa " diýdi.İşläbem berdi. Bizem näme begenip,başymyz göge ýetip göçürdik doskadan. Birnäçe gün geçensoň,ýene algebra. Bahalary gördük. Mergen,Bilbil,Bägüle bäş galanyna dört-üç. Mysallary mugallym bize bilkastlaýyn ýalñyş işläp beripdir.Megerem,mugallym düşünýän okuwçy ýalňyş ýazanymy bilip düzedip ýazar diýen eken. A biz bolsa...😅
Hany onda her kim mekdep döwründäki "Zalatoý mugallymlary" barada ýazsyn.
168 |
22 |
12 |
2 |
0 |
0 |
1 |
Belki [off]"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
27.01.2024 / 15:56
+0
Begmyrat mollum bardy. Matematika ondan öñem-ä halaýan dersimdi welin ol okadyp başlandan soñ gaty üýtgeşik göründi gözüme. Gaty gowy düşündirýärdi. Düşündirip oturka okuwçylañ biri gymyldasa, şeýle bir zat diýerdi welin utandyryp goýbererdi. Soñ 7 nji klasy gutaranymyzda ýogaldy. Şeýdip meñem matematika höwesim ýuwaşlykdan öldi :((
TäzejeComedy (28.01.2024 / 00:08)
Belki, Diýmek,derse bolan höwes mugallyma-da bagly bolýada şeýlemi
TäzejeHighlander [off]
SOYEN SOYULMEZ,SOYULEN GADRYNY BILMEZ!!
27.01.2024 / 16:07
+0
ILKnji synp yolbashchymz bardy ayal karochem ol oz wagtynda sheyle mahir bilen okatyady. HATDA BIZ KABIRIMIZ MNM BA, SHONA EJE DIP YUZLENENIMIZI DUYMAN GALAN GUNIMZ BOLAN.
Täzeje
(27.01.2024 / 16:09)
Highlander, ajaýyp eser eken
TäzejeHighlander (27.01.2024 / 16:10)
paradox, yo chynym huday ba dss
mekdebi gutaranma 4yyl bolupdr shumat yadyma dushdi shol mugallymmz
TäzejeComedy (28.01.2024 / 00:09)
Highlander, Dogry aýdýaň dos)
EjegyzS [off]
27.01.2024 / 16:07
+0
Fizika mugallym bar. Temaň içine girip gidýäs şo bilen beýleki sapaklardan üçlik alýan iň bir okamaýan klasdaşlarymyzam şoň sapagyna gyzyklanýa
Täzeje
(27.01.2024 / 16:11)
EjegyzS, biziňem bir fizika mugallymymyz bardy...
TäzejeHighlander (27.01.2024 / 16:23)
paradox, birde yarty fizika mugallymz barda wahh😂😂
TäzejeHighlander (27.01.2024 / 16:23)
paradox, bizde*
Arzuw (27.01.2024 / 18:00)
EjegyzS, hiçem halamadym fizikany okajagam bolmadym, okatjagam bolmadylar awtomat bahamyz goýulýady
TäzejeComedy (28.01.2024 / 00:10)
EjegyzS, Fizikada gowy ders)
Arzuw [off]
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
27.01.2024 / 17:50
+0
iňlis dili mugallymymyz bardy 4nji synpdakak okadypdy Sähedowa Zybagözel. sapagy şeýle bir gyzykly geçýädi höwäs bilen okaýadym olam höwäs bilen okatýady bizi iňlisçe sanamanam şol mugallym öwredipdi. 1 ýyl okatdy soň gitdi
TäzejeComedy (28.01.2024 / 00:21)
Arzuw, şuwagt näderejede bilýäňiz iñlisçe
Arzuw [off]
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
27.01.2024 / 17:52
+0
algebra iň halaýan sapagym))
4nji synpdan 7nji synpa çenli gyz mugallym okadypdy sapagy gaty gowy düşündirýädi, okuwdan galan günüm täze tema geçseler ertesi baramda şo temany täzeden geçýädi öwreninçäk gaýtalap öwredip bilýädi)
Arzuw [off]
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
27.01.2024 / 17:58
+0
ondan soň ýaşuly erkek mugallym okatdy 8nji synpdakak doskada durýadym diňe elim tutuş hek bolýady utandyryp öwredýädi. Dogrumyka görüp beräýiň diýsem bişiren naharyň duzuny goňşyňdan soraýaňmy özüň bileňokmy ýalňyşmy dogrumy diýerdi. Klasda diňe maňa 5 goýýady dawalaşýan okuwçylar kän bolýady welin Baýramowa bilen ýaryşyp şundan geçiň size 5 goýup şuňa 2 goýjak diýerdi)
soň başga aýal mugallym aldy olam özi işläp göçüriň diýýädi şeýdibem höwäs gaçdy bizem taýyn zat göçürip endik etdik, olam gürlemän otursak begenýädi şeýdibem okuwy gutardyk algebradan nol bolup
TäzejeComedy (28.01.2024 / 00:23)
Arzuw, biziň güne düşüpsiňiz :D Bizdede köp mugallymlar şeyledi
Arzuw [off]
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
27.01.2024 / 18:03
+0
iň esasy himiýa mugallymymyz gowydy, gowy düşündirýädi, arasynda oýun oýnatýady durmuşa degişli sapagy gyzykly geçýädi)
Seyidovfilm [off]
27.01.2024 / 19:08
+0
Bizin ahli zenan mugallymlarymyzyn sesi şeýle ýakymly welin sapakda oyanyp bolanokdy misli ene hüwdüsi ýaly
Belki [off]"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
27.01.2024 / 20:03
+0
Şu mugallyma "eje" diýmek hadysasy meñem başyma geldi iki-üç ýola. Çagajyklam şeý diýeninde özüm-ä begenýän. Sebäbi bu seni özlerine hossar saýandygyny görkezýär.
yurekdes [off]
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
27.01.2024 / 22:37
+0
Bizde gowy mollymlar kandi esasy her kimin gyzyklanyp okayany turkmen dili we edeyaty sapagyndan Yusupowa Güljan mugallymyn sapagydy oglan gyz tapawudy yok okap gelmesen bay inniki gezek okar yaly edyadi gerek yerinde komek edyadi uryadam soyyadem kariniñ eyesi so mollym edebiyada howesim onem bardy welin so mollym okadanson hasam gyzyklandym oyunlar oynardy sapak bilen baglansykly oz sapagy bilen baglanysdyryp durmus sapagynam bererdi sorap barsan ya jan etsenem yaltanman jogap bererdi gaty hormatymyz uly inni Hudaya şükür yokary okuw jayynda talyp yone mollymlarymyzyn yhlasy netijesinde bir sapakdanam kosenemzok sag bolsyn hemmesem
yurekdes [off]
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
27.01.2024 / 22:41
+0
Iñlis dili mugallymymyz bardy Aşyrowa Gözel mollym neresse gowy mollymdy degisgendi ozem seylebir okuwcylaryny soyerdi çagajygym, balajygym diyerdi hemmesine kayinerdi yone kayinjem soygidi gyzlara akyl gyzym şekil gyzym diyerdi neresse okuwy gutardyk yogaldy bay aglandyryna esdip gorgili Yatan yeri yagty bolsyn
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Mena ýatlanýan bärde eýýäm 3 gün gelmesem sms ÿazyp çagyrýalar...dowamy...
Saýtda öz mowzugyňy ösdürmegiň 5 syry🙂
Sen permanmy ya basga awatar tanys nikin cykaryp bilemok...dowamy...
Aýdymçy we şahyr /satiriki hekaýa
Şahyr öz sözlerini satdy. Yzyna alan zady bolsa — öz adyny gizlemek. Bu söwdanyň iň beteri. Çünki bu söwdada satyjy hem aljy boldy. Alýan ýüz dol...dowamy...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
mowzuga okoýan ýone açamok teswir ýazýan esasan pikirlerde kän ýazyshýas bilemokda welin ýatlarlara oýdemok menä ozümü...dowamy...
Saýda girip bilmeýän agzalar üçin admindan ähmiýetli duýduryş we maslahatlar! 🔧
Üns beriň! Keşy arassalaňyzda häzir boluň. Parollaryňyzy pozaýmaň. ))...dowamy...
Fantom (Düýn, 19:15)
Aldygyna kowýan
Telegram ýaly zat oýlap taplan, ady: "start". Içi edil telegram. özem türkmenleriň oýlap tapan zady. Ýöne häzir bizde iň gowy işleýän link mes...dowamy...
Saýtda täze agzalaryň köp ýalňyşýan 6 meselesi we olary çözmegiň usuly
senden dizaýner çykar , akurantnyja ýazypsyň...dowamy...
Orhideya (Düýn, 18:36)
Saýtda täze agzalaryň köp ýalňyşýan 6 meselesi we olary çözmegiň usuly
Bet edip ýazypdyr...dowamy...
Maleficent (Düýn, 18:25)
Saýtda täze agzalaryň köp ýalňyşýan 6 meselesi we olary çözmegiň usuly
Ine malades düşünmesiz zat ýok...dowamy...
Minigim (Düýn, 18:13)