Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Biziň hakyky ýüzümiz - diňe özümiz bilen galanymyzda ýüze çykýar. Gülýän ýüzümiz dünýäniň görmek isleýän sahnasy, aglaýan ýüregimiz bolsa biziň hakykatymyz.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adam bolmak kyn...5-6
 Betinden
 Sebap [off]
 09.01.2025 / 00:13
 Lekum dinukum we liýe din

Ilki-ilkiler ol barada serçeleriň arasynda uly gürrüň boldy. Gürrüňiň başyny bir gözi çaşyrak, uruşganlygyndan bolsa gerek — kellesi tä beýnisine ýetiberýänçä çokulan, şol bolşuna-da juda garagolsyraýan serçe başlady
:— A-haw, serçeler, täzeden bäri aramyzda biri görünýär welin, asyl öň göze ilýän zat däldi-le?! Özem hondan bärisiräp, ile goşulanog-aý!— Haww-aý, gökden düşen ýaly öz-ä!
— Dilem çalgyrdrakmy-nämemi?..
— Dilini özi bilsin welin, asyl oňarýan zady ýok onuň!
Ne gurçuk çöplemegi oňarýar, ne-de çekirtge tutmagy.— A-haw, birhili syrlyja görünýär welin, Çotdy serçe dagynyň iberen jansyzy bolaýmasyn şu?!— Aý, senem onarýaň-ow! Onun ýaly nalajedeýindenem bir jansyz bolarmy! Hol Çalyň ýa-da Körüň toparyndan azaşyp galan aňkaw diýerler oňa!— Azaşanam däldir şol. Kowlup gelendir.Iň ýokardaky şahada sesini çykarman oturan gartaşan serçe bir ganatyny galdyrdy. Jedel tapba ýatdy. Gartaşan serçe serçelere mahsus bolmadyk agraslyk bilen säze başlady:
— Jemagat! Hemmäňiz pikiriňizi aýdyp bolan bolsaňyz, indi maňa gulak asyň! Çalgyrt bolsa-da, aňkaw bolsa-da, başga topardan bolsa-da, azaşyp ýa-da kowlup gelen bolsa-da, ol serçe. Ser-çe! Diýmek, özümiziňki. Kesip taşlara ýerimiz ýok. Şonun üçinem, ony gyrakladyp, gybatyny edip ýörmän, gaýtam, özümize çekjek bolalyň! Belki, öwrenişip bilýän däldir, belki, başga bir derdi bardyr. Meniň pikirimçe, oňa haýsy-da bolsa bir möhüm ýumuş tabşyrmaly we şeýdip ony zähmet arkaly terbiýelemeli!
«Zähmet arkaly terbiýelemek» diýmeklik serçeleriň dilinde sütüniň süýnýänçä işletmekligi aňladýardy. Şonuň üçinem serçeler ýaňky gartaşan serçäniň pikirini bada-bat alyp göterdiler:— Eý, biziň parasatly, ýeňilmezek serdarymyz! Seniň sözleriňde diňe hakykat bar. Biz seniň akylyňa, adalatly hökümiňe öňem boýundyk, häzirem boýun!— Hawa, ojagaz deljäni serdaryň aýdyşy ýaly edip terbiýelemeli!— Goý, özüni görkezsin!— Ynamy ödemese-de, görübiris!..— Duruň-haw entek! Hany, oňa näme ýumuş tabşyrarys?Serçeleriň arasyna dym-dyrslyk aralaşdy. Olaryň pikirini bilmek üçin, toparyň serdary — gartaşan serçe-de sesini çykarmady. Umuman, ol beýlekileriň sözlerini diňläp-diňläp, iň soňundan hemmesinem ýalana çykaryp goýbermegi gowy görýärdi. Birhaýukdan soň, perleri sal-sal, bir serçe naýynjar halda dillendi:
— Eger garşy bolmasaňyz, serdarymyzam makullasa, şol täze gelen serçäni maňa berseňiz! Meniň maşgalam agyr, eklejegem özüm. Kakalarynyňam... — diýdi-de, gözlerini ýaşartdy.— Ejizleme, Küleje, ejizleme! — diýip, bir ekabyr serçe onuň sözüni böldi. — Seňkiden agyr maşgalany ekläp gördük, ýeke özümiz ekledik. Şonda-da zeýrenmäň, ejizlemäň nämedigini bilen däldiris. Merdräk bolarlar...Maslahaty serdar jemledi:— Onda mende şeýle bir teklip bar! Agsak janawaryň nä güne düşenin-ä hemmäňizem bilýäňiz. Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň, pişige ýesir düşüp, serçelerçe gurban boldy. Onuň ýanýoldaşam bir bezzadyň kemanyndan heläk boldy. Höwürtgelerinde bir topar ýumurtga eýesiz galdy. Ine, şol höwürtgäni, şol ýumurtgalary täze geleniň — Deljäniň boýnuna ýükläýsek diýýärin. Goý, sakçylyk etsin, çülpeler ýumurtgadan çykansoňam ekläp-saklap, ile goşsun!
Serçeler mähellesi serdaryň bu teklibinem biragyzdan alyp göterdi. Iki sany serçe ýör-hä-ýör bilen Deljäni (oglan-serçä bizem indi Delje diýibereliň!) öňlerine salyp geldi.Serçeleriň düzüm-düzüm bolup oturanyny gören Deljäniň huşy başyndan uçdy. «Hiýh, ene-atalar ýygnagy oguşýan... Işim gaýtdy!» diýip, ol pikir etdi.
— Serdaryň ýanyna, serdaryň! — diýip, ony alyp gelen serçeleriň biri çüňki bilen onuň ýeňsesini çalarak gyzdyryp goýberdi. — «Wah, öňräjik, men entek adamkam, şeýtjegiňizi bilen bolsadym, serdaryňyz-perdaryňyz bilen birlikde dyr-pytrak ederdim welin...» diýip, Delje içini hümlede-hümlede, serdaryň gaşyna b ardy.Serdar oňa tarap gözüniň gyýtagyny çalaja aýlady-da, serdar gedemligi bilen sowal berdi:— Sen, bi, Agsaklaryň höwürtgesini bilýäňmi?Delje görgüli Agsagy nireden bilsin — towsagy nireden bilsin. Ol eginjigini gysdy.— Bilmeseň, görkezerler. Şol höwürtge üçin, höwürtgedäki ýumurtgalar üçin başyň bilen jogap bermelisiň! Bu gün-erte ol ýumurtgalardan bir topar eýjejik serçe çykar. Olary eklemegem seniň boýnuňa. Ýatdan çykarma, eger şolara bir zat bolaýsa... — Serdar haýbat bilen pysyrdady. — Onda men seni öz çüňküm bilenjik üterin!
Agsaklaryň höwürtgesi obanyň garagörnüm
çetindäki harabanyň jaýrygynda ýerleşýän eken. Delje bu harabanyň her bir kesegine, deşigine-jaýrygyna bäş barmagy ýaly beletdi. Öň özi ýaly işýakmaz oglanjyklaryň bir topary bilen höwürtge bozmaga telim sapar gelipdi.Delje köne höwürtgä, onuň içinde akjaryp ýatan ýumurtgalara seňrigini ýygryp seretdi. Aýajygy bilen olaryň birini çalarak depibem goýberdi. Birdenem, serdaryň haýbatly sözleri ýadyna düşüp, töweregine ýaltaklady. Uludan demini alyp, emaý bilen ýumurtgalaryň üstüne çökdi. Bir salymdan soň, beýdip oturmaga-da karary ýetmän, böküp daşary çykdy, Gum-kesege öwrülip barýan harabany täzeden, serçe nazary bilen synlady. Höwürtgeden ýere çenli aralygy gözi bilen ölçäp gördi.— Äý, nadanlar diýsänim! Ýerden ýigrimi bäş gulaç ýokarda diýip öwýän höwürtgäňizem şumy? — diýip, hälki özüni getirip giden serçeleriň yzyndan käýinjiredi. — Munyňyz ýerden iki gulajam ýog-a! Bir oglanjyk beýlekiniň egnine münse, bujagaz höwürtgäni kellesine geýibem giderler... Aý, geýse-geýip geçsinler, tozdursa-tozdursynlar, maňa näme! Uçar-da giderin.Şol wagt serdaryň «Öz çüňküm bilenjik üterin!»iýen sözleri gaýtadan gulagyna gelen ýaly boldy, göýä serdaryň polat çüňki depesinden inip gelýän ýaly, boýnuny içine ýygryp, kellejigini eginleriniň arasynda gizledi. «Üter, hökman üter! Perimi tozdurar, gözümi akdyrar!» diýip, galagop halda oýlandy. «Ýeri, onda nätmeli? Ýokarrakdan başga höwürtge gurmalymy? Aý, täzesini gurýançaň, sütüniň süýner-le... Ýokarda boş duran höwürtge ýokmuka?»Delje pysyr-pysyr edip, o diwardan bu diwara, o jaýrykdan bu jaýryga gatnap başlady. Uzak wagtlap sermenenden soň, harabanyň belent ýerinde gurlan bir bolgusyzja höwürtgäniň üstünden bardy. Onsoň bir ýerden adamyň aýasy ýaly letde tapdy. Ýumurtgalaryň birini şol letdäniň üstüne togalap, letdäniň dört burçunam bir ýere jemledi-de, çüňküne gysdyryp, täze tapylan höwürtgä eltip geldi. Ýumurtgalary şeýdip ýeke-ýekeden daşady. Öler ýaly ýadady. Ajykdy. Ýöne nätsin, näme iýsin? Beýleki serçeler ýaly gurçuk-purçuk, mör-möjejik tutup garbanaýyn diýse, işdäsi alanok. Gaýtam, beýlekiler: «Şu gün pylança gurçugy bir özüm lak-luk atdym» diýip, öwnüşip ugrasalar, onuň aňyrsy bärsine gelýär.Bugdaý-jöwen bişerden bolsa entek ir.
Çörek owuntygynyňam çaşyp ýatan ýeri ýok. Bar ýerinden çöpläýjegem bolsaň, ullakan töwekgelçilik gerek. Başyňy etegiňe salyp gitmeli. Çörek owuntygynyň pytrap ýatan ýerinde dyrnaklary syh-syh pişikleriň, eli kemanly bezzatlaryň köwejekleşip ýörýändigini kim bilmeýär?!Önküler ýaly, «Gel, balam, naharyň sowady» diýere ejesi ýok. Oýnap ýörkäň ajygaňda, «Bar, öýden çörek getir! Üstüne-de mesge çalyp getir!» diýip iberer ýaly inisi ýok. Aldap, elinden kökesini alyp iýerin diýse, agzyny açyp ýören aňkaw Aman ýok. E-e-eý, o döwürler... o günler... Gadyry bilinmändir-dä ol günleriň!Deljäniň bir oňarýan zady uludan-uludan dem almak, şony berjaý edensoň, höwürtgä geçdi-de, ajöze, ýadaw halda uklamakçy boldy. Ýöne ýumurtganyň üstünde ýatmaga endik etmänsoň, aşagy ýumakly ýaly, eýläk-beýläk togalanyp, uzak gijäni ukusyz diýen ýaly geçirdi.

Dowamy bar....


98

7

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 09.01.2025 / 00:18

+0

Gutarmayamy naca cenli gitya


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (09.01.2025 / 00:21) 

BAYOGUL, 21 cenli gityar yen 15 sany bar


Premium
BAYOGUL [on] (09.01.2025 / 00:22) 

Aydymcy_Jemile, sen Sebap dala men Sebapden soradym senden soramok


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (09.01.2025 / 00:23) 

BAYOGUL, sebap bolmasamda aytdym


Betinden
Sebap  (09.01.2025 / 00:24) 

BAYOGUL, 21 çenli gitýä gutarsam boldy gowy zat tapdym goýjak şony


Premium
BAYOGUL [on] (09.01.2025 / 00:25) 

Aydymcy_Jemile, men sebapden sorap otyrna


Premium
BAYOGUL [on] (09.01.2025 / 00:26) 

Sebap, hmmm bolya


Betinden
Sebap  (09.01.2025 / 00:27) 

BAYOGUL, tapdynmy 3nji bölümi sen


Premium
BAYOGUL [on] (09.01.2025 / 00:28) 

Sebap, yoga


Betinden
Sebap  (09.01.2025 / 00:29) 

BAYOGUL, men ýazaýynmy mümkin bolsa doly bolmasada birazajyk bilýän nähilidigini kellämde galdy


Premium
BAYOGUL [on] (09.01.2025 / 00:29) 

Sebap, ay tapawudy yok yazasyn gelse yazay


Betinden
Sebap  (09.01.2025 / 00:30) 

BAYOGUL, bolýa ertir ýazaryn onda


Premium
BAYOGUL [on] (09.01.2025 / 00:32) 

Sebap, bolya

 Özümiziňki
 Aydymcy_Jemile [off]
  Allahym bir gun gowusudurar M❤😥
 09.01.2025 / 00:22

+0

Doly okady gaty gowy ekeni?


Betinden
Sebap  (09.01.2025 / 00:25) 

Aydymcy_Jemile, Sagbol gülüm


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (09.01.2025 / 00:26) 

Sebap, axa

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 09.01.2025 / 06:24

+1

Gowy


Betinden
Sebap  (09.01.2025 / 07:52) 

Gadayly, Sagbol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика