Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Gidene gynanma, soyse gitmezdi. Gelene begenme, olam bashga birinden gelli. #Yekejelai

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Birahat ruh." Mistiki hekaýa 3-nji bölümi (jemleýji bölüm).
 Täzeje
 Relax [off]
 07.01.2024 / 22:52
  Akyl işledilýän ýere, güýç işletme

Birahat ruh." Mistiki hekaýa 3-nji bölümi (jemleýji bölüm).

Ertesi gün Kerim aga bilen görüşmek üçin,onuň obasyna tarap ýola düşdim.Sorap-idäp öýüni tapyp gapysyny kakdym.Gapyny 17-18 ýaşlaryndaky gözleri garaja,saçlary iki örülen gyz açdy:
—Salam,size kim gerek?-diýip utanjyrap,sorady.
—Salam,Kerim aga bilen gürleşmelidim,öýdemikä?
—Atammy? Atam Köneürgenje gidipdi.Ertir geläýmese.
—Şeýlemi,bolýa onda ertir geläýerin.
—Kim sorady diýeýin.
—Ýok,özüm geläýerin.
—Bolýa.
—Neme...siziň adyňyz kim?-diýip soranymda gyz öňkisindenem utanjyrady.
—Menmi...Dursunaý.
Başga wagt,başga ýerde duşan bolsam Dursunaý bilen köpüräk gürleşip durardymam welin...arman wagty däl bolansoň:
—Bor,sag boluň Dursunaý!-diýip,öýe gaýtdym...

Şeýdip ruhuň maňa möhlet beren 3 gününiň ikisi geçdi.Emma entegem tapmaly adamlarymdan uç tapylmady...Tapylaýjagam gümana...
Ertesi ýene Kerim aganyňka baryp,gapyny kakdym.Gapyny Dursunaý açmazmyka diýip durdym.Emma gapyny 40 ýaşlaryndaky erkek adam açdy.

Men oň bilen salamlaşyp,Kerim aga bilen gürleşmelidigimi aýtdym.Kerim aga 70-e golaýlan ýaşuly eken.Oňa özümi Mergeniň ýegeni diýip tanyşdyrdym.Kerim aga pagta zawotda direktor bolan döwründe Mergen,Serdar,Orazberdi,Perhat atly oglanlar bilen işleşendigini olaryň biriniň hasapçy,biriniň tereziman,biriniň lobarnt ýaly wezipelerde işländiklerini,emma Mergeniň syrly ölüminden soň beýleki üçisiniňem etrapdan göçüp gidendiklerini gürriň berdi.
Ýenede Kerim aga maňa işgärler bolup umumy düşen suratlaryny görkezdi,Kerim agadan suratlar barada soraşdyryp,öz tapmaly adamlarymyň ýüz keşplerini ýatladym...Kerim aga bilen sag bollaşyp,öýe gaýtdym...

Orazberdi dosty Serdaryň ölümine gaty gynandy.Jan ýaly klasdaşyny kimdir biri köprüden asyp gitse her kimem gynansa gerek.
Orazberdi dosdunyň namazyny sowuşyp,agşamara öýe geldi."Derdini kemeltmek" üçin ýolugra dükandan bir çüýşe akmämetden alyp gaýtdy.Nahar bilen ýaňky çüýşäni boşadansoň,telewizor görmegä başlady.Birdenem telewizoryň ekranynda "Нет сигнал" diýen ýazgy peýda boldy."Şaring açdym,näme açdym diýen bolup düýnki oglan ep-esli pula sokup gitdi öýtýän.Ýa antena bir zat bolaýdymyka?!" diýip.Daş çykyp,anteny sazlamak üçin üçege çykdy.Anteni eýläk-beýläk aýlap durka arkasyndan kimdir biri:
—Orazberdi,kömek gerekmi?-diýdi.Orazberdi tisginip arkasyna seretdi...Gözlerine ynanmajak boldy arkasynda Mergen durdy.
—M...m...m...Mergen,sen näme işleýäň bärde?
Mergen hahahaýlap güldi.Gülen wagty onuň agzyndan gan çykýardy.
—Aý,anteni sazlaşaýaýyn diýip gaýdyberdimläý-diýip Mergen ýene güldi.
—Ýöne sen ölüpdiňä Mergen!
—Hawa ölüpdim.Nähili ölenimem ýadyňdadyr belki hä?
Orazberdi çök düşüp aglamjyrap gürläp başlady:
—Mergen,ölümiňde meň günäm ýok.Ynanaý günäm ýok...Hemmesini Perhat etdi.Goluňy ýasap,peçadyňy ogurlanam şol,ýok edilen zatlary satyp esasy pulyny alanam şol...Mergeni ýok etmesek başlyga satar diýip,seni öldürenem Perhat...

Maňa şol günler pul zerurdy,şoň üçin Perhada kömekleşmeli boldym.Mergen ynanaý meň günäm ýok...-diýip Orazberdi aglamasyny güýçlendirdi.Mergen bolsa:
—Bolýa,bolýa.Gel antenaňy sazlaly.Men gowy edip sazlap bereýin-diýip hahaýlap gülip,anteniň kabelini ýolup aldyda,ony Orazberdiň boýnundan ildirdi...
Ir bilen obanyň adamlary,kabel bilen özüni öýüniň üçeginden asan Orazberdiniň jesedini ýere düşürdiler.Inçe kabel boýuny üzere getiripdir...

