Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Unuttun mu beni? Her şeyimi Sildin mi bütün İzlerimi

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Akja garly ýalanlar
 Gytyndan
 Sebap [off]
 31.01.2025 / 16:48
 Lekum dinukum we liýe din

Bu ýyl gyşyň başyndan howa sowady. Ýere duýdansyz gar düşdi. Ak dona bürenen obany tanar ýaly bolmady. Ýöne tebigatyň gazabyna tutmagy oba adamlaryny darykdyryp durmady. Meýdan işleri böwşeňläpdi. Adamlar kileň oba içindediler. Ýyly jaýlarda arly ýylky çekilen zähmetiň höziri görülýärdi. Hemme ýerde bolçulyk hem ine-ganalyk höküm sürýärdi.
Ertirlik naharyny edinip bolan Döwran, gyssanmaç geýinmäge durdy. Näzik alada bilen ogluna ýüzlendi.
—Oglum, bu gün dynç güni ahyryn? Okuw bolmasa, sowukda nirä gitjek bolýaň?
—Eje, meýdana çykyp göresim gelýä. Tämiz gar ýagan meýdan enaýy bolup durandyr.
—Uzaga gitmän, çalt dolangyn, balam. Süňňüňden sowuk geçäýmesin.
—Bolýa, eje! Döwran daş çykanda oba mazaly ören ekeni. Töwerekde jemende köp görünýärdi. Hemmeleriň ýüzünde şatlyk möwç urýardy. Goňşy-golamlar biri-birlerine şelaýyn habar gatyşyp, jaýlarynyň töweregini gardan arassalaýardylar.
Döwran özüne ýoldaş agtarman, obanyň ilersindäki baýyrlyga tarap tutduryp başlady. Onuň niýeti ýekelikde tebigatyň gözelligine syn etmekdi. Näme üçindir, ýigdekçe soňky döwürde ýekelige ýykgyn edýärdi. Öz içki dünýäsi bilen mübtela bolanyny kem görenokdy.
Mekdebiň ýokary synpynda okaýan Döwranda garaşylmadyk özgerişlikler bolup geçdi. Onuň kalbyna nähilidir bir adatdan daşary işjeňlik aralaşdy. Bikarar göwün hyjuw bilen dolup-daşýardy. Döwran indi bir pursatlyk hem wagtyny bihuda geçirmezlige çalyşýardy. Okuwa jany-teni bilen ýapyşýan ýetginjek, geçilýän sapaklary ilik-düwme özleşdirýärdi.
Durmuşyndaky bolup geçen bu özgerişlige Döwranyň özem akyl ýetirip bilenokdy. Göwnüne bolmasa, birden ukyby artan ýaly bolupdy. Indi oňa iň çylşyrymly dersleri özleşdirmek hem ýeňillik bilen başardýardy.
Emma, Döwranyň okuwdaky gazanýan üstünlikleri hemme kişä ýarap barmady. Ilki bilen, Azadyň ýüzi könelip başlady. Azat bilen Döwran ýegre dostdular. Olar çagalykdan bile oýnap ulalypdylar. Azat sagdyn bedenli bolansoň, Döwrandan ekabyr görünýärdi. Häsiýetem gedem bolup, iki ýigdekçäniň arasyndaky dostluk diňe, Döwranyň ýumşak gylygy sebäpli saklanýardy. Döwranyň sen-men ýok, ezberläp gidibermegi Azadyň petine gar ýagan ýaly etdi. Başga biriniň öňe düşmegi onuň üçin geçirimsiz ýagdaýdy. Azatda bäsdeşlik etmäge ukyp ýokdy, ol diňe bökdäp bilýärdi. Diş-dyrnak bolup, ökdäniň synyndan aslyşmaga gaýymdy. Azat Döwran üçin, ýegre dostlukdan barlyşyksyz garşydaşa öwrülip, ol özüniň kitüwli meýlini ýaşyrjagam bolmady. Synpyň beýleki oglanlaryna-da meçew berýärdi. Geň halda onuňky ugruna-da bolýardy. Azada nähilidir bir ýol bilen, synpdaş oglanlaryna täsir etmeklik başardýardy. Indi olaryň hemmesi diýen ýaly, Döwrana gyýa göz bilen bakýardylar. Hatda gyzlaryň hem gatnaşygy üýtgäp, olaryň terzindäki peýda bolan sowuklyk mesaňa-mälimdi.
Döwranyň gögele kalby jan ýalyjak synpdaşlarynyň hyltly nazaryna bäs gelip bilenokdy. Bimähremlik bilen oklanýan her bir towly söz, ýüregine çümüp durdy. Essiňi aýyp barýan sowuk susluk, öçli garaýan güjükli nazarlar, otdan alyp suwa atýardy. Sada ýigdekçe özünde näme günäň barlygyna düşünenokdy. Asylam aýlawly pikirlerden daşda bolan Döwran çaga ýaly garawsyzdy. Onuň kir-kimirsiz tebigaty diňe ýagşy niýetlere ýugrulandy. Onsoň otly halka bolup, başyndan ilen bu dartgynly ýagdaý Döwrana diýseň ýokuş degýärdi. Janyna jaý tapman, çolalygy küýsäp meýdana çykmagyna-da, belki, şu galagoplugyň özi sebäp bolan bolmagy mümkin.
