Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
boshver : Gapysyz jaý gurup, myhmana garaşmañ..# fileo

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ŞO SAPAR...
 Gytyndan
 Baron [off]
 14.12.2024 / 10:34
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Sen erkli gelindiň, ýöne şo sapar
Öz erkiňi gowşadasyň gelipdi.
Diliň «çekil», gözüň diýýärdi «apar»,
Içiňi bir gowzadasyň gelipdi.

Otuz bäş ýaş berk ýaş bolar mizärden,
Entek seniň araň daşdyr güýzärden.
Gowy görýän joraňdanam bizardyň,
Çünki şol gün «obadaşyň» gelipdi.

Gözüňe yssydy pesler-beýikler,
Gördüň şol gün her köýnegiň geýipler.
Bolýar-a birhili ötegçi keýpler,
Jynly ýaly oýnaşasyň gelipdi.

Ýürek böküp dursa, nämedir çäräň?
Şonuň üçin golaý tutýardyň araň.
Etmek isläňokdyň özüňi arzan,
Meni kemsiz gowşadasyň gelipdi.

Diliň bilen «Oňat otur!» diýseň-de,
«Oturma!» diýp, haýyş bardy didäňde.
Bu durmuşda ýürekdeşiň idäň-de,
Yşk söhbedin gowja edesiň gelipdi.

Meňkiden öwerlik däldi ýagdaýyň,
Owsunyp otyrdyň dolan Aý deýin.
Soňam diýdiň: «Alyp barýaň, nädeýin?!»
Ýöne welin ogşadasyň gelipdi.


©Italmaz AKMYRADOW


90

18

1

6

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 14.12.2024 / 16:06

+1

Soñuny bet aÿdypdyrla

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Klasdaş gyzlara


Gowy ekeni yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Klasdaş gyzlara
Bagul (Şugün, 04:56)

Kemsinmezmi çaga yürek?


Gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kemsinmezmi çaga yürek?
BAYOGUL (Şugün, 04:30)

Kemsinmezmi çaga yürek?


Gynançly eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kemsinmezmi çaga yürek?
@menin_dunyam (Şugün, 01:05)

Kemsinmezmi çaga yürek?


Elbetde kemsiner...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kemsinmezmi çaga yürek?
@menin_dunyam (Şugün, 01:04)

Bolmaýanmyş.


Bar bolsa mowzuk edip açay. Okaly...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolmaýanmyş.
@menin_dunyam (Şugün, 01:04)

Bolmaýanmyş.


Başkada năhili gowja goşgylary barka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolmaýanmyş.
@menin_dunyam (Şugün, 01:03)

Bolmaýanmyş.


Gowy ÿazÿan eken. Ÿetirip dur....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolmaýanmyş.
@menin_dunyam (Şugün, 01:03)

Gyz haty..


Sen bagtyýar ýaşa, gam-gussa batma, Ylaýym, duşma-da bela-betere! Eger bagtyñ ýatsa... Bir zaman da:şa Öwrüp zyñan ýüregime büdüre!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gyz haty..
@menin_dunyam (Şugün, 01:02)

Gyz haty..


Gaty gowy. Haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gyz haty..
@menin_dunyam (Şugün, 01:02)

23-nji fewral


Kăte mowzukda çekeleşme hem gitya gaty gőrme jigim...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | 23-nji fewral
@menin_dunyam (Şugün, 01:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика