Ýürekdeş sözler!
Aýlanyş...
Perman [off]
02.02.2024 / 21:32
Oglanlykda garyşdyrdym bar zady,
Ýaşadym ýok zatlaň hasratyn süýräp.
Görünjek bolardym juda akylly,
kese durup, elim eňegme diräp.
Hemme zat aklyma sygar durardy,
Ellermi galgadyp, diýdim“Düşün, sen!“
Söýgi mätäç däldir filosofiýa,
Söýmek başartmaýar söýgä düşünseň!
Gülli köýnegiňden jennet bark urup,
Külli köýmegimi sowdy beladan.
Nara agyz urup, ýanan aşygyň,
Gözelleşdi, indi ol has del adam.
Takdyr takadymy sakgyç edindi,
Gül ysly düýşdenem bezgek bolupdym.
Hem-de öz-özüme minnetdar bolup,
Gyz ysly gijede günä ýolukdym.
Ýazgarmadym, ýazygyňy ötdüm men,
Aşyga dert bermek saňa sogapdyr.
Bireýýämki otlap giden gursagyň
Öten günleň bedeni deý sowapdyr.
Magşar güni seni hökman taparyn,
Ýöne oňa çenli aýralyk gerek.
Şonda öten günler nyzamdan çykyp,
Bize zyýarata aýlanyp geler.
Awtor:Seýitmyrat Geldiýew
132 |
19 |
4 |
6 |
0 |
0 |
2 |
Teswirler:
TäzejeAbdylla279 [off]
02.02.2024 / 23:29
+1
Gaty tasirli goşgy
TäzejeAbdylla73 [off]
03.02.2024 / 12:45
+0
Umuman, şahyr Seÿitmyrat Geldiÿew gaty täsirli yazyar goşgylaryny
Arzuw [off]
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
03.02.2024 / 16:17
+0
halaşýan gyzy başga barypdyr öýdýän
Adminka [off]
Жизнь шутит а мне не смешно
16.03.2024 / 11:44
+0
Magşar güni seni hökman taparyn,
Ýöne oňa çenli aýralyk gerek.
Şonda öten günler nyzamdan çykyp,
Bize zyýarata aýlanyp geler.
:dovolen:
Soňky teswirler
iş gerek ýatymlaýyn
demir ishlap bilsen aylyk bereyin 5mun basda son ishleysine gora galdyraryn ertir jan ederin...dowamy...
iş gerek ýatymlaýyn
Bärden tapsaň nä bileýindä. ýörüte iş gözlenýän plotformalara ýazmaly ekeniňdä... Änöwde şeýle ýörüte iş tapyp berýänler barmyş, ana şolar ýaly...dowamy...
iş gerek ýatymlaýyn
Plan yerden, aylyk pesinden bir plançarak, şular ýaly garawul, smenli, ya beýleräk, ýatylýan ýeri içinde bolsa kem däl, birden bilýän tanaýan, eş...dowamy...
Durmuş Sapaklary
Mena bashda maglumatdyr oydup pikir etdim asyl goshgy eken, ay boljak kopurak yazypbersena kapyyada girjek eken...dowamy...
JAŇ EDIŇ!
Prostq gyzyklanma: Ejeesi yanynda bolsa onam gunde azyndan 7-8 gezek hosh soz aydyp opyan bolsa bashyna tac edyqn bolsa onq tqgzym edyan bolsa. B...dowamy...
Ýatkeşligi ösdürüň!
Gowy cykalga aslynda shu meselede menem kop ejir cekyan belki bizede peyda eder hokman barlap gorerin...dowamy...
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
Gowy synanyzhyk bolupdyr. Google translate yaly cem popular dalde dogry terjime etmegini arzuw edyan...dowamy...
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
Ylhamda umuman pikir uzlem-saplamlygy orboyuna galyar dip pikir edyan. Aytmaklaryna gora, sonky dowur hasam samahyllapdyr. Tiktok şahyry bolupmyş...dowamy...