Dagy etekläp oturan obadan ilerligine ýöredigiňçe belende galýardyň. Ýowşanly düzlük kem-kemden alaňlyga öwrülýärdi. Baýyrlaryň dowamy bolan bu ak alaňlaryň arasy hemişe seleňdi. Dag tarapdan öwüsýän aramja şemal göwüntaryňa kakyp durdy. Hol, aşakda ýazylyp ýatan oba gözüňe allaowarrada ýaly bolup görünýärdi. Döwran bu çolalyga gelende, her gezek geň duýgyny başdan geçirýärdi. Göýä, göwrümi giňäp, bedenine güýç gelip gowşan ýaly bolýardy. Häzirem, gar basan alaňlaryň arasynda güýjüniň baryndan ylgaşlap ýördi. Aýazlyja howa garamazdan, mazaly derlän ýigit kalbyndaky ýakymsyz duýgulardan halas boljak bolýan ýalydy.
Ertesi Döwran mekdebe barýarka, ýene Azatlara sowuldy. Emma Azat eýýäm giden ekeni. Oňaýsyz ýagdaýa düşen Döwrana Azadyň oglan jigisiniň hetjikläp aýdan sözleri hasam agyr degdi.
—Azat okuwa häli gitdi. Ol indi saňa garaşanok.
Okuw otaglarynyň gapysyndan giren Döwranyň endamy jümşüldäp başlady. Ol özüne kynlyk bilen erk edip, zordan ornuna geçip oturdy. Synpdaşlarynyň hiç biri hem onuň gelenine ähmiýet bermedi. Bu göz-görtele äsgermezçilige Döwran hiç öwrenişip bilenokdy. Tolgunmadan ýaňa, ýigdekçäniň ýüzi agyp-dönýärdi.
Ýamany ikinji sapagyň başlanýanlygyny duýdurýan jaň kakylandan soň boldy. Arakesmede daş çykyp gelen Döwran ornuna geçip oturan badyna, okuw esbaplarynyň ýerinde ýoklugyny gördi. Bu garaşylmadyk ýagdaýa ör-gökden gelen ýigdekçe, birbada näderini bilmedi. Munuň bilgeşleýin şeýdilenligi bes-bellidi. Döwran sussubasyk halda ýüzüni aşak salyp oturmakdan başga alaç tapmady. Emma sapak heniz başlanmanka, Döwranyň ýiten okuw esbaplaryny eline alyp, ýanaşyk synpda okaýan Bahar geläýdi. Ol gele-gelmäne, okuw esbaplary Döwranyň öňünde patladyp goýdy.
—Zatlaryňa eýelik etseň bolmaýamy, oglan?! Bulaň biziň okuw otagymyzda çaşyp ýatyr. Ozalam sussubasyk halda başyny göterip bilmän oturan Döwran, hasam aljyrady. Ol zöwwe ýerinden galyp, alaçsyz ýagdaýda gazarylyp duruberdi. Okuw otagyndakylar bu «hezillige» gyzyl-gyran gülüşdiler.
—Bahar, zatlaryny getirip berip, sen gury azap edipsiň. Ol okuw esbapsyz hem okap bilýär ahyryn.—Onuň zehininiň daş ýarýanlygyndan Baharyň habary ýokdur. Bahar Döwranyň synpdaşlaryndan beýle şady-horramlyga garaşmandy. Ol geňirgenmek bilen gözlerini tegeläp, birsalym oýlanyp durdy. Soň utanjyndan ýere giräýjek bolýan Döwrana täzeden nazar aýlap, sessiz-üýnsüz çykyp gitdi.
Ýanaşyk synpda okaýan Bahar görmeklidi hem tüýs, dogumyň öýi diýilýänlerdendi. Ýörände saldamly hereket bilen batly gadam urýan gyzdan, näme üçindir, ýigitleriň sussy basylýardy. Oňa habar gatmaga hiç kim milt edenokdy. Bahar bilen şu wagta çenli Döwranyň hiç hili gatnaşygy ýokdy. Beýle elýetmez gyz hakda ýigit hatda oýlanybam görmändi. Okuw esbaply bolup geçen oňaýsyz wakadan soň, Döwran bu gyzdan utanýardy. Ondan başardygyça gaçgalaklap gezýärdi.
Bir gezek olar däliziň ugrunda pete-pet gabat geldiler. Bu gezek gaçgalaklamaga maý bolmady. Ýigit bialaç halda ýüzüni aşak salyp duruberdi. Ol gyzdan gyjytly sözlere garaşdy, emma onuň çaklaýşy ýaly bolmady. Gyz oslagsyz ýerden duýgudaşlyk bilen habar gatdy.
—Döwran, saňa görübilmezçilik edýälermi?
