Ýürekdeş sözler!
Bize "Hakykat" Diýip Aýdylan Ýalanlar
EpifiZ [off]
30.01.2024 / 17:19
"Life Without Reality"
Bu mowzukda aýdylyp geçiljek "ýalanlaryň" iň bolmanda birini eşidensiňiz.
"Garaňkylykda Kitap Okamak Gözüňize Zyýanly"
Bu esasanam kitap okaýanlara degişli bolup biler. Garaňkyda telefon görmek gözümize zyýanlydyr, emma kitap okamak zyýanly däl! Onda näme üçin garaňkylykda kitap okanymyzda gözümizde ýadawlyk duýýarys? Garaňkyda gözümiz kitapdaky ýazgylary okajak bolup, öz görüjilik çägini zorlaýar. Bu ýadawlygyň sebäbi hem şodyr. Garaňkylykda kitap okaýan galdymyka häzir :)
"Barmaklaryňyzy "Şykyrdatmak" Zyýanly. Barmaklaryňyzyň Şekili Üýtgäp Biler"
Hemmämiz muny edýändiris. Oňa şübhe ýok. Barmaklarymyzdaky bu şykyrdy, barmak süňklerimiziň arasyndaky suwuklykda birigen köpürjikleriň sesidir. Olar ýarylanda bu ses çykýar. (Häzir şykyrdadyp oturansyňyz :)
"Bedeniňizdäki Tüýleri Almaz Ýa-da Päki Ýaly Ýiti Zatlar Bilen Kesseňiz, Ol Tüýler Ýognaýar"
Meniň hem ynanyp, almaz degirmäne gorkan ýagdaýym. Emma bu beýle däl eken. Almaz bilen kesilende tüýler ýognan ýaly bolup görünýär, emma onuň beýle görünmeginiň sebäbi şeýle: tüýlerimiziň düýbi ýogyndyr, almaz ony düýbiniň ýogyn ýerinden kesýär we tüý täzeden ösüp çykanynda bize onuň şol kesilen ýogyn ýeri görünýär. Umuman tüýlerimiziň ýognalyp inçelmek ukyby ýokdyr.
155 |
17 |
6 |
4 |
1 |
0 |
1 |
Teswirler:
BAY-HAN [off]
Ýüregi ýüregime syrdaş...
30.01.2024 / 20:06
+0
Gowy zatlar-a yazyan ekeniñ. Tuweleme, dowamly bolsun.
xuliganka [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
30.01.2024 / 20:06
+0
Indi shular yalanmy chyn dushunman gechdim
EpifiZ (30.01.2024 / 20:42)
xuliganka, goša dyrnaga alnanlar yalan
афганка (30.01.2024 / 20:43) EpifiZ, ha bolya
yurekdes [off]
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
31.01.2024 / 12:38
+0
Birinjide howa garankyda kitap okasak gozimiz yadaya we gorijilik çagi peselya bu goze zyyan diymek dalmi eysem.
2 nji cyndanam interesna men in kop edyan zadym barmak sykyrdatmak aydylanson edemokdym
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...