Ýürekdeş sözler!
Sypaýy söhbet.
Perman [off]
01.02.2024 / 21:01
Sen gitdiň, özümi özüme dözüp,
Jaň edip tapmadym öňki belgiňden.
Bergimi – ýüregmi bilmämsoň üzüp,
Halas dälsiň senem maňa bergiňden.
Sen barkaň, lezzetdi her alýan demim,
Sen barkaň, Hudaý bar, duýýardym bagty.
Sen nähili begenýänmi bilsediň,
Nätanyş belgiden jaň gelen wagty.
Töwekgel sözüm bar, ýüregim ýygra,
Ýöne ol iru-giç sypar agyzdan.
Ynanyp söýgüniň hakykatdygna,
Kim aman galypdyr sapalagyndan?!
Sen döndüň,
döndi meň ýüregim şeme,
(...Edähediň bilen bolşuma käýin)
Daşarda aýaz bar, sen bir üşeme,
Goý, mähirsiz üşesem men üşäýin.
Awtory - Seýitmyrat Geldiýew
111 |
11 |
1 |
4 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...