Bu mylaýym sözlere Döwranyň ýüzi ýagtylyp gitdi, emma ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Gyz ýygra ýigitden wagty bilen jogap almajagyna gözi ýetensoň, her sözüne agram berip sözledi.
—Döwran, bilip goý, okuw esbaplaryňy dostuň Azat getirip gitdi. Şondan soň, Bahar Döwranyň gözüne üýtgeşik görnüp başlady. Her gezek gyza gözi düşende, howandaryny gören ýaly dünýesi giňäp gidýärdi. Baharyň hem Döwrana bolan gatnaşygy mesaňa-mälim üýtgedi. Ol indi açyk ýüz bilen salamlaşýardy. Gadyrly hal-ahwal soraşýardy. Özem näme üçindir, Döwranyň okuw otagyna ýygy-ýygy gelip başlady. Her gezek gelende-de, sus oturan Döwrana tarap assyryn nazaryny aýlap, haýpygelijilik bilen başyny ýaýkaýardy.
Bir gün hemmeleri haýran galdyran waka bolup geçdi. Sapak heniz başlanaýmanka, okuw otagyna duýdansyz Bahar gelip girdi. Ynamly gadam urýan dogumly gyz, özüne dikilen nazarlardan birjik-de gypynç etmän, Döwranyň ýanyna geldi. Ol elindäki kitaby ýigidiň öňünde goýdy-da, mylaýymlyk bilen ýüzlendi.
—Döwran, şu kitaby okap görsene, örän gowy goşgular bar ekeni.Bu garaşylmadyk ýagdaýa äm-säm bolan Döwran, birbada näme diýjegini bilmedi. Ýygra ýigit minnetdarlyk bildirmäge ýetişmänkä, gyz eglenmän, çalt çykyp gitdi. Sähel salymyň içinde bolup geçen bu oslagsyz waka, Döwranyň synpdaşlaryna üýtgeşik täsir etdi. Olar indi geňirgenmek bilen Döwrana seredişýärdiler.
Şol gün okuwdan soň, Azat Döwran bilen bile gaýtdy. Bu ýagdaý Döwran üçin örän geňdi. Azat näme sebäpdendir, sesini çykarman gitdi. Diňe öýleriniň deňine ýetensoň, kalbyndaky ynjalyk bermeýän soragy berdi.
—Döwran, Bahar bilen araňyzda näme bar?
—Hiç zadam ýok.
—Onda seni idemesi näme?
—Şoňa özümem düşünemok.
Dogrudanam, Döwran Baharyň bolşuna düşünenokdy. Öňki tekepbir gyzy, indi tanar ýaly däldi. Onuň Döwrana gözi düşdügi, ýüzünde mylakat peýda bolýardy. Arakesme wagtlary bir bahanajyk bilen ýigidiň ýanyna gelip, köpçüligiň içinde onuň bilen ýakyn durup söhbet edýärdi. Gyzyň yşnakly ýüzünde Döwran hakda alada duýulýardy. Ol bir gezek oslanmadyk ýerden ýigide göwünlik beriji sözler aýtdy.
—Döwran, başga hiç zada üns berme-de, diňe okuwyň bilen bolubergin. Ahyrsoňy, Döwran Baharyň ýüregine düwen matlabyna azda-kände düşünmeklik başartdy. Gyz özüniň belent mertebesi bilen kyn ýagdaýa düşen sada ýigide, medet bermek islän ekeni. Ýeri, görsene, bu ýadyňa-oýuňa düşmejek merhemetliligi! Hakykatdan-da, Baharyň göwnüniň isleýşi ýaly hem boldy. Döwranyň göýä, elinden çekilene döndi. Bahar ýaly elýetmez sahypjemal tarapyndan hormatlanmak, onuň üçin uly abraý boldy. Synpdaşlary indi Döwrana başgaça garap, öňki basdaşlyklaryndan nam-nyşan galmandy. Göýä, öz hatalaryna düşünip, indem günälerini ýuwmarlamak isleýän ýaly hemmesi garagadyrdy.
Göräýmäge, hemme zat gülala-güllük bolan ýalydy. Emma Döwranyň kalbyna täzeden galagopluk aralaşdy. Baharyň eden ýakymly gatnaşygy Döwranyň ýüregini gobsundyrypdy. Gyzyň mylakatly sözleri kalpda öçmejek yz goýupdy. Ýigit indi bikarardy. Ol birsyhly Bahar hakda oýlanýardy. Gyzyň şuglazar keşbi, bir pursatlyk hem göz öňünden aýrylanokdy. Döwran çykgynsyz ýagdaýa düşenligine göz ýetirdi. Sebäbi beýle elýetmez näzenine mynasyp bolardan özüni egsik saýýardy. Onuň pikiriçe, mekdepde başga has mynasyp, naýbaşy ýigitler gyt däldi.
Janyna jaý tapmaýan Döwran, ýene şol alaňlaryň arasyna çykdy. Obadan ýoňsuz uzaklykda bolansoň, töwerekde janly-jemende görnenokdy. Bolluk bilen düşen gar eýýäm eräp ýetişipdir. Diňe guzaý ýerlerde saklanyp galan bölejik garlar, gunduz ýaly agaryp görünýärdi.
Bu ýerlerde geň asudalyk höküm sürýärdi. Göýä, daş-töwerek syrly dymýan ýalydy. Geçmişde, bu jelegaýlarda ýaşaýyş gaýnap-joşupdyr. Şäherler döräp, ekinzarlyk giden düzlügi tutupdyr. Uzak ülkelerden gelýän hatar-hatar kerwenler goş ýazdyryp geçipdir. Hanha, taryhda ady belli senetçileriň şäheri Altyndepe, ýoňsuz meýdany tutup ýatyr. Küýze döwüklerinden ýaňa, onuň gerişleri gyzaryp görünýär. Aňyrda Garrygalanyň kert gaýalary asmana direnişip dur. Sol egniňe baksaň, Mäne babanyň syrçaly kümmedi howalanyp otyr. Bu ýerler keramatly ýerler. Gadym eýýamlarda ýaşap geçen ata-babalaryň ruhlarynyň siňen ýerleri.
Döwran birden geçmişiň sedasyny syzan ýaly boldy. Kalbynda ýaňlanan owaz ýüreginiň urgusy bilen goşulyşyp gitdi. Oslagsyz ýerden peýda bolan buýsanç duýgusy ýigidi ganatlandyran ýaly etdi. Ol özüniň şu ajaýyp ülkede kemala gelenligine, şonuň üçin hem, hiç bir babatda ýöwsellik etmäge hakynyň ýoklugyna aýdyň göz ýetirdi. Kalbyna aralaşan täsin ukyp bolsa, taryhyň gatlarynda öçmejek yz goýan pederleriň paýhasynyň dowamy bolmalydy.
Döwran şol gije hemişekilerinden has köp okady. Özem näme üçindir, taryh kitabyna ürç etdi. Ertesi mekdebe ugran Döwranyň gadam urşy üýtgeşikdi. Edýän işinden göwni hoş ýigidiň özüne ynamy artan ýalydy.
Mekdebe golaýlan Döwranyň birden ady tutulan ýaly boldy. Töweregine garanjaklan ýigidiň Bahara gözi düşdi. Bahar egni uzyn paltoly, aýagy naşyja ädikli, gyssanmaç ýöräp gelýärdi.
—Birden gözüme kaklyşaýdyň. Gyz uludan dem alyp, şadyýan ýylgyrdy. Döwranyň hem bu oslagsyz duşuşyga ýüzi nurlanyp gitdi.
—Bahar, goşguly kitabyňyz üçin sag boluň. Hezil edip okadym. Tüýs ýüregimden turdy. Baharyň gözleri uçganaklap gitdi.
—Dogrudanam, gowy gördüňmi?! Men o goşgulary hezil edip okaýan, okadygymça-da okasym gelýä.
—Beýle bolsa, indi bir saklap ýörmäýin.
Döwran okuw esbaplarynyň arasyndan kitaby çykaryp, Bahara uzatdy. Emma gyz kitaby almady.
—Döwran, isleseň kitap özüňde durubersin. Men barybir o goşgulary ýatdan bilýän.
—Sag bol, Bahar, menem goşgulary hökman ýat tutaryn.
Gyzyň Aý dek husnuna ogrynça nazar salan ýigit, müýnli dillendi.
—Bahar, eden kömegiň üçin, sag bol! Gyz geňirgenmek bilen gözlerini tegeledi.
—Men näme kömek edipmişim?
—Kalbymdakynyň hemmesini düşündirip bilemok. Ýöne, Bahar, sen durmuşymda uly özgerişlik döretdiň. Maňa özümi hormatlamagy öwretdiň. Indi saňa gözüm düşse, ruhum galkynan ýaly bolýar.
Bahar syrly ýylgyrdy.
—Indi bir müzzerýändälsiň-dä, hernä?! Ýigit gyzyň degişme bilen aýdan sözlerini göwnüne almady. —Ýok, Bahar, sen şeýdip arkamy tutsaň, hiç wagt müzzermen.
—Haçan dogumlanjak?! Haçana çenli seni çaga ýaly, goldap ýörmeli?!
—Men dogumlanamda-da, barybir, goldawyňa mätäçbolarmykam diýýän, Bahar, ömürboýy mätäç bolaryn! Ýigit birden öte geçenligini aňdy. Duýdansyz agzyndan çykan sözlere puşman etdi. Emma indi giçdi. Döwran müýn bilen başyny aşak saldy. Ýigitden beýle aýgytly sözlere garaşmadyk gyz, birbada, näme jogap berjegini bilmedi. Ýöne tiz çynlakaý görnüşe geçip, kesgin gürledi.
—Döwran, dogrusyny aýtsam, ilki saňa nebsim agyrdy. Soň näme üçindir, ýüregimde geň duýgy peýda boldy. Maňa seniň hemme zatdan ileri sadalygyň ýaraýar. Galanynam ykbal görkezer. Bahar şeýdiýip, çalt-çalt ýöräp gitdi. Onuň yzyndan mähir bilen garap galan Döwran, elindäki kitaby bagryna basanyny duýman galdy.