Uklapdyryn.Penjirämiň öňünde möjegiň uwlaýan sesine oýandym.Sagat 01:23.Bu töwereklerde möjek ýokdy.Ýöne penjirämiň öňündäki möjegiň uwwuldysy barha güýçlenýärdi.Ol ses menim etimden geçip,süňkimden geçip,ýüligime ýetdi.Çydamadym.Näçe gorkýanam bolsam daşaryk çykyp,penjiräniň ýanyna bardym.Ol ýerde,möjek ýokdy...Yzyma öwrülip,öýe girjek wagtym,arka tarapymdan biri "Şirhan möhletiň gutarandygyndan habaryň bardyra!" diýdi.Hawa,bu şol Mergeniň ruhydy.Gorkydan ýaňa sandyraklap yzyma öwrüldim. "Mergen,men tapjak boldym.Ýöne başa baranok.Ruh bilen gürleşýän diýip aýdyp ýörsemem il-gün näme diýer.Tapjak bolýan.Taparynam belki.." diýdim.Ruhuň ýüzünde göwni galmakmy,gaharmy peýda boldy.Gahar bilen "Ertir A....obasyna bar.Serdara düýn öldi.Ertirem şol obada Orazberdini jaýlarlar." diýdide gözden ýitdi.

Orazberdi ölen bolsa onuň namazynda,dosty Perhadyň hökman boljakdygy hakda oýlanyp,ertesi güni men şol oba ugradym...
Günortanrak baryp ýetdim.Uly ýolda,obanyň içine girmän,maşynymy gyrarakda goýup garaşmaga başladym...

Birki sagatlardan,obanyň içinden bortynda kelleleri telpekli,tahýaly adamlar oturan "ГАЗ-53" çykyp gonamçylyga tarap ugrady.Onuň yzyndan iki sany ýeňil maşynam barýady.
Yzýany obanyň içinden adamlar toparlanyşyp dürli tarapa dargap ugradylar.Men olaryň içinde Perhat barmy ýa ýokmy anyklajak bolup,maşyndan düşüp,tigirleriň ýelini gören bolup adamlara seretdim.Perhada gözüm düşmedi.Men garaşmaly diýlen netijä geldim...

Gün öýleden agyp başlanda,obanyň içinden biri çykyp bärligine ýöräp gaýtdy.Golaý gelensoň men onuň Perhatdygyny tanadym.Meni taksistdir öýtdümi nämemi ýanyma gelip:
—Inim şähere gidýäňmi?-diýdi.Menem ony ýanyma alyp äkitmek üçin:
—Hawa agam,adamam ýok.Bir adam gelsede ugraýyn diýip durdym.Gideli,mün-diýdim.
Perhat gapdalyma mündi.Ugradyk...1-sagat ýaly ýol ýöränimizden soň,men şähere gidilýän ýoldan sowulyp öz etrabymyza tarap sürüp ugradym.Pehat ýüzüme geň galyp seredip:
—Inim aýlanma ýoldan gitjek bolýaňmy?-diýdi.
—Ýok!-diýip pert jogap berdim.
—Onda nirä barýas?
—Men seni biriniň ýanyna ertmeli.
—Menimi? Kimiň ýanyna? Näme üçin?
—Mergeniň ýanyna ertjek.Hol bir wagtky işdeş dosduň bara Mergen.Ana şoň ýanyna barýas häzir.
Perhadyň ýüzi boz-ýaz boldy.Gürländä sesi sandyrap çykdy:
—Seň akylyň üýtgäpdir öýdýän,hä? Mergeniň ölenine 5-6- ýyl boldy...Sakla maşyny men düşjek.Nirä gitseň şoňa git onsaň-diýdi.
—Maşyna saklaýmaryn!-diýdimem welin,Perhat ýeňsämden tutdyda bat bilen kellämi rola urdy,burnym jaýdar degdi öýdýän,ganap başlady.

Maşyny saklap,saklamankam,Pehat düşüp gaçdy.Ýoluň aňyrysyna geçjek bolup ylgap barýakada,ortarada ýykyldy.Edil şol wagtam aňyrdan ýetip gelýän "Kamaza" gözüm düşdi.Perhadyň ýykylyp ýatan ýerine aralyk az galanyna seretmezden "kamaz" badyny gowşadanokdy.Perhadam ýerinden turjagam bolman,ýetip gelýän "kamaza" gözüni petredip ýatyrdy.

"Gaaaaççç...Perhat gaaaççç!" diýip gygyryp Perhada tarap ylgadym...Emma ýetişmedim "Kamaz" Perhadyň üstünden geçip gitdi.Oňa sereder ýaly bolmady,kamazyň tigri Perhadyň göwresini ikä bölüp geçipdir.Üstünden kamaz geçenem bolsa onuň gözleri açyk durdy...Oňa seredip durmakdan gorkdym.Aňyrrak baryp kamazam durdy.Onuň içinden Mergeniň ruhy çykdy.Ol bir Perhadyň ikä bölünen bedenine seredip:"Algy-bergimiz galmady Perhat!" diýdi.Soňam maňa seretdide:" Öýüňize bar Şirhan! Giç boldy alada edýändirler.Ýoluň ak bolsun!" diýdide gözden ýitdi.
Men bolup geçen işleri aklyma sygdyryp bilmän,ýuwaşjadan öýe gaýtdym...

Üç günden soň etrap merkezinde,bir çärede Dursunaýa duşdym.Çeper höwesjeňlerde tansçy eken...

Dur hany,nämeler gürriň berip başladymaý?!...Dursunaýa jaň edeýin gowysy.

~~~soňy~~

Şirhan26.12


168

12

5

2

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 05.04.2024 / 06:59

+0

oňat

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 06.04.2024 / 06:16

+0

Biraz gorkdm

 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 24.04.2024 / 12:33

+0

Hezil gyzykly täsirli eken

 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 24.04.2024 / 12:34

+0

Dursunaý bilen näm bolduka gyzyklandym

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 01.05.2024 / 17:48

+0

Giwy eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика