Ýürekdeş sözler!
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
King-official [off]
02.02.2024 / 19:18
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri,
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
Mizemez binalaryň peýman-ygtymary,
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
Uly-kiçi her işde kaýyldyr ol gutlugyna,
Külli türkmen halky üçin janly tilligine,
Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
Müň ýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty,
Kömegine-mätäçlere Taňrynyň hemaýaty,
Ähli mekan zamanlaryň çyn-hakyky raýaty,
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna,
Mün tagap bilen barýarys ýanyna,
Barymyzy şärik etýär ägirt şöhrät şanyna,
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna toýuna,
Tagzym etýäs her ýalkymly küýüne,
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün özboýyna,
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkyň hem adamzadyň sadyk-sytdyk guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr,
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
130 |
15 |
5 |
7 |
0 |
0 |
5 |
Teswirler:
King-official [off]
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
03.02.2024 / 23:28
+0
likeni 10a yetirelin!!
xuliganka [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
07.02.2024 / 10:10
+1
Shuny menem paylashypdm oytyan
Crazy-boy (07.02.2024 / 10:11)
King-official, bilemoga
афганка (07.02.2024 / 10:12) King-official, hcle
King-official [off]
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
09.02.2024 / 04:34
+0
:gy:
King-official [off]
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
09.02.2024 / 04:34
+0
likeeee:disko:
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...