Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Kabir adamlar seyle bir suyji edip yalan gurleyaler, hatda olary dinlap cayy sekersiz hem icsen bolyar

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bagtyň mesgeni
 Özümiziňki
 Sebap [38s]
 Düýn, 20:51
 Lekum dinukum we liýe din

Aýlan bu dünýäniň dürli künjegin,
Görkez, görmedigni gara gözlere.
Asyl,
Gözelligi,
Yhlas etseňem,
Sygdyryp bilmersiň gözel sözlere.

Özge ýurtlaň
Dillerini öwrenseň,
Öz diliňde pikir ýöretseň mydam.
Howlukdyrsa,
Amallaryň haýryna,
Dünýä bilen deň aýlanýan bir mukam.

Ýat illerde
Watandaşyňa duşup,
Aýlardan, günlerden söhbet edilse.
Ýoluň nirde soňlanjagyn bilersiň,
Baky bagtyň gözlegine gidilse.
***

Bir bakyşda söýgi döremez asla

Bilseň,
Hak söýgiňe gowuşdygyňdyr,
Geçip ähli nätanyşlaň deňinden,
Ýyllarboýy tanap ýören adamyň,
Bir gün
Söýgiň bolup çyksa öňüňden.

Bir bakyşda
Söýgi döremez asla,
Aýtsa-da gözleriň halaýanyňy.
Çünki
Düşün,
Owal-ahyr dünýäde
Nätanyş adama aşyk bolunýar,
Söýüp bolýar diňe
Tanaýanyňy.
***

Nemli didelerňe ýagyş damdymy?!
Kalbyňda ýyldyrym çakypdyr öýdýän.
Ýürekdeş saýanyň derdiň aňdymy?!
Ah, olam janyňy ýakypdyr öýdýän.

Yşkyň hakydasy-soňlanmaz gussa,
Tutaryk ykbaldan öýkelemäge.
Ynsan käte ynsanlygyndan arsa,
Başlaýar göwnüni ýekelemäge.

Yhlas ynjar,
Umyt ynjar mydama
Sergezdan hyýala ser, baş bolmakdan.
…Eden hatasyny bilýän adama,
Agyr jeza ýokdur bagyşlanmakdan.

****

Ýanyp duran hyjuwy dek jahylyñ,
Hakykat ejizdir özün bukardan.
Kesdirip gylyja öz duran gynyn,
Büdretdiň göwnümi,
Bolup ýykarman.

Ýalbarsamam huzuryndan gaýtmadyň,
Ertirleri tüm görünýän şol günüň.
Sen meň syrym dostuma-da aýtmadyk,
Men seň ile berýän soňsuz gürrüňiň.

Ýoluňa ýagtylyk düşeýän güneş,
Kölegäň mazamlar del nazarlara.
Bolmanda käteler özüňe geňeş,
Ugruň Gündogarmy,
Günbatarlara?!

Mylaýym ýylgyryş, hoşamaý dide,
Owal-ahyr arzymany her kimiň.
…Aýt,
Kimsäniň syny gider sergide,
Tegmil degen peýzažyna bagtymyň.

…Ýan-ýodaň bezegi elwan nagyşly
Gülleri-de basga alyp gitdiň sen.
Mertdiň welin,
Şol gezeg-ä bagyşla,
Namardyňam etmejegin etdiň sen.

Awtory: Gurbansähet Gurbansähedow


36

11

2

6

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 Düýn, 23:12

+0

Ÿetirip dur


Özümiziňki
Sebap [38s] (Düýn, 23:18) 

@menin_dunyam, nesip bolsa

 Täzeje
 Arzyhan [off]
 Şugün, 08:32

+0

Gaty gowy goşgular💐


Özümiziňki
Sebap [38s] (Şugün, 13:43) 

Arzyhan, sagbol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söýgi-gudrat


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Söýgi-gudrat
Madi (Şugün, 22:25)

SÖÝGI YOKDUR DÜNÝEDE"


yzynam bahym goy okars yaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | SÖÝGI YOKDUR DÜNÝEDE"
AKG (Şugün, 18:54)

Enesini diňe Internet ulgamynda söýýänlere


Gaty dogry durmuşy kelle geýdiler birek-biregiň göwnüne degmegi geçýäs ejelerimiziňem göwnüne degýäler bu döwürde, soňam hiç zat bolmadyk ýaly ge...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Enesini diňe Internet ulgamynda söýýänlere
Sebap (Şugün, 17:39)

SÖÝGI YOKDUR DÜNÝEDE"


Dowamyna garaşýas...dowamy...
Erkin mowzuklar | SÖÝGI YOKDUR DÜNÝEDE"
Sebap (Şugün, 17:33)

Söýgi näme üçin gutarýar?


Gowy ýetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi näme üçin gutarýar?
Sebap (Şugün, 17:22)

Uzak yasa Mekan 💖


Uzak ýaşa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Mekan 💖
Sebap (Şugün, 17:20)

Ejeme


Ejeleriň gadry bilinsedi hemme öýde......dowamy...
Erkin mowzuklar | Ejeme
Arzyhan (Şugün, 16:02)

Uzak yasa Mekan 💖


18 yashanda gullukda bolÿa bu patsan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Mekan 💖
Maksat (Şugün, 16:02)

Söýgi näme üçin gutarýar?


Söýgi diýip başlasalar jynym atlanýada...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi näme üçin gutarýar?
Dunyodagi (Şugün, 15:34)

Enesini diňe Internet ulgamynda söýýänlere


Şu internet äleminde hemmeler şeýle bir akylly görünmek isleýäler welin, bar ukyby bärik sarp edip, real durmuşda mahluga öwrülip barýalar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Enesini diňe Internet ulgamynda söýýänlere
Soho (Şugün, 14:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика