Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Ýaşaýyş ýeñlen ýeriñden başlar!
Satlyk ata-ene. Täsin bildiriş
Gerekli yurekdes [off] 20.12.2024 / 19:59 Diller dymýan wagty, gözler gürleýä...
Satlyk ata-ene (Täsin bildiriş)
Bu waka Ýaponiýada bolupdyr. Tokionyň gazetleriniň birinde satlyk ata-ene bardygyny yglan edýän geň bildiriş çap edilipdir. Ynha, onda şeýle diýilýär eken: «Ata-ene edinmek isleýänleriň dykgatyna. Satyn almaga meýilli bolanlara kakanyň 68, ejäniň 66 ýaşlydygyny, bahasynyň 900 ýendigini habar berýäris.
Muny görenler depesinden sowuk suw guýlan ýaly bolupdyrlar. Adamlar: «Nä döwür, nä zamana! Indi ata-enede satlyga çykarylyp, bazara salnyp başlanan bolsa...» diýişip, juda gatyrganypdyrlar. Garaz, bu bildirişiň turzan gowry uly bolupdyr.
Bu gazet ýakynda ýol hadysasynda heläk bolan ata-enesinden mahrum bolan ýaş maşgalanyň eline düşüpdir. Ejesiz, kakasyz ýetim galyp, matam baglaýan perzentler üçin ata-enäni satmak barada bildiriş bermegiň özi barypýatan naýynsaplyk bolup görnüpdir. Bu halda satlyga çykarylýan kişileriň kalbynda nähili howsala turýanlygy barada pikir etmek hem olar üçin eýmendiriji, iniňi tikeneklediji ýagdaý bolupdyr. Şonuň üçin hem olar garrylaryň bahasy hökmünde talap edilýän puly töläp, özleriniň ýyly ojagyny, mähir-söýgüsini bu mähriban ynsanlara peşgeş etmeli diýen netijä gelipdirler.
Bildirişde görkezilen salga baranlarynda, haýran galmakdan ýaňa, olaryň agzy açylypdyr. Burk urýan al-elwan güllere beslenip oturan giň howlynyň içinde köşk ýaly kaşaň jaý öňlerinde duranmyş. Olar salgysyny çalşyp, ýalňyş ýere gelendiris öýdüp, dolanmakçy bolup durkalar, gapy açylypdyr-da, ýüzi nurana bir ýaşuly ýylgyryp çykypdyr.
— Salam, bagyşlaň, biz ýalňyş geläýipdiris öýdýän, bildirişde siziň salgyňyz görkezilen eken...
Ýaşuly olary sözüni soňlamaklaryna-da goýman:
— Siz dogry geldiňiz, geçiberiň — diýip, goja tolgunmakdan ýaňa sandyrap çykýan sesi bilen olary öýe ündäpdir. Myhmanlara töre geçip, ornaşmagy mürähet edip, ol keýwanysyny-da çagyrypdyr.
— Görşüňiz ýaly, biz beýle bir eli ýuka adamlar hem däl. Ýöne bize perzent görmek, işigimizde arlyk sermek nesip etmedi. Döwletimizi miras goýup gitjek adamymyz hem ýok. Şol sebäpli hem biz şeýle bildiriş bermek bilen, munuň üçin mynasyp kişini tapmagy niýet edindik. Beýle bildirişe iň bir halalhon hem adamçylykly kişileriň baş galdyryp biljekligine-de akylymyz çatýardy. Emma welin, gönüsinden gelmeli bolsa, beýle adamyň tapyljagyna şübhelenip hem başlapdyk... Siziň muňa biparh bakman, bizi idegläp gelmegiňiz, başymyzy gök diretdi, geliň, gözümiziň üstünde ornuňyz bar!..
Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW
Teswirler:
Täzeje daliim [off] 21.12.2024 / 14:54+1Dusinmedmlai 
Premium
Belki [off] Sen durmuşyma girseň, ýalňyzlyga ikilik edýän ýaly 21.12.2024 / 17:48+0Vay anasını
Soňky teswirler
Gyz haty..
Sen bagtyýar ýaşa, gam-gussa batma,
Ylaýym, duşma-da bela-betere!
Eger bagtyñ ýatsa...
Bir zaman da:şa
Öwrüp zyñan ýüregime büdüre!...
dowamy...
Ýokaryk