Asmandaky Aýy ýere ýykypdyr
Uzaklarda uwlamasy şagallaň.
Öljegnem, galjagnam bilmän,
Görmän atasyny,
Enesin emmän,
Zibilhana gaçan Aý bolup ýatyr,
Haýa bolup, ar bolup,
Dowzahdan bir parça nar bolup göýä.
Misli zynaň nyşanydy,
Göbejigin çolap çarhypelege,
Keýpe peýda,
Dünýä bolsa,
Zyýan ýatyr,
Zyýat ýatyr,
Hanha, ahyrzaman ýatyr.
“Iňňä, iňňä, iňňä...”
Ölmelidi dünýä inmän.
Bir çaga aglaýar — namys aglaýar,
Gör, çaga nalaýar zibilhanada,
Uzaklarda bolsa, şagal uwlaýar.
Seniň üçin hiç hili bolmajak mümkin däl zadyň, bolmajagyna gözüň ýetip duran zadyň, iru giçde juda azam bolsa boljagyna umyt edip bolýamy ynsanda...dowamy...
Berekella, gowy ýazylypdyr...
Maýyplyk haty barada mende näçe diýseň gürrüň kän, ýöne käbirlerni gürrüň bersem özüm utanýan olaryň boluşyndan. Do...dowamy...