“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Hyyal mellegimde arzuw ekerin,àwmàn ykbalymyn'bolmaz'sesine!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Birahat ruh.(mistiki hekaýa)
 Täzeje
 Relax [off]
 07.01.2024 / 22:50
  Akyl işledilýän ýere, güýç işletme

Birahat ruh.(mistiki hekaýa)

Gyşyň gelmegi bilen meniň gatnaýan sport mekdebi ýapyp,ony etrap merkeziniň çetindäki mekdebe geçirdiler.Täze geçen mekdebimiz öňkä seredende giňdi we ýylydy.Ýöne çetiräkdä bolansoň,agşamky türgenleşiklerden soň oba gaýtmak kynrak boljakdy.

Türgenleşik tamamlanansoň,bile gatnaýan oglanlar bilen öýli öýimize gaýtdyk.Beýleki oglanlaryň öýi etrap merkezinde bolansoň,olar başga ýoldan gitdiler.Menem obamyza barýan uly ýola çykmak üçin,kiçiräk garaňky ýoldan ýöräp ugradym.Ýoluň ugrundaky ekin ekilýän meýdanlaryň ortasynda depelik bardy.Aýdyşlaryna görä şu depede,bir wagtky haýsydyr bir söweşde ölen şehitler ýatyr.Näçe gezek şu depäni aýyrjak bolup traktor getirselerem aýyrmak başartmandyr.Getiren traktorlary döwülip durypdyr.Ahyryn degmän goýupdyrlar...

Şu zatlar hakda oýlanyp,gorkulyrak pikirlenip gelýärkäm,yzymdan gelýän maşynyň pesiräk yşygyna gözüm düşdi.Köneräk 6-njy (žiguli) eken.Elimi galdyrdym,deňimde saklandy.Sürüji 50 ýaşlaryndaky adam eken.

—Salawmalekim! Agam Gumlydepe tarapa barýaňmy?
—Walekimsalam,edil Gumlydepähä baramok.Ýöne golaýladaýyn,mün-sürüji şeý diýensoň maşyna mündim,ugradyk.Sürüji söze başlady:
—Inim giçden soň bärlerde näme işleýäň?
—Türgenleşikden gelýän,sport mekdebe gatnaýan.
—Tüweleme,sporta höwesiň bolsa gowy.Ýöne giç bolanda şu ýerlerde bir özüň gezmejek bol.Gapdalyň şehitlik.Özüňem ýaş oglan.Ýene nemedip ýörme.Bizä indi arwah jynlara ynanylýan ýaşdan geçdik-diýip,sürüji ýylgyrdy.

—Ýokla,arwah jyn näme etsin maňa-diýsemem,ýüregimde birhili gorky peýda boldy.Sürüji bolsa bilgeşleýin gorkymy artdyrmakçy bolýan ýaly:

—5-6 ýyllykda şu taýda pagta zawotda işleýän bir oglany pyçaklap,öldürip taşlap gidenmişinler.Şol oglanyň birahat ruhy şu töwerekde aýlanýamyşynam diýýäler.Özümä görmedim ýöne görenler barmyş-diýip gürläp gelýärdi.Birdenem maşyny bir kemçilik tapdyda birki gezek silkinip tapba öçdi.Sürüjiniň muňa gahary gelip:

—Şu maşyny alanyma 16 ýyl boldy.Şondan bäri çekiçlemedik günim ýok.Ýene bir zat tapdy bu-diýip,hüňürdäp maşyndan düşüp,hereketlendirijiniň o ýerini bu ýerini görüp başlady.

Menem düşüp,maşynyň arka tarapyna geçdim.Daş töwerek tüm garaňkydy.Sürüjiniň ýaňky gürriňlerini ýatlap ýüregime gorky aralaşdy.Edil şol ruh garaňkylykdan çykyp ýanyma geläýjek ýaly bolup,töweregime seretdim.Birdenem sürüjiniň biri bilen gürleşýänini eşidip,gorky bilen maşynyň öň tarapyna bardym.25-30 ýaşlaryndaky ýigit sürüjä maşynyň döwülen ýerini oňarmaga kömekleşip durdy.Hiç zat diýmän maşynyň yzky oturgyjyna geçip oturdym.

Birazdan sürüji maşyna münüp hereketlendirijini işledip gördide,ýaňky ýigide:
—Boljak ýaly özä,mün gideli-diýdi.
Ýigit maşynyň öňüne mündi.
—Inim duşanyň gowy bolaýdy.Bolmasa bilmedim näçe durardym bärde-diýip,ýaşuly ýigitden göwnihoş söze başlady-Nirde ýaşaýaň ertip gaýdaýyn?
—Şehitligiň ýanynda-diýdi welin inim düýrügip gitdi.
—Şehitligiň ýanyndada adam ýaşaýamy näme?-diýip sürüji haýran galyp sorady.Ýigit:

— Men adam däl!-diýdi welin,sürüji batly barýan maşyny birden saklady.Maşynyň içinde güýçli sarsgyn bolup,tigiriň asfalta sürtilen sesi eşidildi...Seretsek maşynyň öňünde oturan ýigit ýokdy...Bize arwah-jynyň duşanyny ikimizem aňdyk...

Sürüji ýolboýy bilýän aýat dogalaryny okap gaýtdy.Meni öýümize düşürip,"ýol kireý"diýip beren pulymam alman gitdi.Soň bu sürüjä hiç ýerde gabat gelmedim.

Öýe gelensoňam esli wagt özüme gelmedim.Naharlanyp,ýatmaga ýerime geçdim.Birbada hiç uklap bilmedim.Internede giren boldum.Ahyryn ýatyp galypdyryn...Düýş gördim.Düýşimde şol maşynyň döwülen ýerinde ýeke özüm duranmyşym,ekinligiň içinde bolsa şol ruh "Maňa kömek et! Maňa kömek et!..." diýip gygyryp dur.Men oňa kömek etmek üçin ylgap ekinli meýdana girenimden batga batyp ýykylýan,batga meni özüne çekip başlaýar...Birdenem daş-töweregimi al-arwahlar alyp,"Ol indi biziňki! Şirhan biziňki!..." diýip gygyryşyp,heşelle kakyp başlaýalar...

Hopugyp oýandym.Sagat 02:34.Turup hammama baryp,ýüzümi ýuwdym.Aýnada özümi gördüm.Ýüzümiň reňki gaçypdyr,gözüm gyzarypdyr.Suw alyp ýüzümi ýuwup aýna seretdim.Arkamda şol ýigit seredip durdy.Gorkyp yzyma seretdim,hiç kim ýok...Birdenem aýagyma gözüm düşdi.Dyzymdan aşagy ylaýdy.Pola seretsem,düşegimden hammama gelýänçä palçykly aýak yzlarym durdy.Gulagyma bolsa "Kömek et!...Maňa kömek et!...Kömek et maňa!...sesleri eşidilip başlady.Kellämi tutyp ýykyldym...

Dowamy bar.


108

14

2

1

0

0

2
Teswirler:
 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 22.12.2025 / 21:25

+0

Ay bunýaly zatlary çagalar okamaly däl

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 22.12.2025 / 21:27

+0

21+ ýazyp bildiriş bermeli ekeniñ


Täzeje
Fantom  (22.12.2025 / 22:48) 

Daniel, aý, bu çagalar zombiden gorkjaga meňzeýämaý? öňler gorkylsa gorkylardy. indi multiklarda kinolarda oýunlarda känä bu zatlar.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yşk goşgysy


Gaty gowy goşgy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yşk goşgysy
erkin1997 (Şugün, 18:38)

SEN, SEN BOLMAGY BAŞAR!


Ýaşaýyşyňda mydama ölümi ýatlap gorkup ýörmek seniň dur-muşyňy has hem kynlaşdyrar unutma! mysal getirişini halamadym.Kerim Aş Şazili-ň "A...dowamy...
Erkin mowzuklar | SEN, SEN BOLMAGY BAŞAR!
Garrybay (Şugün, 18:00)

SENIÑ ÝEKETÄK DUŞMANYÑ SEN.


Derdime diňe çilim düşünýär,onam pul berip satyn alýan. 1C©...dowamy...

С днем рождения дорогая


Sagvolll yekam ❤️❤️❤️❤️❤️...dowamy...

Gözüň reňki siziň saglygyň barada näme aýdyp biler.


Çal reňk...dowamy...

С днем рождения дорогая


uzak yasasyn olam...dowamy...

SENIÑ ÝEKETÄK DUŞMANYÑ SEN.


Gaty gowy...dowamy...

Gözüň reňki siziň saglygyň barada näme aýdyp biler.


Men gözüm goňurja...dowamy...

С днем рождения дорогая


Jany sag basy dik, il icinde abray bilen gezsin. Uzak yasasyn jiginjan...dowamy...

С днем рождения дорогая


Uzak yasasyn...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->