Awtory:Täçmyrat Repbimow


80

12

2

3

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 01.02.2025 / 00:10

+0

Men bulary 1 yyla okap bolorn

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 02.02.2025 / 00:57

+0


Gytyndan
Sebap  (03.02.2025 / 12:13) 

BAYOGUL, Sagbol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Perişde


Şirnazar agamyz başga urowenda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Perişde
Daniel (Şugün, 00:10)

ÝER BERIŇ SOPULAŇ MEÝHANASYNDAN...


Awtor hakynda aýdaýsaň Fantom Köp häzirki awtorlary tanamok...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ÝER BERIŇ SOPULAŇ MEÝHANASYNDAN...
Daniel (Şugün, 00:09)

Perişde


Baýbou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Perişde
Daniel (Şugün, 00:07)

Hemme agzalara degisli


Indiki masgarachylyk...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
OLiNKa (Düýn, 23:49)

Hemme agzalara degisli


Duyn gelip barik hojayyn boljak bolma başarmayañ! Biri sowuşse nm bolya dp soralya diyan, ynanay sen gyrlyşyp yatsanam gram bildirenok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
Yekejee (Düýn, 23:00)

Hemme agzalara degisli


Geleniň duyn wn naman gurrunini etyan İlki ozini onarmaly onson at dak eylekilere ozin hamana soyuşmeyan yaly, manyly mowzuklar acyan yaly. Boş m...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
Yekejee (Düýn, 22:59)

Hemme agzalara degisli


Seň özüň onda näme üçin şahsyda edilmeli gürrüňleriňi pikirlerde edýäň? Merdan Geldiýewmi, nämemi, şoň bilen gürrüňleriňi? Bolmajyn bolýaňyz-a ik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
Pegas (Düýn, 22:47)

Hemme agzalara degisli


Intek name goryan sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
Bezzat (Düýn, 21:49)

Hemme agzalara degisli


Bah gaty kan wagt bolupdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
Bezzat (Düýn, 21:49)

Uefa 2/1 final oýny Prognozny


Arsenal 2: 3 psj barselona 2:3 inter...dowamy...
Sport älemi | Uefa 2/1 final oýny Prognozny
Bylk (Düýn, 20:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика